30.9 C
Aşkabat
01.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Germaniýanyň Köln Şäherinde Nowruz Baýramy Mynasybetli Döredijilik Agşamy Geçirildi

2015-nji ýylyň 21-nji martynda Halkara Nowruz baýramy güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk ýubileýi hem-de 2015-nji ýyly Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Köln şäherinde Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Frankfurt ş.) Konsullygynyň diplomatlarynyň, “Türkmen medeniýet ojagy” medeni guramasynyň agzalarynyň hem-de ýurtda bilim alýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda döredijilik agşamy geçirildi.

Çäräniň birinji ýarymynda Bitaraplyk ýyllary içinde döwletimiziň daşary we içeri syýasatynda gazanylan üstünlikler, Bitaraplyk hukuk derejäniň ähmiýeti we bitaraplyk derejesi bilen bagly döwletimiziň öz üstüne alan borçlary baradaky maglumatlar myhmanlaryň dykgatyna ýetirildi. 

Soňra çäräniň ikinji ýarymynda halk köpçüligi üçin “Türkmen medeniýet ojagy” medeni guramasynyň agzalary hem-de GFR-da bilim alýan türkmen talyplary türkmen tebygatyny, milli däp-dessurlarymyzy wasp edýan goşgularyň çeper okaýyşlary, milli saz gurallarynda milli sazlary, aýdymlary, küşt depdi tansy bilen çykyş etdiler. Mundan başga-da, çäräniň barşynda gelen myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen Bedewiniň Milli Baýramynyň Hormatyna Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine Dalaşgär, Türkmenistanyň «Rysgal» PJ Bankynyň Müdiriýetiniň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Deputaty Bekmyrat Sähetmyradowiç Atalyýewiň MAKSATNAMASY

turkmenhabargullugy

75 ýaşyndaky Şa Beatriks täjini ogluna geýdirdi.

syrach