27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DÜNÝÄ

Gürjistanda täze döwür başlady.

Gürjistanda geçirlen saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, milýarder işewür adamy Bidzina İwanişwiliniň ýolbaşçylygyndaky Gürjistanyň hyýaly partiýasy saýlawda üstünlik gazandy.

1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden Gürjistanda mejlisiň halk deputatlaryny saýlamak üçin 7-nji gezek saýlaw geçirildi.

17 partiýanyň gatnaşmagynda geçirlen saýlawlarda 3 million 600 müň saýlawçy ses berdi.

Saýlawyň resmi bolmadyk netijelerine görä, Gürjistanyň hyýaly atly partiýa sesleriň 51 göterimini aldy we azyndan 100 halk deputaty bilen Mejlisde wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

Partiýanyň lideri milýarder işewür adamy İwanişwili paýtagt Tibliside sesleriň 77 göterimini almagy başardy.

İwanişwili saýlaw ýeňişinden soň beren ilkinji beýanatynda ykdysadiýete we galkynyşa ünsi çekdi.

“Ýurduň ykdysady taýdan öňe gidişlik etmegi üçin uly tagalla ederin” diýen İwanişwili Gürjistanyň halkyna iş mümkinçiliginiň dörediljekdigi barada söz berdi.

Gürjistanyň Prezidenti Saakaşwili hem jebislik we bitewilik ýüzlenmesini berdi.

referans: www.trtturkmen.com 

Degişli makalalar

Atavatan Applikasiýasy Täzelendi: Intellektual Sahypamyz Goşuldy

Türkmenistan-ÝUNISEF: adamlaryň abadançylygynyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Astrahan Oblastynyň Gubernatoryny Kabul Etdi

syrach