11.6 C
Aşkabat
21.02.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SAGLYK

Gitjek Şypahanaňyzy Saýladyňyzmy?

15-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde raýatlarymyzyň saglygyny goramagyň ählimiziň mukaddes borjumyzdygyny, şol sebäpli şu ýyl Hazar deňziniň kenarynda we Awazada tomus döwründe raýatlarymyz üçin syýahatçylygyň, dynç alşyň hem-de suwa düşmegiň çäklendirilmeginiň talabalaýyk boljakdygyny belledi.
Şoňa görä, tomusky dynç alyş möwsüminde «Arçman», «Ýyly suw», «Baýramaly», «Farap», «Mollagara», «Daşoguz» we «Berzeňňi» şypahanalarynda saglygy dikeltmek we berkitmek üçin ähli zerur şertler dörediler. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki «Energetik» we «Nebitçi», Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki «Mirap» we «Jennet» hem-de Darganata etrabyndaky «Gazojak», Mary welaýatyndaky «Melhem», «Garagum», «Çynar» we «Şatlyk» şypahanalary raýatlarymyzyň talabalaýyk dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin gapylaryny giňden açarlar.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Basketbol Akrobatik Şüweleňi Wideo

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda…

turkmenhabargullugy

Türkmen Howa Ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt Ugry Boýunça Gatnawy Açdy

turkmenhabargullugy