24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
DURMUŞ

Haly – Taryhy Resminama

Türkmen halysy – bütündünýä tarapyndan ykrar edilen we türkmen halkynyň ynsan ösüşiniň gymmatlyklaryna ajaýyp goşandy bolan biziň ýurdumyzyň baş buýsanjyna öwrüldi. Eger-de uzak wagtlap ulanyp bolmagy we inçeligi, gölleridir nagyşlary we dürlin reňklere baý bolmagy ony gymmatly bezeg esbabyna öwürse, onda onuň filosofiki tarapdan baýlygy we çeperçilik taýdan owadanlygy ony ýokary sungat eserine öwürýär. Ýöne halylar özünde etnografiýa we türkmen halkynyň medeniýeti boýunça köp asyrlyk maglumatlary özünde jemleýän taryhy resminamalardyr hem. Hala çitilen gölleri okap bilýän adama olar halyny döreden adamlar barada gürrüň berer. Türkmen halylary diňe bir öz özboluşly gölleridir nagyşlary bilen özüne çekmän, eýsem olar türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçen anyk taryhy wakalar barada gürrüň berýärler. Şeýle halylaryň biri hem “Atly ýörüş” atly halydyr. Bu haly türkmen çapyksuwarlarynyň ahalteke we ýomut bedewleri bilen 1935-nji ýylda “Aşgabat-Moskwa” aralygyna geçirilen atly ýörüşine bagyşlanyp dokalan halydyr. 



Özüniň ölçegi boýunça uly bolmadyk (331 х202 çm), ýöne özüniň owadanlygy we taryhy gymmatlygy boýunça uly ähmiýete eýe bolan bu haly 1937-nji ýylda Aşgabadyň haly fabriginde dokalyp, ol häzir Moskwada Bütünrussiýa amaly-haşam we halk sungaty muzeýinde saklanýar. Bu halynyň ykbaly, onuň sýužeti we onuň bilen bagly wakalaryň taryhda deňi-taý ýokdur. Uzynlygy 4300 kilometr bolan atly ýörüşiň çylşyrymly ýolunyň 350 kilometri çölüň üsti bilen geçdi hem-de urşuň öň ýanyndaky ýyllarda türkmen bedewleriniň çydamlydygyny we ygtybarlydygyny görkezdi. Sebäbi şol wagtlar atly goşun möhüm söweşjeň güýç hasaplanýardy. 

Türkmen çapyksuwarlary bu aralygy Garagumyň, Üstýurduň üstünden geçip, 84 günde geçdiler. Şol ýyllaryň metbugatynyň ýazşy ýaly: “özdiýenli tebigat olaryň ýolunda kynçylykly päsgelçilikleri döredip, özüniň her-hili ýowuzlgyny görkezýärdi. Ol bu ýolagçylary uzak wagtlap suwsuz goýupdy, olar günüň jokrama yssysynda ýöreýärdiler, çöllükde atlaryň aýýaklary dyzyna çenli çägedir guma çümýärdi. Tebigat adamlaryň erjelligini, gaýduwsyzlygyny, atlaryň çydamlylygyny synagdan geçirýärdi”. Şol ýyllaryň metbugatynyň hökümet resminamalarynda we habarlarynda türkmen atlylarynyň Aşgabat-Moskwa aralygyny geçmeklerini “bütindünýä taryhynda deňi-taýy bolmadyk” gahrymançylykly herket diýip atlandyrypdyrlar. Ýoluň ahyrynda olara dabaraly kabul edişlyk garaşýardy. Bu wakanyň şaýady bolanlaryň ýatlaýyşlary ýaly, “köp müň ilatly Moskwada adamlar ýollaryň, ýanýodalryň ugrunda edil lenta çekilen ýaly durup, elleri gülli öz öýleriniň ýanynda, penjirelerde, hatda üçeklerde hem hormatly myhmanlara garaşýardylar; Moskwa görlüp-eşdilmedik menzili geçen türkmen bedewleriniň toýnaklarynyň aşagyna gül düşeýärdi”. 



Bu taryhy waka bagyşlanyp dokalan haly özüniň gaýtalanmajak owadanlygy, taryhy hakykatlylygy, halkyň müňlerçe ýyllyk däp-desurlaryny we türkmen täzeçillik haly dokamak usulyny utgaşmasy bilen haýran galdyrýar we hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Onda türkmen halyçylyk sungaty üçin düýbünden täze süýužet şekili halynyň merkezinde gaýma bilen däbe öwrülen usullarda sazlaşykly birleşdirilipdir. Taryhy ýörüşi beýan edýän ajaýyp halyda gahrymanlar, olaryň lybaslary we bedewleriň bezelişi, olaryň geçen ýollarynyň landşafty örän takyk beýan ediliupdir. Atlylaryň ýüzlerini keşplerini, tebigatyň owadanlygyny, bedewleriň şekillerini örän takyk şekillendirmäge halyçylara halynyň örän syk dokalmagy (her bir inedördül metrde 4800-5000 çitim bar) kömek edipdir, halyny tüýjümegini örän gysgalygy (2-2,5 mm) we 50-den gowrak reňkler ulanylmagy onuň aýratyn taraplarynyň biridir. Özi hem ýörüşe gatnaşyjylar hereket edýän ýagdaýda berilipdir. Bu haly dokamak tehnikasynda örän çylşyrymly usuldyr. Türkmen halyçylaryna hem atlylary portret hökmünde görkezmegi, hem dürli reňkleri, hatda bedewleriň beden gurluşlaryny bermek başardypdyr. 

Elde dokalan “Atly ýörüş” halysy dokalyp bolandan birnäçe ýyl soňra Nýu-Ýorkda geçirilen halkara sergisinde görkezilýär, Bütünrussiýa amaly-haşam we halk sungaty muzeýiniň işgärleri diňe onlarça ýyldan soňra bu ajaýyp türkmen halysy bilen halk köpçüligine tanyşdyrýarlar. Geçen ýyl Moskwada geçirilen adaty däl sergide ol bir aýyň dowamynda ýeke-täk eksponat boldy. Onuň üçin aýratyn ýörüte zal berilip, onda telewizorlaryň ekranlarynda geçen asyryň otuzynjy ýyllarynyň hronikal kinolentalary we fotosuratlary görkezildi. Taryhyň gatyna siňen ýyllaryň wakalaryna aralaşmaga Moskwanyň XVIII asyra degişli bolan – muzeýiň häzirki ýerleşýän ýerinde, gadymy binasynyň howlusynda hakyky ahalteke bedewiniň peýda bolmagy şert döretdi. Edil halydan düşüp gelen ýaly bu dor bedew özüniň tebigy taýdan owadalygy bilen bu ýere ýygnanlary haýran galdyrdy. Bu bedew türkmen halkynyň aýawly saklap we bu arassa ganly behişdi bedewleri ösdürmekde zehin başarnyklarynyň önümi hökmünde gaýtalanmajak nyşana öwrüldi. 

Ahakteke bedewleri häzirki döwürde hem türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň eserlerinde mynasyp orny eýeleýär. Biziň günlerimizde halylarda türkmen tebigatynyň owadanlygyny, biziň ýaşaýan döwrümiüiň öwüşginini görmek bolýar. Türkmen halyçylarynyň sazlaşykly çykýan darak sesleriniň astynda, agzybirlikde çitýän gölleri esasynda täze taryhy döwri beýan edýn ajaýyp halylar öndürilýär.

Degişli makalalar

Bildiriş

Stambul Şäherinde Halkara Nowruz Baýramy Mynasybetli Dabaraly Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy

Konstitusion Toparyň Ýanyndaky Iş Toparynyň Maslahaty

turkmenhabargullugy