26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awazany Dostluk Mekany Diýip Atlandyrdylar

Goňşy Özbegistanyň Çagalary Awazany Dostluk Mekany Diýip Atlandyrdylar

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 15-nji maýda Özbegistanyň dürli sebitlerinden Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky dünýä derejeli şypahana merjenine dynç almaga gelen çagalaryň uly toparyny ugratmak dabarasy boldy.

Deňziň kenarynda 10 günläp dynç almagyň barşynda dürli çäreler geçirildi. Cärelere özbegistanly mekdep okuwçylary bilen olaryň türkmenistanly deň-duşlary hem gatnaşdylar. “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň sport meýdançalarynda sportuň köp görnüşleri boýunça ýaryşlar hem-de döredijilik bäsleşikleri guraldy. Olara bu ýerde dynç alýanlar uly höwes bilen gatnaşdylar.

Deňiz şypahanasynyň giň zolagy çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Mekdep okuwçylary dynç alyşda bolan mahaly “Älemgoşar”, “Deňiz merjeni”, “Jadyly kenar” ýaly, täsin attraksionlar seýilgählerine baryp gördüler, emeli derýada gämilerde gezelenç etdiler, derýanyň üstünden geçýän ajaýyp köprülere syn etdiler, bu ýerdäki köp öwüşginli suw çüwdürimine hem-de deňiz kenarynyň beýleki ajaýyplyklaryna tomaşa etdiler. Dürli reňklerde öwşün atýan ajaýyp binalary we desgalary bolan Awazada gijesine awtobuslarda guralan gezelençler özbek mekdep okuwçylaryny haýran galdyrdy.

Köpugurly “Awaza” sport toplumy hem çagalarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Mekdep okuwçylary ajaýyp sport toplumlary bilen tanyşmakdan hem başga olarda türgenleşik geçdiler hem-de kiçi futbol, basketbol we beýleki oýunlar boýunça görkezme çykyşlaryna gatnaşdylar.

Mekdep okuwçylarynyň dürli medeni-köpçülikleýin çäreleriniň üsti ussat artistleriň ýörite taýýarlanylan konsert maksatnamalary bilen ýetirildi. Ýaş tomaşaçylaryň öňünde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň sirk toparynyň akkrobatlary we masgarabazlary, Gurjak teatrynyň artistleri çykyş etdiler.

Özbek we türkmen çagalarynyň Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen duşuşyklary deňizde dynç almagyň esasy wakasyna öwrüldi. Ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Şawkat Mirziýoýew “Älemgoşar” medeni-dynç alyş merkezinde çagalar bilen duşuşdy. Dostlukly ýurduň ýolbaşçysy mekdep okuwçylary bilen bolan söhbetdeşlikde olaryň dynç alşy, okuwda, döredijilikde we sportda gazanýan üstünlikleri bilen gyzyklandy hem-de olara berk jan saglyk, ruhubelentlik arzuw etdi. Şol günüň ertesi irden iki ýurduň Liderleri deňizde gezelenç edýän mahaly “Galkynyş” gämisiniň üstünden deňziň kenaryna ýygnanan mekdep okuwçylaryny mübäreklediler. Agşam bolsa “Daýanç” amfiteatrynda mekdep okuwçylarynyň ählisine Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

“Awaza — dostluk mekany” atly diwar gazetleriniň bäsleşigi oglanlaryň we gyzlaryň işjeň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirildi. Şol gazetlerde bäsleşige gatnaşyjylar deňizde dynç alyş wakalaryny beýan etdiler, iki doganlyk ýurduň dürli künjeklerinden bolan täze dostlary bolsa olaryň gahrymanlary boldular. Gazetleriň birnäçe sany Aşgabat we Daşkent şäherlerine bagyşlanyldy. Ol şäherler Awazada gol çekilen ikitaraplaýyn resminama laýyklykda iki döwletiň arasyndaky ýylsaýyn berkeýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň subutnamasy hökmünde doganlaşan şäherlere öwrüldi.

Halklaryň dostlugyna, bagtyýar çagalyga, Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna hem-de ýurdumyzda yglan edilen Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlanan “Özbegistanyň güni” atly uly konsert hem-de kenarýaka spartakiada çagalar we ulular üçin baýramçylyga öwrüldi. Çäreleriň ikisine hem dynç alýan çagalaryň 200-den gowragy gatnaşyp, olaryň aýtmagyna görä, “bir halk ýaly” bolup çykyş etdiler.

Çagalaryň şadyýan gülkülerine we bagtyýar durmuşyna beslenen ýaş nesilleriň ruhy taýdan ýakynlygy “Goý, ýaňlansyn dost-doganlyk aýdymy” atly jemleýji aýdym-saz agşamynyň şygaryna öwrüldi. Konsertden öň döredijilik bäsleşikleriniň we sport ýaryşlarynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Agşamyň konsert maksatnamasyny türkmen deňiz şypahanasynyň —dostluk, ylham-joşgun, bagtyýarlyk we arzuwlar dünýäsiniň senasyna öwrülen “Awaza” atly aýdymyň owazy astynda bilelikde ýerine ýetirilen tan açdy. “Daýanç” amfiteatrynyň sahnasynda ýaş özbek we türkmen zehinleri folklor eserlerinden, sazlardan, edebi sahnalardan, goşgulardan we häzirki zaman estrada sazyndan düzülen çykyşlary ýerine ýetirdiler. Küştdepdi tansy bolsa baýramçylygyň esasy pursatyna öwrüldi. Oňa ýaş türkmen aýdymçylaryny goldamak islän çagalaryň hemmesi goşuldylar.

Özbek çagalaryna ak ýol, saglyk we üstünlik arzuw edilip, olara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Goňşy Özbegistandan gelen myhmanlar ýokary amatlykly awtobuslarda Türkmenbaşy halkara howa menziline bardylar. Bu ýerden olar Türkmenbaşy—Daşkent ýörite gatnawy bilen Watanyna ugradylar.

Degişli makalalar

RLDP-nyň Başlygy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly İl Ýaşulysy” Diýen At Gowşuryldy

Aziada-2017 Oýunlaryna 150 Gün Galmagy Mynasybetli Dabaraly Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenabatda Köpugurly Welaýat Hassahanasynyň Işgärleri Üçin Ýaşaýyş Jaý Toplumly Lukmançylyk Şäherjigi Gurulýar

turkmenhabargullugy