19.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA

Gyýanlydaky GHT-niň Gurluşyk Işleri Ýokary Depginler Bilen Alnyp Barylýar

Gyýanlydaky GHT-niň Gurluşyk Işleri Ýokary Depginler Bilen Alnyp Barylýar

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde gurulýan polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynda 2017-nji ýylyň birinji çärýeginde sazlaýyş işlerini geçirmeklik meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda çenli bu ýerde işler 90 göterim ýerine ýetirildi. Kärhanany 2018-nji ýylda ulanyşa bermek meýilleşdirilýär.

2016-njy ýylda potratçy edaralar ýokary depginleri üpjün edip gurluşyk işleriniň esasy bölegini ýerine ýetirdiler, diýip «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça müdirligi habar berýär. Gurluşyk meýdançasyna esasy enjamlaryň onlarçasy getirildi we oturdyldy. Taslamanyň tehnologiki shemasyna laýyklykda estakadalar guruldy, ýersüti we ýerasty turbageçirijiler çekildi. Suw, uglewodorodlary saklamak üçin rezerwuar parklary, köpsanly binalar we desgalar guruldy. Elektrik kabel ulgamlary çekilýär, katod gorag ulgamy enjamlaşdyrylýar.

Müdirligiň berýän maglumatlaryna görä, taslamany durmuşa geçirmäge 1,3 müň işgär we inžener-tehniki hünärmenler gatnaşýar, onlarça daşary ýurt we ýerli gurluşyk kompaniýalary hereket edýär. Şolarda Koreýanyň, Ýaponiýanyň, Türkiýäniň, Germaniýanyň, Hindistanyň, Filippinleriň ýokary hünär başarnykly hünärmenleri, «Türkmengaz» DK-nyň 100-den gowrak hünärmeni zähmet çekýär. Iri möçberli gurluşyk meýdançasynyň dürli ýerlerinde 1280-e golaý ýokary önümçilikli gurluşyk tehnikalaryndan peýdalanylýar.

Bu iri taslama ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge hem-de 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürmäge niýetlenendir. Desganyň gurlşygy «Hyundai Engineering Co.,», «LG International Corp.» we «TOYO Engineering Corp.» kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan durmuşa geçirilýär. Taslamada Ýaponiýanyň “TOYO”, Beýik Britaniýanyň INEOS, ABŞ-nyň LUMMUS, GRACE kompaniýalarynyň himiýa we gazy gaýtadan işlemek boýunça tehnologiýalary ulanylýar.

Bu ýerde gürrüň uglewodorod gazlaryny ýokary goşulan baha eýe bolan dürli görnüşli himiýa önümlerine toplumlaýyn gaýtadan işleýän özboluşly taslama barada barýar. Dünýäde bar bolan şu hili önümçiliklerden tapawutlylykda, gurulýan kärhanada tebigy gazy tapgyrlaýyn arassalamak, fraksiýalara bölmek, termiki kreking we olefinleri polimerlemek işleri alnyp barlar. Bu bolsa dünýä tejribesinde diýseň seýrek duş gelýär.

Bu taslamanyň eksport-kredit agentlikleri tarapyndan maliýeleşdirilýän Ýewropanyň we Aziýanyň 2014-nji ýylda iň oňat on taslamalarynyň biri hökmünde «TXF» (Beýik Britaniýa) guramasynyň ýörite baýragyna mynasyp bolandygy hem ýöne ýerden däldir.

Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge ýardam bermän, eýsem, onda öndürilen önümleri daşarky bazarlara hem ibermäge ýardam eder. Bu bolsa öz gezeginde döwlet gaznasyna gelýän girdejini ep-esli artdyrar.

Degişli makalalar

GDA Agza Ýurtlary : Abraýly Ýokary Okuw Jaýlary 2020

turkmenhabargullugy

Ýeňşiň Ýubileýiniň Hormatyna Elbrusa Çykyldy

syrach

Ýurdumyzyň Iň Gowy Etrabyna Baýrak Gowşuryldy

turkmenhabargullugy