18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Halkara “Atawatan Türkmenistan” Žurnalynyň Täze Sany Çapdan Çykdy

Halkara “Atawatan Türkmenistan” Žurnalynyň Täze Sany Çapdan Çykdy

Dünýäniň birnäçe ýurtlarynda paýlanşygy amala aşyrylan Halkara “ATAWATAN TÜRKMENISTAN” halkara žurnalynyň täze sany çykdy. Türkmenistanda Bedew baýramynyň dabarasynda paýlanşygy başlanan žurnalyň täze sany Aziýa Oýunlaryna bagyşlanandyr. Şu ýyl Aşgabatda geçiriljek Aziýa Oýunlaryny bagyşlanyp çykarylan žurnalda sport pudagynda möhüm şahslaryň makalalary neşir edildi.

Şeyh Al-Sabah Atawatan Türkmenistan žurnaly üçin ýazdy

Atawatan Türkmenistan žurnalynyň täze sanynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň başlygy Şeyh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň žurnalymyz üçin ýörite ýazan makalasy çap edildi. Şeýle hem žurnalyň täze sanynda Halkara Sport Metbugaty assosiasiýasynyň Aziýa Sport Metbugaty (AIPS ASIA) prezidenti Mohammad Kasım, Halkara Sport Metbugaty assosiasiýasynyň Afrika Sport Metbugaty (AIPS AFRICA) prezidenti Obi Mitçel Okekukwi, Halkara Sport Metbugaty assosiasiýasynyň Ýewropa Sport Metbugaty (AIPS EUROPE) prezidenti Ýannis Darasyň makalalary çap edildi. Sport Metbugaty pudagynda dünýäniň 3 yklymyna wekilçilik edýän halkara guramalaryň ýolbaşçylary Aziýa Oýunlary hakyndaky garaýyşlaryny Atawatan Türkmenistan žurnalynyň üsti bilen halkara okyjylar köpçüligi bilen paýlaşdylar. Atawatan Türkmenistan žurnalynyň täze sanynda şeýle hem Aziýa Oýunlary hakynda giňişleýin maglumatlara ýer beren makalalar çap edildi.

Žurnalymyz hemaýatkärleriň kömegi bilen çap edilendir

Tölegsiz paýlanan Atawatan Türkmenistan žurnalynyň ilkinji çap edilen gününden başlap takmynan 110 müň sany çap edilip, Türkmenistan we Türkiýeden başlap dünýäniň ähli künjegine paýlanandyr. Žurnalymyzyň her sany www.atavatan-turkmenistan.com sahypasynda PDF we e-žurnal formatynda ýerleşdirilip, ýüzlerçe okyjylar üçin aňsatlyk döredildi. Žurnalymyzyň täze sany Tepe Türkmen, Türk Howa Ýollary, Halil Avcı Grup, Nata Holding, Sabancı uniwersiteti, AO Smith Su Tehnologiýalary, Net Organization, SchneiderElectric, ArifiyeFıdancılık, Elden Ele, Makul Hyzmat Terjime Merkezi, Ahal Teke Danismanlik, www.turkmenhabargullugy.com ve www.turkmenlawyer.com Hukuk ofisiniň goldawy esasynda çap edildi.

Çeşme:  Atawatan Türkmenistan habarlar Agentligi (ATHA)

 

Degişli makalalar

SA Interbudmontaž Kompaniýasynyň Hünärmenleri Aşgabatda Drenaž Aragatnaşyk Tonneliniň Gurluşygyny Tamamladylar

turkmenhabargullugy

Halkara Ulag Maslahaty – Daşary Ýurt Metbugatynda

Prezidentimiz Azerbaýjanyň Prezidentine Gynanç

syrach