20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Halkara Nebit we Gaz Uniwersitetiniň Talyplary…

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary nazary bilimlerini tejribede berkidýärler

Iň täze ylmy işläp taýýarlamalar bilen baglanyşykly önümçilik wezipelerini üstünlikli çözmäge ukyply ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak işi diňe bilim bermekligi ylmy-barlag işi bilen utgaşykly alyp barmak arkaly mümkindir. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň barlaghanalarynda mugallymlar we talyplar tarapyndan yzygiderli geçirilýär.

Uniwersitetiň barlaghanasy dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlar we tehnikalar bilen üpjün edilendir. Bu ýerde talyplar nebitgaz guýularyny burawlamagyň tehnologiýasy bilen tanyşýarlar, guýulary işläp taýýarlamagyň ähli tapgyrlary barada düşünje alýarlar. Talyplar öndürijilikli plastlary ýüze çykarmagyň tehnologiýasy, guýulary gyýtak-ugrukdyrylan burawlamak, buraw ergini bilen guýulary arassalamak, guýulary berkitmegiň we sementlemegiň tehnologiýasy ýaly dersler boýunça nazary bilimlerini iş ýüzünde berkidýärler.

Nebit we gaz guýularyny burawlamak fakultetiniň talyplary şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Nebit we gaz institutynda göçme amaly sapaklary hem geçdiler. Bu institutyň barlaghanalary we taslama ussahanalary döwrebap tehnikalar we enjamlaryň ähli görnüşi bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýokary tehnologiki enjamlaryň ulanylmagy ylmy barlaglaryň gerimini giňeltmäge, olaryň mowzuklaryny açmaga we amaly endikleri artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Şeýlelikde, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň ylmy-barlag işlerine gatnaşmagy olara geljekde diňe bir amaly endiklerini berkitmäge, hünär bilimlerini artdyrmaga däl, eýsem, hünär başarnyklaryny we ukyplaryny ösdürmäge hem ýardam edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, geljekde hünär işinde üstünlik gazanmaklaryna mümkinçilik berer.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

“Daýhanbank” Bilen “Köpetdag” Ýaryş Tertibinde Öňdäki Orunlary Eýeleýärler

Oba hojalyk adalgalaryň sözlügi çapdan çykdy.

syrach

Zenanlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Milli Bäsleşigi Yglan Edildi

turkmenhabargullugy