22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Fransuz Žurnaly Türkmenistandaky Gazuw-Agtaryş Işlerine Bagyşlap Makala Çap Etdi

Arheolog we bioantropolog, türkmen-fransuz arheologik ekspedisiýasynyň (МАFTUR) direktory doktor Hulio Bendezu-Sarmýentonyň Fransiýanyň iň meşhur populýar ylmy-barlag žurnallarynyň biri bolan «La Recherche» («Gözleg») žurnalynyň aprel aýyndaky sanynda çap edilen makalasy «Oks siwilizasiýasynyň syrly ýitirim bolmagy» diýlip atlandyrylýar.

www.larecherche.fr web-saýtyny hasap etmäniňde 30 müň nusgalykda çap edilýän bu žurnal 2004-nji ýylda fransuz dilinde ýazylan düýpli ýa-da tejribe ähmiýetli ylmy işleri sylaglamak üçin öz Le Prix La Recherche baýragyny döretdi. Şeýlelik bilen žurnal barlag toparlaryny höweslendirýär we olaryň işleriniň netijelerini giň jemgyýetçilige ýaýýar. Barlaglaryň ähli ugurlaryny öz içine almak maksady bilen baýrak her ýyl arheologiýa, astrofizika, biologiýa, himiýa, ekologiýa, matematika, saglygy goraýyş, newrologiýa, fizika, maglumatlar ylymlary we tehnologiýalar ugrundan gowşurylýar.

Birnäçe ýyl mundan ozal Hulio Bendezu-Sarmýentonyň ýolbaşçylyk edýän topary Türkmenistanda bürünç we irki demir eýýamynyň äpet arheologik ýadygärligi bolan Goňurdepede işleri dowam etmek üçin Le Prix La Recherche baýragyny alypdy.

Wagtynda Türkmenistanyň arheologiýasynyň ilkinjisi Aleksandr Maruşşenkonyň açan Köpetdagyň etegindäki äpet baýry geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynda onuň kiçi kärdeşi, tanymal arheolog Wiktor Sarianidi öwrenipdi. Şondan ençeme ýyl geçen soň onuň maslahaty bilen professor Oliwýe Lekontyň döreden türkmen-fransuz ekspedisiýasy Ulugdepede yzygiderli gazuw-agtaryş işlerine girişdi. Indi bolsa onuň şägirdi we işini dowam ediji Hulio Bendezu-Sarmýento öz kiçeňräk makalasyny şol bir wagtda Amyderýanyň töwereginde Owganystanyň demirgazygynda we Özbegistanyň günortasynda, şeýle hem Günorta Türkmenistanda Murgabyň gadymy ugrunyň aşaky akymlarynda dörän hem-de ösen şol gadymy medeniýetiň iň çylşyrymly hem-de dartgynly meselelerine bagyşlapdyr. Olaryň bary birlikde alymlara öte gyzykly arheologik materialyň üstüni açdy.

Starbonyň hem-de beýleki antik geografiýaçylaryň şeýle at beren bu iki gadymy taryhy ýerleri Baktriýa we Margiana ady bilen bellidir. Wikror Sarianidiniň Owganystanda we Türkmenistanda başlan gazuw-agtaryş işlerinden soň bu ýerlerde antik eýýamdan öň hem özara baglanşykly urbanizirlenen oazisleriň bolandygy ýüze çykaryldy.

Fransuz alymlary olara Amyderýanyň antik ady boýunça Oks siwilizasiýasy — (Oxus civilization) diýýärler. Ýöne professor Sarianidi olara: Baktriýa-Margiana arheologiýa toplumy (BMAT) diýip gysgadan has takyk kesgitleme beripdi. Dogrudanam, geografik taýdan hiç hili baglanşygy bolmadyk Murgap jülgesini Amyderýa birleşdirmegiň özi geň ýagdaýdyr. Goňurdepe, iň uly, belki, bu gadymy ýurduň paýtagt şäheri bolandyr, onuň bilen bürünç eýýamynyň jülgeleriniň arasynda 500 kilometre uzap ýatan çöl ýatyr ahyry. Şu degerli päsgelçiliklere garamazdan, ol ahli babatda bütewi medeniýetiň iki bölegi bolup, olaryň arasynda ýola goýlan kerwen ýolunyň bolandygy gürrüňsizdir. BMAT adalgasy eýýäm ylmy jemgyýete ornaşan bolsa-da, ol Fransiýada ýörgünli däldir.

«La Recherche» žurnalynda çap edilen makalanyň awtory fransuz alymlarynyň näme üçin Merkezi Aziýada 3500 ýyl mundan ozal Oks siwilizasiýasy ýitdikä we alty ýüz ýyllyk ösüşden soň onuň halky nirä sumat bolduka diýen sowla jogap gözleýändikleri barada gürrüň berýär. Alym: «Golaýda geçirilen gazuw-agtaryş işleri we täze seljermeler bu duýdansyz tamamlanan ýagdaýa jogar tapmaga kömek eder» – diýip çak edýär. Onuň pikirine görä, umumy «çökgünlik» ideýasynyň ujypsyz ugurlary barada gürrüň edilse-de, onda bu duýdansyz peselme (kollaps) düşünjesiniň häzirki zaman jemgyýetimizde hem ulanylýandygyn aýtmak gerek, soňky döwürde amerikaly fiziolog we biogeograf, ýörgünli intellektual eserleriň birnäçesiniň awtory, käte ylmy edebiýatyň Den Brauny diýilýän Jared Daýmondyň döredijiligi arkaly soňky döwürde meşhur bolan «kollapsologiýa» akymy gülläp ösýär.

«Jemgyýetleriň dargamagyna degişli sowallar bu medeniýetiň üýtgemegine we ýitip gitmegine sebäp bolan ýagdaýlara täzeçe garamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda has gadymy Gündogar dünýäsinde iň wajyp siwilizasiýalaryň biri hasaplanylýan Oks siwilizasiýasy bary-ýogy ýetmiş ýyl bäri tanalýar. Sowet arheologlary 1950-nji ýyllarda ilkinji açyşlary etdiler. Mesopotamiýa çeşmelerinde Eýran daglaryndan gündogarda şeýle siwilizasiýanyň bolandygy agzalýar, ýöne biz onuň tutan meýdanynyň çäkleri, onuň döreýiş we ösüş aýratynlykalry barada hiç zat bilmeýärdik. Arheologik gazuw-agtaryş işlerinde ilkibada şäherler, jaýlar, ýadygärlikler, belli bir maddy medeniýet we üýtgeşik binalar ýüze çykaryldy, häzirki wagtda olaryň käbirini düşündirip bilmeýäris. Arheologlar bu yzlarynyň ählisini şol döwür goňşy Mesopotamiýanyň marginal şekili hasaplaýardylar» – diýip Bendezu-Sarmýento ýazýar.

1970-nji ýyllardan başlap Merkezi Aziýada BMAT ýadygärlikleri yzly-yzyna açylyp ugrady. Hut şol döwürde Wiktor Sarianidi şalar şäheri Goňurdepäni ýüze çykardy, ol, gürrüňsiz, şol syrly ýurduň paýtagty bolandyr. Sowet alymlarynyň soňra peýda bolan işlerinde bürünç eýýamynyň garaşsyz we özbaşdak siwilizasiýasynyň bolandy nygtalýardy. «Onuň gözbaşlarynyň jikme-jik seljermesi ylmy jemgyýetde häzir ara alnyp maslahatlaşylsa-da, näme diýlende-de, onuň ýerli däplere esaslandygyny mälimdir» – diýip nygtamak bilen, awtor baryp miladydan bäş müň ýyl ozal dörän we häzirkizaman türkmen şäheri Kakanyň gapdalynda, Ulugdepäniň goalýynda ýerleşen gadymy ekarançylyk taýpalarynyň adybir ýadygärliginiň ady bilen atlandyrylan Namazga medeniýetini göz öňünde tutýar.

Şeýle bolsa-da, awtor goňşy sebitleriň, şol sanda günortada Indiň, demirgazykda sähralar dünýäsiniň, günbatarda Mesopotamiýanyň we Eýran Elamitiniň täsiriniň bolandygyny belleýär. Baktriýanyň we Margiananyň ilaty olar bilen gymmatly daşlar we zatlar söwdasyny edipdir, şeýle hem ideýalary, belki-de olaryň ösüşinde möhüm ähmiýeti bolan dini ýörelgeleri alşypdyrlar. Olaryň ähmiýeti şeýle wajyp bolansoň, bu sizwilizasiýada heniz hat ýazuwyndan bihabar has meşhur goňşylaryndan tapawutlylykda çylşyrymly arhitekturaly binalary gurupdyrlar, ýokary tehnologiýaly maddy önümçiligi durmuşa geçiripdirler, netijede olaryň täsiri giňden ýaýrapdyr. Şeýleleik bilen, häzirki wagta çenli päsgelçilik saýylan daglardyr çöller şol döwürlerde has gatnawly ýollar bolupdyr. Ýöne olar «ýüpek» ýoly däl-de, belki-de «mineral-magdan» ýollary bolupdyr.

Emma bürünç eýýamynyň ahyrynda (miladydan 1700 ýyl töweregi ozal) BMAT-yň şäherleri we obalary çöküp ugraýar. Merkezi Aziýanyň tutuş günorta bölegi çylşyrymly migrasiýa ýagdaýlary netijesinde täze medeni gatnaşyklaryň zolagyna öwrülýär. Bendezu-Sarmýento: «Bir tarapdan, şol döwürde Merkezi Aziýanyň demirgazyk böleginden (esasan häzirki Gazagystandan we Günorta Sibirden), ýagny miladydan öňki ininji müňýyllykda ösen andron medeniýetiniň wekilleriniň populýasiýlarynyň galyndylarynyň ähmiýeti artýar. Muňa olaryň mesgenleri, guburlary, bezegleri, keramiaksy, bürünç zatlary şaýatlyk edýär. Ikinji tarapdan, Oks siwilizasiýasynyň öz içinde hem täze medeniýetler kemala gelýär. Olarda andron we oks siwilizasiýlarynyň dürli häsiýetleri jemlenipdir: Täjigistyanyň günorta-günbataryndaky wahş we bişkent medeniýetleri şu kysmydyr» – diýip belleýär.

Soňra awtor gadymy jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryndaky çöküşiň esasy sypatlaryny agzaýar we alymlaryň şol özgertmeleri düşündirjek bolup öňe süren dürli çaklamalaryna garaýar. Howanyň duýdansyz üýtgemegi bilen baglanşykly tebigy heläkçilik baradaky çaklama has köp duşýar: ençeme asyra çeken çygly howadan soň miladydan öňki 2000-1800-nji ýyllarda soň ksertermik döwür, ýagny uzaga çeken guraklyk netijesinde dag derýalarynyň, howdanlaryň suwunyň azalmagy we çölüň köne jülgelere aralaşmagy bilen uzaga çeken guraklyk başlanýar. Dogrusy, alymyň aýtmagyna görä, gowy tanalýan siwilizasiýa şeýle synaga-da bäs gelip bilerdi. Başga bir tarapdan, eger-de syýasy häkimiýet eýýäm gowşan bolsa, onuň pajygaly ýagdaýa getirmegi mümkin. Gurakçylyk onuň dargamagyna getirmese-de, elbetde, belli bir derejede oňa täsir edipdir».

Näme bolanlygynda-da, BMAT-yň durmuşynyň ahyrky tapgyry barada häzire çenli suwutly belli zat ýok. «Soňky kyrk ýylda gazuw-agtaryş işleriniň ençemesiniň geçirilendigine garamazdan, ummasyz maglumat işlenilmän ýatyr, entek näçesiniň ýüze çykaryljagam belli däl! Ýöne ol häzirki wagtda biziň temamyzdan işleýän az sanly toparlara eýgertjek zat däl. Bilinenlere baha bermek şol tapgyry has gowy häsiýetlendirmek, şeýle hem Oks siwilizasiýasynyň ösüş derejelerinden onuň ornuna irki demir asyrynyň dolulygyna gelmegine düşünmek üçin gerekdir. Bu geçiş yzlary ýadygärlikleriň birnäçesinde gabat gelýär. Biziň toparlarymyz häzirki wagtda hut şol obýektlerde iş alyp barýarlar» – diýip H. Bendezu-Sarmýento belleýär.

Gürrüň Özbegistanyň günortasyndaky Jarkutan barada gidýär, bu ýerde fransuz arheologlary Samarkandyň Arheologiýa institutyndan kärdeşleri bilen bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar, şeýle hem olar indi 20 ýyl töweregi Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we abatlamak boýunça milli müdirýeti bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edip gelýärler. «Biz häzirki gazuw-agtaryş işleri we seljermeler ol ýa-da beýleki wakanyň nä derejede wajyp bolandygyny, onuň haýsydyr bir başlangyç boýunça amala aşyrylandygyny ýa-da, tersine, az tanalýan, ýöne şeýle ajaýyp siwilizasiýanyň ýitip gitmegine getiren pajygaly ýagdaýlaryň sebäp bolandygyny-bolmandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berer diýip umyt bildirýäris» – diýip H. Bendezu-Sarmýento sözüni jemleýär.

Ruslan MYRADOW

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy žurnalynyň nobatdaky sany.

syrach