04.05.2024
DURMUŞ

General Electric

Türkmen paýtagtyny energiýa bilen ygtybarly üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözülmegi Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Bu barada «General Electric Power»  amerikan kompaniýasynyň Ýewropa ýurtlary, Russiýa, GDA döwletleri we Türkiýe boýunça täjirçilik wise-prezidenti Rikardo Kordoba Aşgabadyň elektrik üpjünçiligini gowulandyrmak taslamasynyň çäklerinde gurlan desgalaryň toplumynyň 18-nji oktýabrda açylyş dabarasynda beýan etdi.

Rikardo Kordobanyň nygtaýşy ýaly, Aşgabatda gurlan täze döwrebap dolandyryş merkezi türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeler strategiýasynyň aýdyň netijesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «General Electric» kompaniýasynyň ýurdumyzda 20 ýyldan gowrak bäri işleýändigi bellenildi. Türkmenistanyň elektrik beketlerinde gaz turbinalarynyň 37-si ornaşdyryldy.

R.Kordoba «General Electric»  kompaniýasynyň mundan beýläk hem gurulýan desgalarda iň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrjakdygyna döwlet Baştutanyny ynandyryp, häzirki wagtda amerikan kompaniýasynyň özüniň hyzmatdaşy bolan «Çalyk Enerji» türk kompaniýasy bilen bilelikde Maryda uly utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny gurýandygyny belledi. Bu elektrik stansiýasynyň sebitde deňi-taýy ýokdur.

Myhman «General Electric» kompaniýasynyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça   başyny başlan uzak möhletleýin maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Rikardo Kordobanyň nygtaýşy ýaly, ol her gezek ýurdumyza gelende, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan Türkmenistanyň haýran galdyryjy üstünlikleriniň şaýady bolmak mümkinçiligine buýsanýar.

Degişli makalalar

TOPH HGalkara Gaz Geçirijisiniň Gurluşygy Dowam Edýär

Döwlet Muzeýinde Ekerançylyk Däplerine Bagyşlanan Sergi Öz Işine Başlady

Syýasat we Jemgyýet Žurnaly

syrach