18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Karimow bilen ýokary derejedä gepleşikler geçirildi.

Bu sapar döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazar, bu bolsa, taraplaryň hoşmeýilli erkine, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, şeýle hem türkmen we özbek halklaryny köp asyrlardan bäri baglanyşdyrýan medeni-ruhy ýörelgeleriň umumylygyna esaslanýar. 

Ýokary derejedäki nobatdaky türkmen-özbek gepleşikleriniň gün tertibine soňky ýyllarda kuwwatly itergi berlen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriň giň toplumy giriziler. Häzirki döwürde ilkibaşdan deňhukuklylyga we netijelilige esaslanyp, milli derejede ileri tutulýan ugurlary we umumy abadançylyga mahsus ýörelgeleri göz öňünde tutmak arkaly guralýan döwletara gatnaşyklaryna täzeden badalga berildi we olaryň many-mazmuny has-da baýlaşdyryldy. Türkmenistan we Özbegistan hyzmatdaşlygyň köp ugurly mümkinçiliklerine eýe bolmak bilen, şolardan has netijeli peýdalanmaga çalşyp, iki tarapyň hem doly möçberli hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydygyny tassyklaýar. 

Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklaryň türkmen-özbek gatnaşyklaryny sazlaşykly ösdürmekde wajyp ähmiýetli ýagdaýa öwrülendigi şübhesizdir, däp bolşy ýaly, bu duşuşyklar özara düşünişmek we ynanyşmak ruhunda geçip, häzirki döwürdäki ýagdaýlary we geljekki meýilleri göz öňünde tutmak arkaly, özara arkalaşykly hereket etmegiň meselelerine oňaýly çemeleşmek üçin amatly şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Islam Karimowyň arasyndaky öňki gepleşikleriň geçen ýylyň maý aýynda türkmen Lideriniň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Daşkentde geçirilendigini bellemek gerek. 

Ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyndan ybarat bolan şertnamalaýyn-hukuk binýady türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösdürilmegine badalga berýär. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasynda ýola goýlan syýasy gepleşik netijeli häsiýete eýedir. Dürli derejedäki wekiliýetleriň özara saparlary, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine degerli ýardam berýär. Şu ýylyň awgustynda Aşgabatda iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda türkmen-özbek geňeşmesi geçirildi, oňa gatnaşmak üçin bu goňşy ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary K.Raşidowyň ýolbaşçylygynda Özbegistan Respublikasynyň wekilçilikli topary paýtagtymyza geldi. 

Soňky ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlyga güýçli badalga berildi, muňa iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň yzygiderli artmagy aýdyň şaýatlyk edýär. Taraplaryň baglaşan ylalaşyklaryny iş ýüzünde amala aşyrmakda, birgiden pudaklarda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda we diwersifikasiýa etmekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň işine uly ähmiýet berilýär, bu toparyň nobatdaky, 8-nji mejlisi sentýabryň birinji ongünlüginde Daşkent şäherinde geçirildi. Telekeçilige degişli ugur boýunça işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmek üçin amatly mümkinçilikler döreýär, iki ýurduň haryt öndürijileriniň bilelikdäki işewürlik maslahatlarynyň geçirilmegi we olaryň önümleriniň sergileriniň guralmagy muňa degerli ýardam berýär. Bir söz bilen aýdanyňda, Türkmenistan we Özbegistan özara söwdany ösdürmek, maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara peýdaly taslamalary amala aşyrmak üçin oňaýly mümkinçiliklere eýdir. 

Ýangyç-energetika toplumy döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berlen Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça bilelikde amala aşyrylan uly möçberli taslama netijeli we özara arkalaşykly hereket etmegiň ajaýyp nusgasy hasaplanýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ХХI asyryň bu uly möçberli taslamasynyň durmuşa geçirilmegi ählumumy energetiki howpsuzlygyň täze, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ulgamyny döretmek işine goşulan anyk goşanda öwrüldi. Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegine-de uly umyt baglanýar, munuň özi goňşy iki döwletiň amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir. Oba hojalygy we başga-da birnäçe pudaklarda özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler bar. 

Gumanitar hyzmatdaşlyk hem döwletara gatnaşyklarynyň wajyp ähmýet berilýän ugry bolup durýar, bu hyzmatdaşlyk taryhyň dowamynda emele gelen medeni däp-dessurlara hem-de gadym döwürlerden bäri türkmen we özbek halklaryny baglanyşdyrýan ruhy we ynsanperwer gymmatlyklara esaslanýar. Ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek arkaly oňyn tejribäniň toplanylmagy, medeniýet we döredijilik boýunça gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylmagy özara arkalaşykly hereket etmegiň peýdaly netijeleri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça turkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyny muňa mysal görkezmek bolar, bu çäre 2010-njy ýylyň oktýabrynda Daşoguz welaýatynda geçirildi. 

Aşgabatda ýokary derejede geçiriljek şu gepleşikleriň, ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn, sebitdäki we halkara guramalarynyň hem-de düzümleriň çäklerindäki türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine ýardam berjekdigi şübhesizdir. Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar, bular döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, uzakmöhletleýin geljegi nazara almak arkaly, netijeli hyzmatdaşlygyň çaltlandyrylmagyna ýardam berer. 

Mahlasy, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda nobatdaky wajyp ähmiýetli ädim ädilýär, şol gatnaşyklar bolsa, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň asylly ýörelgelerine laýyk guralýar hem-de doganlyk iki ýurduň we halklaryň abadançylygy hem-de rowaçlygy bilen bagly bähbitlere laýyk gelýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Ukrainanyň OKKO Kompaniýasy Türkmenistandan Nebit Önümlerini Import Etmegi Meýilleşdirýär

Prezidentimiz howa ýollary ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar bilen tanyşdy

syrach

Prezidentimiz “Kazakstan Temir Joly” Müdiriýetiniň Başlygyny Kabul Etdi

syrach