21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
DURMUŞ

Geçmişi unutman, geljege tarap gadam urýarys

Häzirki döwri 62 ýyl mundan ozal aýylganç tebigy betbagtçylyk sebäpli ömür tanapy üzülen watandaşlarymyzyň 200 müňe golaýynyň hatyrasyna hem-de weýran bolan Aşgabady dikeldenleriň gahrymançylygynyň we mertliginiň hatyrasyna iň oňat ýadygärlik hökmünde görkezmek bolar. Çünki 6-njy oktýabr—1948-nji ýyldaky ýer titremäniň pidasy bolanlary ýatlap, geçirilýän Matam güni—biziň täze taryhymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr hem-de biziň halkymyzyň kalbynda müdimilik orun aldy. Şondan bäri ep-esli wagt geçen bolsa-da, Matam gününde Türkmenistanda ähli maşgalalarda tebigy heläkçiligiň pidalarynyň jaýynyň jennet bolmagyny diläp, aýat-dogalar okaldy.

Altmyş ýyldan gowrak wagtdan soňra, üçünji gezek dörän paýtagtymyz bilen birlikde täze nesiller ösüş ýetişdi, ýöne 1948-nji ýylyň oktýabry aşgabatlylaryň hakydasynda galar. Bu senä bagyşlanyp, Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezi, Şekillendiriş sungaty muzeýi, Baş milli muzeý tarapyndan kitap we çeperçilik sergileri guraldy. Bu ekspozisiýalara şol ýyllara degişli ýazgylar, arhiwdäki fotosuratlar, köp sanly neşirler, täsin galdyrýan eksponatlar we türkmenistanly sungat ussatlarynyň eserleri goşulyp, bulardaky esasy pikir şol betbagtçylygyň pidalaryny ýatlamakdan hem-de halkymyzyň döredijilikli güýjüne ynamyň güýçlüdigini, onuň ruhunyň synmazdygyny görkezmekden ybarat bolup durýar. Biz şol pidalary asla unutmaýarys. Diýmek, biz öz ýakyn we has uzak geçmişdäki ata-babalarymyzyň taryhyny dowam etdirýändigimize düşünmek arkaly, ata Watanymyzy täze Galkynyş eýýamynda olaryň asyrlar boýy kalplarynda beslän arzuwlaryny amala aşyrmaga çalşyp, häzirki we geljekki nesillerimiziň bagty durmuşynyň we abadançylygynyň düýbüni berk tutýarys.

Aşgabada birnäçe ýyl mundan ozal gelip görenler häzirki wagtda onuň tanalmaz derejede üýtgändigine göz ýetirer. Paýtagtymyzda häli-şindi täze binalaryň ulanmaga berilmegi biziň döwrümiziň ajaýyp nyşanyna öwrüldi. Ak mermer bilen örtülen köşklerden ybarat toplumlar, monumental binalar, ähli amatlyklary özünde jemläp, seýsmiki taýdan ygtybarly we berk görnüşde gurlan belent ýaşaýyş jaýlarynyň özboluşly arhitekturasy döwrebap paýtagtymyzyň görküni has-da artdyrýar.

Aşgabat hakykatdan-da, bagy-bossanlyga öwrülen şäher diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr, bu ýerdäki köp sanly seýilgäh—sagaldyş zolaklary, oňaýly skwerler, örän köp suw çüwdürimleri şäheriň özboluşly gözelligini artdyrýar. Aşgabat agşamyna hem örän owadandyr, ol neonly yşyklaryň, birkemsiz bezelen çyralaryň ýagtysyna has-da owadan görünýär. Şaýollaryň ugrunda baýramçylyk illýuminasiýasy ýalkym saçýar hem-de şäherdäki ýük göteriji kranlaryň sany az däl. Bular şäheriň keşbiniň aýrylmaz bölegine öwrülip, paýtagtyň yzygiderli ýagdaýda ösýändigini we täzelenýändigini görkezýän simwol hasaplanýar.

