18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY

Hala Ýazylan Ýagşy At

Haly hakynda Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly kitaplary bu ebedi gözellige sözden dikilen ajaýyp heýkeldir. Türkmen gelin-gyzlarynyň çeper ellerinden döreýän bu sungat tebigat gözelliklerinden, mährem ýürekleriň zehin-yhlasyndan hasyl bolýar.
Türkmen halylarynyň üýtgeşik tarapy, olar düşelen ýerlerine toý öwüşginlerini, egsilmez mähir paýlaýar. Şindi üns berseň, kümüş saçly enelerimiziň halynyň ýüzüni üýtgeşik bir mähir bilen sypamasy bardyr. Munuň özi gözellik dünýäsine özboluşly tagzymdyr.
Obamyzda Hallygözel diýen bir ezber halyçy zenan bolupdyr. Biz çaga döwrümiz ol hakda «Hally mama ökde halyçydy» diýýänlerini ýygy-ýygydan eşiderdik. Hally mama özüniň çeper el hünäri bilen ýagşy adyny hala ýazanlardandy. Munuň şeýledigine bir sapar özümiz hem şaýat bolduk. Hally mamanyň agtygy Amangüller päk zähmetinden ýygnan halal puluna bişen kerpiçden salnan täze jaýyna göçdüler. Täze jaýy nepis el halysy ýaly bezeýän başga näme bar?! Şonda öýüň töründe bägül ýaly bolup açylan, düşegi gyrmyzy haly hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şonda ol: «Enem agtyklarynyň her birine niýetläp haly dokapdyr. Ine, bu haly bolsa enemiň maňa niýetläp dokan halysy» diýdi. Ondan bäri nijeme ýyllar geçipdir. Emma Amangülüň buýsançly ýylgyryp aýdan sözleri henizem ýadymdan çykanok.
Halynyň eçilýän mähri üýtgeşik bolýar. Şindi görseň, halyçy gelin-gyzlaryň ýüzünde üýtgeşik mähir bardyr. Agraslyk, asyllylyk, sabyrlylyk halyçyny özgelerden tapawutlandyrýan ýene bir aýratynlykdyr. Şeýdip, türkmen zenany özüniň mährem ýüreginiň aýdymy bolan hala öz ýagşy adyny ýazýar. Ol bolsa onuň perzentleriniň, agtyk-çowluklarynyň hem buýsanjyna öwrülip, uzak-uzak ýyllar ýaşaýar.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Tans Sporty Sizi Haýran Galdyrmana Taýýar Wideo

TÜRKMENISTAN TÜRKIÝEDEN ÜÇ SAGAT ÖÑ

syrach

Ýewrowideniýe aýdym saz bäsleşiginiñ ýeñijisi Şwesiýa boldy.

syrach