15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Iş Toparynyň Ilkinji Mejlisi Geçirildi

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen Küşt we şaşka mekdebinde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek boýunça döredilen Iş toparynyň ilkinji mejlisi geçirildi.

Bu çärä Iş toparynyň düzümine girýän ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hukuk goraýjy we harby edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga hünär öwrenmäge, döredijilikli hem yhlasly zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmek ugrunda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak hem-de bu ugurda öňde duran wezipeler barada pikir alyşdylar.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Halkara Bitaraplyk Gününe Döredijilik Sowgady

Balkanabatda Täze Demir Ýol Menzili Guruldy

syrach

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Göçme Mejlisi

syrach