16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmen-eston geňeşmeleri

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-eston geňeşmeleri boldy, oňa gatnaşmak üçin Estoniýa Respublikasynyň DIM-niň syýasy departamentiniň Baş direktory jenap Mart Wolmeriň baştutanlygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi.

Işewür, özara bähbitli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Eston wekiliýetiniň agzalary dünýäniň ähli döwletleri bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy amala aşyrmagy maksat edinýän Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň esasy taraplary bilen tanyşdyryldy. Myhmanlar biziň ýurdumyzda geçirilýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty goldap, türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli öňe sürülýän özara bähbitli halkara başlangyçlaryň ähmiýetini nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu babatda syýasy gatnaşyklary ösdürmegiň, şol sanda Türkmenistan bilen Estoniýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek görnüşinde ösdürmegiň möhümdigi nygtalyp geçildi.

Innowasion tehnologiýalar, ulaglar, aragatnaşyk, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agzaldy. Wekiliýetiň agzalary Türkmenistan bilen ýakyn işewür gatnaşyklary ýola goýmaga Estoniýanyň iri kompaniýalarynyň gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklara aýratyn üns herildi. Mysal üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat maksatnamasynda parahatçylyk, howpsuzlyk we ählumumy durnuklylyk şertlerinde ösüşiň möhüm meselelerini çözmegiň täze görnüşlerini bilelikde agtarmaga çalyşmak bilen Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa strategiýasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşygy giňeltmäge aýratyn üns berilýär diýlip, duşuşygyň barşynda bellenip geçildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar gumanitar hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belläp, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de giňeltmek barada pikiri aýtdylar, ol döwletara gatnaşyklarynyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Indoneziýanyň ilçisi işläp başlady.

syrach

BMG: adamzadyň ösüşiniň hatyrasyna hyzmatdaşlygy giňeldip.

syrach

Söweş Sungatlarynyň Bütindünýä Oýunlarynyň Komiteti Türkmenistan Bilen Hyzmatdaşlyk Etmäge Gyzyklanma Bildirdi