21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Garaşsyzlyk Meýdançasynda Özbegistanyň Prezidentiniň Resmi Taýdan Garşylanyş Dabarasy Boldy

Garaşsyzlyk Meýdançasynda Özbegistanyň Prezidentiniň Resmi Taýdan Garşylanyş Dabarasy Boldy

Aşgabada gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda dabaraly resmi garşylanyşy boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz kärdeşini mübärekledi.

Meýdançada belent mertebeli myhmanyň hormatyna Hormat garawuly düzüldi.Özbegistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlandy.

Iki ýurduň liderleri nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler. Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary Özbegistanyň Prezidentine tanyşdyryldy. Türkmenistanyň Baştutanyna hem Özbegistan Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary tanyşdyryldy.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdançasyndan dabaraly ýöriş bilen geçip gitdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew hormatly atlylar düzüminiň ugratmagynda awtoulagda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugradylar. Şol ýerde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçiriler.

Degişli makalalar

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Wekilleri Bilen Duşuşyk

Täze ýylyň öňüsyrasynda.

syrach

Türkmenistanda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady