13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Gypjakda Medeniýet öýi açyldy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk ýubileýiniň ýylynyň ilkinji günleriniň birinde – Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gypjak obasynda Medeniýet öýi açyldy. Ol «Türkmennebitgazgurluşyk» döwlet konserniniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary ýerlerde medeniýet edaralarynyň işjeňliginiň ýokarlanmagyna täze kuwwatly itergi berdi. Şoňa laýyklykda 2010-njy ýylyň 1-nji aprelinden Aşgabatda we welaýatlarda täze döredilen çagalar çeperçilik we sungat mekdepleri, şäher kitaphanalary işe başladylar, obalarda we şäherçelerdäki klublar bolsa Medeniýet öýi diýen ýokary derejä eýe boldular.

Medeniýet öýüniň açylyşynyň dabarasyna hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, medeniýet we bilim işgärleri, ýurdumyzyň dürli edaralarynyň we nebitgaz pudagynyň we Ruhabat etrabynyň kärhanalarynyň işgärleri, şeýle hem Gypjak obasynyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Medeniýet öýüniň – durmuş-medeni maksatly wajyp desganyň işe girizilmegi mynasybetli gutlag sözleri yglan edildi.

Ahal welaýatynyň sungat işgärleri dabara gatnaşan ähli myhmanlary ajaýyp aýdymlar, sazlar we tanslar bilen garşyladylar.

Täze Medeniýet öýünde 200 orunlyk kinozaly, surat we saz studiýalary, Internet-kafe, leksiýalar we okalga otaglary, sergileri geçirmek üçin zal, tansçylar üçin türgenleşik zaly, küşt kluby, şeýle hem gyzyklanmalar boýunça beýleki dürli gurnaklar üçin giň otaglar ýerleşýär.

Dabaranyň çäklerinde täze Medeniýet öýüniň kino zalynda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri baradaky dokumental film görkezildi. Sergiler zalynda bolsa «behişdi bedewler» üçin milli zergärlik bezegleriniň sergisi guraldy.

Şanly waka mynasybetli, Watanymyzyň gülläp ösüşiniň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Türkmengaz” Döwlet Konserniniň Başlygynyň Wezipesini Ýerine Ýetiriji Bellenildi

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl

turkmenhabargullugy

Bioköpdürlülik Boýunça Milli Hasabat Bilen Tanyşdyrylyş Boldy