18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Geljekki Olimpiaçylaryň Üstünlikleri we Mümkinçilikleri

Geljekki Olimpiaçylaryň Üstünlikleri we Mümkinçilikleri

Häzirki wagtda boks boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna belli russiýaly tälimçi, at gazanan sport ussady, Olimpiadanyň, dünýäniň we Ýewropanyň çempiony Aleksandr Borisowiç Lebzýak ýolbaşçylyk edýär. Ol milli ýygyndy toparymyzy üç ýarym aý mundan ozal resmi taýdan türgenleşdirip başlady. Emma, bu gysga döwrüň içinde, onuň tälim berýän şägirtleri halkara ýaryşlaryna gatnaşyp, eýýäm ýedi medaly almagy başardylar.

Mysal üçin, Bakuwda geçirilen Yslam oýunlarynda (12-22-nji maý) onuň şägirtleri üç medala: Arslanbek Açilow (75 kg) altyn, Ýakub Meredow (56 kg) kümüş we Hursant Imankulyýew (60 kg) bürünç medala eýe boldular.

Iki aý hem geçip-geçmänkä Aleksandr Lebzýagyň şol şägirtleri — A.Açilow, Ý.Meredow we H.Imankulyýew Sowet Soýuzynyň Gahrymany Wiktor Liwensewiň ýadygärligine Minsk şäherinde geçirilen ýaryşlarda 3 medaly eýelediler. Bu gezek eýe bolnan sylaglaryň hili has ýokary — iki altyn we bir kümüş medaldan ybarat boldy. Minskide Ýakub Meredow we Hursant Imankulyýew Bakuwda görkezen üstünliklerinden hem ýokary galmagy başardylar.

Bu ýaryşlardan ozal boksçy N.Nurýagdyýew (81 kg) Daşkentde Aziýa çempionatynda çykyş edip, bürünç medala eýe boldy hem-de 22-nji awgust — 3-nji sentýabr aralygynda Gamburg şäherinde (Germaniýa) geçiriljek dünýä çempionatyna ýollanma aldy.

Borisowiç hut şol çempionata Türkmenistanyň ýygyndy toparyny 2020-nji ýylda Ýaponiýada geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça işlenip taýýarlan maksatnamasynyň örän möhüm tapgyrlarynyň biri hökmünde garaýar.

Degişli makalalar

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar

Awazada Ulag we Logistika Boýunça Halkara Maslahaty Geçirler

Döwlet Muzeýinde Beýik Ýeňşe Bagyşlanan Sergi Açyldy