15.01.2026
DÜNÝÄ

Gagariniň kosmosa uçuşynyň 50-nji ýyl dönümi bellener

Orsýet ilkinji gezek adamyň kosmosa uçurylmagynyň, ýagny sowet kosmonawty Ýuriý Gagariniň ýeriň orbitasyndaky 108 minudynyň 50-nji ýyl dönümini bellemäge taýýarlyk görýär. Bu şanly sene sişenbe güni bellener.

Bu sene bilen baglylykda, dünýäniň 49 kosmos agentligi geçirilýän dabaralara gatnaşmak üçin Moskwa çagyryldy.

Gagariniň üstünligi dünýäniň beýleki künjeklerinde hem adamzadyň taryhyndaky möhüm pursat hökmünde ykrar edilýär. Bu sene mynasybetli dünýäniň 54 döwletinde dabaraly çäreleri geçirmek planlaşdyrylýar.

referans: www.azathabar.com

Degişli makalalar

“Eni Turkmenistan Limited” Kompaniýasy Bäsleşik Yglan Edýär: 07.03.2019 – 10.04.2019

Russiýa S-300 Roketa Ulgamlaryny Eýrana Berer

syrach

Eýranyň Birtaraplaýyn Beýannamalary Delilsiz we Esassyz

turkmenhabargullugy