22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Germaniýada Türkmen-German Işewürler Maslahaty Geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetininiň Başlygynyň Orunbasary, Söwda we ykdysadyýet boýunça Türkmen-german iş toparynyň türkmen tarapyndan başlygynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Türkmen-german işewürler maslahatyna gatnaşdy.

Işewürler maslahatynda German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň dolandyryjy başlygy Mihael Harms hem-de Germaniyanyň degişli hökümet we hususy guramalaryň wekilleri çykyş etdi.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda ykdysadyýetiň dürli ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Söwda-ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar. Pikir alyşmalaryň çäklerinde ýurtlaryň arasynda tejribe alyşmagyň, eksport-import amallaryny ýokarlandyrmagyň, hususan-da oba hojalygy pudagynda edilýän hyzmatlaryň sanawyny artdyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Işewürler forumyna gatnaşyjylar milli ykdysadyýetiň dürli ugurlary, aýratynda-da oba hojalygynda ulanyljak iň täze tehnologiýalaryň we dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagynyň, telekeçiligiň giňden goldanylmagynyň çäklerinde türkmen ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlary bilen jikme-jik tanyşdyrdylar.

Işewürler forumynyň çäklerinde Türkmenistanda öndürilýän harytlaryň sergisi geçirildi hem-de türkmen wekiliýetiniň agzalary Germaniýanyň “Claas” we “Umax Trade GmbH” kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Işewürler forumy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen “Umax Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda, hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen “Umax Trade GmbH” kompaniýasynyň arasynda degişli Ähtnamalara gol çekildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Germaniýanyň ýerli kompaniýalary arasynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

mfa.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Goragçysy Braziliýaly Hüjümçiden Öňe Geçdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň Hataryna Işe Täze Kabul Edilen Harby Gullukçylar

syrach

Atavatan Türkmenistan Halkara Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çykdy

syrach