01.12.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Guýy nebit berdi.

Altyguýy ýatagynda 22-nji gözleg-barlag guýysy nebitiň güýçli akymyny berdi. Guýyny burawlamak işlerini “Türkmennebit” Döwlet konserniniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri alyp bardylar.

Nebitiň akymy 4018 metr çuňlçkdan alyndy. Işleri ussa Annatuwak Saparowyň ýolbaşçylyk edýän burawçylar topary ýerine ýetirdi. Bu guýy eýýäm “Gamyşlyjanebit” nebit çykaryjy müdirliginiň hünärmenlerine ulanyşa berildi.

Körpeje buraw işleri müdirligi Türkmenistanyň günorta-günbatarynda Gögerendag-Ekerem nebitgazly sebitde gözleg we ulanyş guýularyny burawlamak işlerini ýerine ýetirýär.

Degişli makalalar

Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdeleri Üçin Maglumat

Türkmen Küştçüleriniň Medallary we Rekordlary

syrach

Türkmenistanda Ýewropa Komissiýasynyň Wise-Prezidenti Bilen Duşuşyk

syrach