19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Gazy Gaýtadan Işleýiş Müdirligi Mawy Ýangyjyň Önümçiligini Ýokarlandyrýar

Gazy Gaýtadan Işleýiş Müdirligi Mawy Ýangyjyň Önümçiligini Ýokarlandyrýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Gazygaýtadanişleýiş» müdirligi ýylyň başyndan bäri 128,8 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndürdiler, bu görkeziji bellenilen meýilnamadan ep-esli artykdyr.

Şeýle hem müdirlik Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin ilkinji nobatdaky çig mal bolup durýan gaz kondensatyny öndürmekde hem üstünlikler gazandy. Geçen 11 aýda müdirlik tarapyndan 94,8 müň tonna gaz kondensaty öndürildi. Bu hem bellenilen meýilnamadan artykdyr.

Lebap welaýatynyň Naýyp we Bagaja gaz känlerinde «mawy ýangyç» öndürmek boýunça işler ýokary depginler bilen alnyp barylýar. Hususan-da, Naýyp toplumynda geçen döwürde 117,1 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz we 48,5 müň tonnadan gowrak gaz kondensaty öndürildi.

— Şular ýaly ýokary netijeler toplumyň agzybir işgärleriniň halal hem yhlasly zähmetiniň netijesi bolup durýar. Biziň toplumymyz Naýyp, Balguýy, Kerpiçli, Böwrideşik we Gazlydepe känlerindäki tebigy gaz bilen üpjün edilýär – diýip toplumyň başlygy Merdan Myradow belleýär.

Häzirki wagtda Gazojak şäherinde önümleri kabul etmek, saklamak we ugratmak boýunça toplumy abatlamak işleri dowam edýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Ene Mähri» Diýen Hormatly Adyny Dakmak Hakynda

Sport Tansy Boýunça Milli Ýygyndy Toparyň Liderleri Aziada Rumba Tansyny Ýerine Ýetirerler

Täzeçe çemeleşmeler arkaly netijeli ösüşe tarap.

syrach