15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Halkara Gurluşyk Sergisine Taýýarlyk

2015-nji ýylyň 2-nji Aprelinde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow  gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň  ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer paýtagtymyzda şu ýylyň 8-10-njy apreli aralygynda Halkara gurluşyk sergisini we ugurdaş maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda geçirilýän bu iri foruma dünýäniň onlarça ýurdundan 100-den gowrak kompaniýalar gatnaşar. Sergide gurluşyk, gurluşyk serişdeleri, ýol gurluşygyna we beýleki ugurlara degişli harytlar, işi ýöretmegiň täzeçe usullary, döwrebap tehnologiýalar görkeziler. 

Degişli makalalar

Türkmenistan Astanada Geçirljek “EXPO-2017” Bütindünýä Sergisine Gatnaşar

turkmenhabargullugy

Gadymy Merwiň galalary.

syrach

Taryh