13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
YKDYSADYÝET

“Gaffney, Cline & Associates” gaz konferensiýasy geçirildi

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň mejlisler zalynda abraýly “Gaffney, Cline & Associates” halkara kompaniýasynyň (Beýik Britaniýa) işewürligi ösdürmek boýunça menejeri jenap Jim Gillettiň gatnaşmagynda metbugat konferensiýasy geçirildi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň iri Günorta Ýolöten-Osman, Minara we Ýaşlar gaz ýataklarynyň gorlarynyň garaşsyz barlaglarynyň ikinji tapgyryny geçirdi. Duşuşyga daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň žurnalistlerinden başga-da, biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Metbugat konferensiýasynyň çäklerinde jenap Jim Gillett tanyşdyryş çäresini geçirdi, onda agzalan ýataklaryň başlangyç geologik gorlaryna baha bermek boýunça geçirilen işleriň netijeleri jemlenildi.

Barlaglaryň şu tapgyrynyň netijeleri boýunça Günorta Ýolöten-Osman, Minara we Ýaşlar gaz ýataklar zolagynyň gorlary iň ýokary derejede 26 trillion 200 milliard kub metr gaz möçberde tassyklanyldy. Munuň özi “mawy ýangyjyň” şu tebigy ýatagyny dünýäde ikinji orna çykarýar.

Emma bu maglumatlarda görkezilen möçberler artyp biler, çünki, häzirki wagtda täsin Günorta Ýolöten – Osman türkmen ýatagynyň demirgazyk-günbatar, günorta-gündogar we günbatar çäkleri entek kesgitlenilenok. Şeýlelikde, geljekki geologiýa-gözleg işleriniň netijeleri bu ýataklaryň we tutuş ýurdumyzyň gaz gorlary boýunça häzirki maglumatlardan ýokary bolmagy gaty ahmaldyr. Munuň özi Türkmenistanyň häzir hereket edýän we geljekki gaz geçirijileri “mawy ýangyç” bilen islendik möçberde üpjün etmeginiň kepili bolup durýar.

Metbugat konferensiýasynyň barşynda jenap Jim Gillett oňa gatnaşyjylaryň garaşsyz barlaglaryň netijesinde alnan ylmy we tehniki taýdan esaslandyrylan maglumatlara degişli köp sanly sowallaryna jogap ebrdi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Nebit Gymmatlaýar

Aşgabatda Dokma Senagatynyň Halkara Sergisi Öz Işini Tamamlandy

syrach

Milli Ykdysadyýetiň Ýanwar Aýynda Ýeten Sepgitleriniň Netijeleri Jemlenildi