25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Günorta Gaz Geçelgesi» Türkmenistandan we Gazagystandan Hem Gaz Iberip Biler

Azerbaýjan gazyny Ýewropa ibermegi göz öňünde tutýan «Günorta gaz geçelgesi» şeýle hem Türkmenistandan we Gazagystandan hem gaz iberip biler. Trend agentliginiň aboutenergy.com saýtyna salgylanyp habar berşi ýaly, bu barada «SOCAR» azerbaýjan döwlet kompaniýasynyň maýa goýumlar we marketing boýunça wise-prezidenti Elşad Nasirow italýan žurnalistlerine aýtdy.

«Eger-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna has köp gaz gerek bolsa, biz Türkmenistandan we Gazagystandan hem gaz iberip bileris» diýip Nasirow belledi.

Onuň şeýle hem belleýşi ýaly, «Şah Deňiz» azerbaýjan gaz känini işläp taýýarlamagyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gaz ibermeleri şular ýaly görnüşde paýlanar: Türkiýä — 6 mlrd kub metr, Gresiýa — 1 milliard, ýarym milliard Albaniýa (ýa-da talaba görä, ondan hem köp möçberde), Gresiýa-Bolgariýa interkonnektoryň (IGB) üsti bilen Bolgariýa – 1 milliard, zerur bolanda Italiýa – 18 milliard kub metr gaz.

Nasirowyň belleýşi ýaly, ibermeler boýunça borçnamalar babatda aýdylanda alternatiwa ýok: «Ähli zat 2020-nji ýylyň soňky çärýegine çenli başlanmaly».

oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Туркменистан продолжает вывозить своих граждан из-за рубежа в связи с пандемией коронавируса

Özbegistan TOPH Taslamasyna Goşulyşmagyň Mümkinçiliklerini Öwrenýär

turkmenhabargullugy

BİLDİRİŞ

syrach