Täze Galkynyş eýýamy—Türkmenistanda syýasy, ykdysady we medeni taýdan ozal görlüp-eşidilmedik derejedäki rowaçlygyň gazanylýan eýýamy ösüşiň progrese, watançylyga we parahatçylygy söýüjilige mahsus ideallara esaslanýan türkmen modeliniň durmuşa ukyplydygyny we netijelidigini subut edýär. Ýurdumyzda geçiriljek Baş baýramçylyk—Garaşsyzlyk güni biziň öz üstünliklerimize we gazanan netijelerimize, öňde durýan sepgitlere, täze maksatlara hem-de batyrgaý we ýakymly niýetlere baha berýän özboluşly ölçegimize öwrüldi. Şoňa görä-de bu güne bagyşlanyp uly möçberli dabaralar geçirilýär, däp boýunça, olar oktýabryň ilkinji günlerinde başlanyp, şol aýyň ahyryna çenli dowam edýär.

Bularyň ählisi ýurdumyzyň ýaşaýşyny, halkymyzyň nämäni unutmaýandygyny we nämä buýsanýandygyny, çagalarymyzyň nämäni arzuw edýändigini görkezýär. Biziň döwrümiz diýseň ajaýyp arzuwlaryň gözüň alnynda durmuşda öz beýanyny tapýandygy bilen täsindir, şunda birnäçe ýyllara we onýyllyklara barabar işler amala aşyrylýar we bellenilen maksatlara ýetilýär, munuň özi täze we asylly maksatlara ýetmäge ruhlandyrýar.

Garaşsyzlygyň 19 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda, eýýäm durmuşa geçirilen we indi amala aşyryljak iri taslamalar bilen tanyşdyrylyş çäreleri hem geçirilýär. Täze desgalaryň birnäçesiniň ulanmaga berilmegi türkmen paýtagtynyň taryhyna ajaýyp wakalar hökmünde ýazylar. Şolaryň arasyndan dürli heýkeller goýlan «Ylham» seýilgähi atly toplumy hem-de şekillendiriş sungaty boýunça täze Sergi merkezini görkezesimiz gelýär. Ýakynda bize ýene-de bir sowgat garaşýar—Köpetdagyň eteginde Janly tebigatyň milli muzeýini açmak göz öňünde tutulýar, bu ýerde dünýäniň dürli künjeklerinden getirilen jandarlar bar.

Zehinli çagalaryň «Merjen däneleri» hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň «Ýaňlan, Diýarym» atly bäsleşikleriň jemleýji tapgyrlary baýramçylyga bagyşlanan täsirli çäreleriň başlanmagyna badalga berdi, bulara degişli gala-konsertler türkmen topragynyň ýaş zehinlere baýdygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezýär.

Baýramçylyk dabaralary diňe bir paýtagtymyzda däl-de, beýleki ýerlerde-de geçirilýär. Welaýatlaryň dolandyryş merkezleriniň ählisinde, ýurdumyzyň uly we kiçi şäherlerinde, obalarynda sergiler, spektakllar, konsertler we köpçülikleýin sport çäreleri guralýar.

Ertir baýramçylyk çäreleri Hazaryň kenarynda, bu ýerdäki «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guralar. Bu ýerde baýramçylygyň öňüsyrasynda geçirilýän esasy wakalaryň biri—Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak, şeýle hem medeniýet we sungat işgärlerine hormatly atlary bermek bilen bagly dabara bolar.

