25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
DURMUŞ

Global howa çalşygynyň sebäbiniň 95 götrimi adam sebäpli.

Dünýä boýunça howanyň ýylylygy asyryň ahyryna çenli 1-4 gradus arasynda ýokarlap biler. Deňiziň derejesi bolsa 50-97 santimetr ýokarlar.

Ozalkylar bilen deňeşdirlende has gynandyryjy bolan bu çaklamalar BMG-nyň Howa çalşygy boýunça hökümetara maslahatyna hödürlenjek habarnamasyndan alynan.

İň üns çekiji kesgitleme bolsa global howa çalşygynyň sebäbiniň 95 göteriminiň adam sebäpli bolmagy.

Umuman çaklamalary syýasy basyşlar sebäpli çäkli galýandygy üçin tankyt edilýän Howa çalşygy maslahatynyň ozalky çaklama mukdary 90 göterimdi.

Howa çalşygy sebäpli ýylylygyň ýokarlamagynyň esasy sebäbi hökmünde kabul edilýän parnik gazynyň zyňylymyndaky esasy paý fosil, ýagny kömür we nebitden alynýan ýangyçlar.

Soňky 40 ýylyň dowamynda parnik gazynyň zyňylymy 70 göterim ýokarlady. Emissiýalardaky ýokarlama ýylylygyň hem soňky 100 ýylda şol gaz emissiýalary sebäpli howanyň 1 gradus gyzmagyna sebäp boldy.

Şertler güýçler siller bilen guraklyk ýaly apatlaryň ýygy-ýygydan has-da güýçlenjekdigi barasyndaky duýduryşlary hem ýany bilen alyp gelýär.

Geçirilen klimat maslahatlarynda ylalaşylyp bilnen ýeke-täk ugur global ýylylygyň ýokarlamagynyň simwoliki çäk bolan 2 gradusdan aşakda saklamaklyk barasynda. Emma şol çäkde geçilmezligi ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagy münkin görünmeýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Adam hukuklaryny berjaý etmek Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry.

syrach

Türkmen Howa Ýollaryynyň Içerki Gatnawlarynyň Uçuş Rejesiniň Tertibi

turkmenhabargullugy