Her ýylda guralýan bu çäre Hazaryň kenarynda indi ikinji gezek geçirilip, diňe bir ýurdumyzyň döredijilik intelligensiýasy üçin däl-de, milli medeniýete, onuň beýik geçmişine uly sarpa goýýan, onuň häzirki we geljekki ýagdaýy barada aladalanýan adamlaryň her biri üçin möhüm ähmiýetli waka bolup durýar. Çünki biziň her birimiziň umumy wezipämiz milli medeni mirasymyzy dikeltmekden, ony aýawly saklamakdan, milli medeniýetiň baýlygyny we köp öwüşginliligini artdyrmakdan ybaratdyr, çünki milli medeniýet ýurdumyzyň, halkymyzyň baýlygy hasaplanyp, onuň toplan tejribesini hem-de täze ideýalaryny, gyzyklanma bildirýän ugurlaryny we gymmatlyklaryny açyp görkezýär. Galyberse-de, munuň özi ilkinji nobatda adamlara şatlyk, gözellik, ýakymly täsirleri we duýgulary, estetiki lezzeti paýlaýar hem-de bir söz bilen aýdanyňda, sungatyň şuglasyny çaýyp, jemgyýetiň ruhubelentligini artdyrýan adamlaryň hormatyna guralýan baýramçylykdyr.

Ýurdumyzda täze Galkynyş eýýamy diňe bir dogumly, başarjaň, işjeň we jogapkär bolmaga däl-de, ilkinji nobatda tämiz ahlakly we medeniýetli adam bolmaga borçly edýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda şunuň ýaly örän uly we täsirli ruhy güýjüň—döredijilik, ylym, medeniýet, sungat işgärleriniň bardygyna göz ýetirmek diýseň ýakymlydyr, olar öz zehinini watandaşlarymyza bagyş edip, durmuşa gözelligiň we sazlaşygyň öwüşginini çaýýarlar.

Häzirki wagtda türkmen medeniýetiniň halkara jäheti görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendi, ylmy, döredijilik gatnaşyklary işjeň ýagdaýda ösdürilýär. Dünýäde Türkmenistanyň —beýik geçmişi bolan, häzirki wagtda sazlaşykly ösýän we ajaýyp geljege tarap gadam urýan ýurduň täze keşbini berkarar etmegiň has netijeli ugurlarynyň biri hökmünde syýahatçylyk düýpgöter täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň taslamasy ajaýyp we belent häsiýete mynasyp boldy, ony türkmen topragynyň gudraty hem-de täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistandaky ähli uly özgertmeleriň simwoly diýip atlandyrýarlar. Ýöne şol atlar Hazaryň kenarynda bolup geçýän wakalaryň ähmiýetini birjik-de ulaldyp görkezmeýär, çünki bu taslama hakykatdan-da ozal görlüp-eşidilmedik görnüşdäki taslamadyr.

Awazanyň «gudraty» barada gürrüň edilende onuň «kökleriniň» iş ýüzünde ýurdumyzy hakyky okgunly ösüşe getiren milli ykdysadyýetimizde başlanan çuňňur özgertmelerden gözbaş alyp gaýdýandygyna düşünmek zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu ägirt uly taslamanyň baş maksady türkmen döwletiniň türkmenistanlylaryň durmuşyň ähli babatlarynda ýokary derejeli ýaşaýşy üçin zerur şertleri döretmek ýaly sosial syýasatynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň şeýle möhüm bölegidir.

Öňde boljak baýramçylyga—Garaşsyzlyk gününe ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň ählisi, şol sanda teatr işgärleri hem özleriniň sowgatlaryny taýýarladylar. Şu günler olaryň repertuarlaryndan täze premýeralaryň ençemesi bar, munuň özi Türkmenistanyň taryhyny we häzirki döwrüni çeperçilik taýdan beýan etmäge täzeçe çemeleşmek barada milletiň Lideriniň medeniýet işgärlerine ýüzlenmesine mynasyp jogapdyr.

Täze taýýarlanylan teatr oýunlarynyň atlary hem özi barada gürrüň berýär: Mysal üçin, Daşogzuň Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň «Görogly», Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň «Zaratuştra», şu aýda özüniň bäş ýyllygyny belleýän ýurdumyzyň Baş drama teatrynyň «Ýusup-Zuleýha» spektakllarydyr. Bir söz bilen aýdylanda, teatrlaryň her biri Garaşsyzlygymyzyň 19 ýyllygyna bagyşlanan köp ugurly medeni programmasyna özüniň goşandyny goşdy.

Mundan başga-da, ýakyn günleriň wakalarynyň sanawynda edebi agşamlar, konsertler, sergiler, möhüm önümçilik desgalaryň ulanylyşa girizilmegi göz öňünde tutulýar. Oktýabr aýynyň ikinji ongünlüginde özüniň senagat potensialyny ynamly ýokarlandyrýan Ahal welaýatynda sintetiki we pagta goşundyly kelepleri öndüriji fabrigiň hem gazbeton öndürmek boýunça zawodyň açylmagy bellenilendir. Şol günlerde Merkezi Garagum—Ýylanly gaz geçirijisini işe girizilmegiň öňde duran dabaralary hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geljek hepdäniň wakalarynyň hatarynda «Oguznama» ýordumy taryhy we medeni çeşme hökmünde» atly Halkara ylmy maslahaty hem bar, ol dünýäniň ýurtlarynyň 30-dan gowragyndan belli alymlary we ylmy barlagçylary türkmen paýtagtynda ýygnar. Forum 14-15-nji oktýabrda geçiriler, soňra bolsa Aşgabatda sebitde iň uly täze «Oguzkent» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy bolar.

Şonuň yzysüre paýtagtymyzda ýokary amatlykly, şol sanda belent täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Şatlykly täze jaý toýlary biziň baýramçylyklarymyzyň ýene-de bir alamatydyr, olar gündelik durmuşymyza aýdyň, ýaşaýşy galkyndyryjy öwüşginler berýär.

Baýramçylyk wakalary her ýylsaýyn barha uly gerime we dabaraly äheňlere eýe bolýar, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň köçeleri, meýdançalary we seýilgähleri äşgär baýramçylyk lybaslaryna beslenýär. Paýtagtymyzda baýramçylyk çäreleri ajaýyp öwüşginlere eýe bolar, bu ýerde eýýäm ýurdumyzyň baş baýramyna, Garaşsylygymyzyň 19 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlyk işleri uly gerim alýar. Bezegçilikde aýdyň reňk öwüşginleri, olaryň giň möçbeleýin yşyklandyrylyş, pannolar, plakatlar we owadan yşyklar—bularyň ählisi uly ählihalk baýramçylygynyň gaýtalanmajak, uzak wagtlap ýatda galýan şekillerini döreder, munuň özi gaýtadan dikeldilýän milli ruhumyzyň sarsmaz simwolyna öwrülýär.

Onuň tükeniksiz potensialy biziň ata-babalarymyzyň beýik döredijiliginden hem häzirki döwürde ýyl-ýyldan, gün-günden yzygiderli amala aşyrylýan kiçi we uly işleriň giden bir tapgyryndan emele gelýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 65-nji sessiýasynyň belent münberinden derwaýys parahatçylyk dörediji başlangyçlaryny beýan edip, Türkmenistan global parahatçylygy we howpsuzlygy, progresi we gülläp ösüşi üpjün etmek boýunça täsirli tagallalary amala aşyryjy hökmünde ýene bir gezek çykyş etdi. Şu ýolda biz barha köp tarapdarlary we pikirdeşleri tapýarys, çünki, munuň özi hoşniýetli erk-islegiň, döredijilik gujur-gaýratynyň we ýokary ynsanperwerligiň ýoludyr.

Gaýduwsyzlygy we edermenligi, adalatlylygy we öňdengörüjiligi, paýhasy we zehini, sahylygy we mähriban topragyň wepaly hyzmat etmegi, esgerleri we hökümdarlary, dörediji adamlary, şahyrlary we akyldarlary ruhlandyryjy häsiýetlerine eýe bolan halkyň şöhraty asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip, bütin dünýä boýunça ýaýrady. Häzirki günde hem Türkmenistan geçmiş baradaky mukaddes hakydany saklap hem özüniň bagtly geljegine ynamy hakyky işler bilen tassyklap, bu şöhratly däpleri mynasyp dowam etdirýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

SÖYEN GÖZLERİM

syrach

Awazada 200 öýe niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy gurulýar.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy