27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 

Berkarar Watanymyzda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilen özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberi yzygiderli artyp, bu görkeziji ýylyň başyndan bäri 10 göterim derejede durnukly saklanýar. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberi 5,2 göterim artdy. Zähmet haklarynyň möçberi hem 110 göterim köpeldi. 

Geçen döwür bilen deňeşdirilende jemi içerki önümiň düzüminde senagatyň paýy artyp, onuň ösüş depgini 10,2 göterime barabar boldy. Gurluşyk pudagynda hem 11,1 göterim ösüş gazanyldy. Söwda, ulag we aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamlarynda hem ösüş depgini ýokary bolmagynda galýar. Ýurdumyz boýunça umumy bahasy 50 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 2 müňden hem köp iri desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde biz göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň ählisini gurup, ulanmaga berdik. Şolaryň hatarynda 184 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan belent ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, çagalar baglary we köp sanly beýleki durmuş maksatly desgalar bar. 

Kabul eden maksatnamalarymyza laýyklykda, ýurdumyzda bilim we ylym ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýetine geçilýär. Täze nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we gaz geçirijileri gurmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, beýleki möhüm ähmiýetli taslamalar hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. 

Biz ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermek boýunça alyp barýan syýasatymyzy dowam edýäris. Telekeçileri ykdysadyýetimizde özgertmeleri durmuşa geçirmäge giňden çekmek boýunça netijeli işleri alyp barýarys. Olaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda barha ynamly işleýändiklerini aýratyn bellemek isleýärin. 

Mysal üçin, oba hojalygynda hususy telekeçiligiň paýy eýýäm 92,5 göterime, gurluşykda 76 göterime, söwda ulgamynda 91 göterime, senagatda 61 göterime barabar boldy. Umuman, häzirki döwürde jemi içerki önümiň düzüminde döwlete dahylsyz pudagyň paýynyň 64,5 göterime barabardygyny bellemek isleýärin. 

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 

Şonuň bilen birlikde, siziň bilşiňiz ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaý çylşyrymly bolmagynda galýar. Umuman, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda oňat netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, dünýä ykdysadyýetindäki bar bolan meseleler ýurdumyzyň ykdysadyýetine hem ýaramaz täsir edýär. Beýleki döwletleriň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryndaky çylşyrymly ýagdaýlar hem belli bir kynçylyklary döredýär. Bu kynçylyklar ýurdumyza hem öz täsirini barha köp ýetirýär. Ykdysadyýetimiziň ösüş depginini belli bir derejede bökdeýär. Döwletimiziň eksport we import mümkinçilikleriniň, haryt dolanyşygynyň, alýan girdejileriniň peselmegine getirýär. 

Öň hem belläp geçişim ýaly, şeýle şertlerde biz döwletimiziň ykdysady syýasatyny özgertmeli bolýarys. Häzirki döwürde biziň öňümizde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebit pudagyna degişli bolmadyk pudaklaryny ösdürmek wezipesi durýar. Şoňa görä-de, Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny hem-de Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamak möhüm wezipe bolup durýar. 

Şoňa görä-de, ýurdumyzda haýsy önümleri öndürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny, bu önümleri öndürmek üçin çig mal serişdeleriniň, adam mümkinçilikleriniň we beýleki serişdeleriň ýeterlik möçberde bardygyny hemmetaraplaýyn öwrenmeli. Biziň ýurdumyz gazylyp alynýan tebigy serişdeleriň gorlaryna örän baý ýurtdur. Şoňa görä-de, daşary ýurtlardan erkin ýörgünli pula satyn alynýan önümlerden birjik-de pes bolmadyk, ýokary hilli önümleri öndürip biljek köp sanly kärhanalary döredip bileris diýip pikir edýärin. 

Biz ýurdumyzda öndürilýän dürli önümleriň eksportuny hem netijeli gurap bileris. Şu maksat bilen, nebitgaz pudagyndan başga-da, eksportuň esasyny düzjek 5–10 ugry, daşary ýurtlara ibermäge niýetlenip öndüriljek harytlaryň sanawyny anyk kesgitlemeli. Soňra bolsa, bu ugurlar boýunça önümçiligi talaba laýyk guramaly, kärhanalary döwrebaplaşdyrmaly, önüm öndürijileri kemala getirmeli. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyply bolmagyny has-da ýokarlandyrmaly. Şeýle hem, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň ýerlenjek bazarlaryny hem anyk kesgitlemeli. 

Mysal üçin, ýurdumyzda köp möçberde ýokary hilli üzüm öndürilýär. Biz özümizde öndürilýän üzümi we üzümden öndürilýän önümleriň dürli görnüşlerini daşary ýurt bazarlaryna amatly şertlerde çykaryp bileris. Bizde şeýle mümkinçilikleriň örän köpdügini bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary we häkimler bu meseläni düýpli öwrenmeli. Şol sanda dürli ykdysady çökgünlikleriň netijelerini ýeňip geçmek üçin ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça zerur işleri alyp barmaly. 

Biz ýurdumyzyň ýeňil senagatyna, iri senagat pudaklaryna we gaýtadan işleýän pudaklara köp möçberde serişdeleri gönükdirýäris. Ýöne muňa garamazdan, nebit önümleri hasaba alynmanda, beýleki pudaklar boýunça eksport edilýän önümleriň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki paýy bary-ýogy bir milliard amerikan dollaryna barabardyr. Bu görkezijiniň örän azdygyny bellemek isleýärin. Şoňa görä-de, 2020-nji ýyla çenli beýleki pudaklar boýunça eksportuň möçberini 5 milliard amerikan dollaryna ýetirmek babatda degişli maksatnamalary işläp taýýarlamaly. 

Ýurdumyzda köp sanly demir we awtomobil ýollarynyň gurlandygyny hem bellemek isleýärin. Bu bolsa, söwda ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. «Demirgazyk–Günorta» we «Gündogar–Günbatar» ugurlar boýunça daşary ýurtlar bilen söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns bermeli. 

Şonuň bilen birlikde, Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmaýarys diýip pikir edýärin. Şoňa görä-de, Günorta we Demirgazyk ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary has güýçli depginler bilen ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Sebäbi, bu ugurlarda Aziýa ýurtlarynyň iri maliýe we haryt bazarlary ýerleşýär. Biz bu ugurlarda öňümizde durýan wezipeleri ýakyn wagtlarda üstünlikli durmuşa geçirmelidiris. Şu maksatlardan ugur alyp, ähli ýolbaşçylaryň öňünde möhüm ähmiýetli wezipeleriň durýandygyny bellemek isleýärin: 

A.Goçyýew, maliýe-ykdysady toplumyň ýolbaşçylarynyň işleýşinden entek nägiledigimi aýtmak isleýärin. Sebäbi häzirki döwürde býujet serişdeleriniň göz öňünde tutulmadyk we zerur bolmadyk möçberde sarp edilmegine ýol berilýär. Pudaklarda dolandyryş ulgamy gereginden artyk ulaldylypdyr. Dolandyryş ulgamynda zerur bolmadyk, artykmaç düzüm birlikleri bar. Käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgär wezipe sany zerur bolmasa-da artdyrylypdyr. Telekeçilik düzümlerini hasaba alyş işi hem talaba laýyk ýola goýulmandyr. Bellenip geçilen kemçilikleri düýpli seljermeli we olary düzetmek boýunça ähli zerur çäreleri görmeli. 

Çykyşymda ýaňy hem belläp geçişim ýaly, Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasyny we Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamasyny gysga wagtyň içinde işläp taýýarlamaly. 

A.Nurberdiýewa, Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly möhüm meseleler boýunça Ministrler Kabineti bilen bilelikde netijeli işleri alyp barmaly. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenip, kämilleşdirilen täze nusgasynyň taslamasyny taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Şu ýyl Ýaşulularyň maslahatyny ýokary derejede guramaçylykly geçirmek üçin häzirden gowy taýýarlyk görmeli. 

Daşary işler ministrliginiň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Şu ýylyň ikinji çärýeginde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti daşary ýurtlaryň birnäçesinde saparda bolar. Şeýle hem, daşary ýurtlaryň Hökümet wekiliýetleriniň ýurdumyza saparlary göz öňünde tutulýar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda birnäçe halkara maslahatlary geçiriler. Şoňa görä-de, bu çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmäge düýpli taýýarlyk görmeli. Degişli halkara resminamalaryny taýýarlamaly. 

Ýokary derejedäki Hökümet wekiliýetlerini garşylamak bilen bagly täze döwlet protokolynyň düzgünlerini gysga wagtda işläp taýýarlamaly we bellenen tertipde tassyklamaly. Şeýle hem, Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleri geçirmek boýunça alnyp barylýan işleri berlen tabşyryklara laýyklykda dowam etmeli. 

P.Taganow, Siz we siziň gözegçilik edýän toplumyňyzyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmäge aýratyn üns bermeli. Aýratyn hem, daşary ýurt firmalary bilen bilelikdäki kärhanalary döretmek meselesini öwrenmeli. Bu işe Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini işjeň çekmeli. Bu ugurda täze dörediljek kärhanalar üçin belli bir ýeňillikleri göz öňünde tutmaly. 

A.Dadaýew, öz kärhanalaryny döreden, ýöne dürli sebäplere görä, netijeli işläp bilmeýän telekeçiler bar. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi şeýle ýagdaýlary düýpli seljermeli. Olara öz işini talaba laýyk guramak üçin hemmetaraplaýyn goldaw bermeli. Döwletimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine mundan beýläk hem ýardam bermegini dowam eder. Biz ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar ykdysadyýetine geçirmek boýunça ähli zerur çäreleri göreris! 

B.Hojamuhammedow we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň pudaklaryny tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, täze zawodlary gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Täze açylan ýataklary özleşdirmek we ulanmaga bermek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Şu ýylyň ikinji çärýeginde Mary we Lebap welaýatlarynda ýerleşýän esasy gaz ýataklarynda göz öňünde tutulan desgalaryň birnäçesiniň gurluşygyny tamamlamaly. Hazar deňziniň türkmen bölegini özleşdirmek, gaz geçirijileriň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli.

B.Hojamuhammedow, Siz, A.Goçyýew bilen bilelikde nebitgaz toplumyny dolandyrmagy kämilleşdirmek, toplumyň edara-kärhanalaryny saklamak we olaryň işini guramak üçin sarp edilýän artykmaç çykdajylary azaltmak bilen bagly meseleleriň üstünde hem işläň! 

B.Ereşow we senagat toplumynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça kabul eden maksatnamamyza laýyklykda täze senagat kärhanalaryny döretmek we gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Toplumda bar bolan könelişen kärhanalary hemmetaraplaýyn döwrebap ýagdaýa getirmäge aýratyn üns bermeli. Täze iş orunlaryny döretmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Dokma senagatynyň we beýleki pudaklaryň kärhanalarynyň belli bir bölegini hususylaşdyrmak meselesine seretmeli. 

M.Ýazmuhammedowa we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary! Ýurdumyzda ýakyn wagtlarda köp sanly medeni çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şolaryň hatarynda 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Aşgabat şäheriniň güni, halkara maslahatlary, Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy we beýleki medeni çäreler bar. Bu çärelere düýpli taýýarlyk görüp, olary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmeli. 

Ýurdumyzda amala aşyrylýan reformalary we özgertmeleri giňden beýan etmek öňküsi ýaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipesi bolmagynda galýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri giňden açyp görkezmek we wagyz etmek arkaly bu özgertmelere goldaw bermek köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň esasy wezipeleriniň biridir. Siz ruhy gymmatlyklarymyzyň we milli däp-dessurlarymyzyň esasynda medeniýet ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge aýratyn üns bermeli. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri geçirmekde medeniýet ulgamynyň ornuny ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmeli. 

S.Toýlyýew, welaýatlaryň häkimleri, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk we sport ulgamlarynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe we olimpiýa hereketini talaba laýyk guramak, dünýä derejeli türgenleri taýýarlamak siziň esasy wezipeleriňiziň biridir. Aprel aýynyň dowamynda ýurdumyzda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmeli. Bu çärelere gatnaşmaga ýurdumyzyň ähli sport mekdeplerini çekmeli. 

Bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda iň oňat dünýä tejribesine daýanyp, giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmagy dowam etmeli. Ähli ulgamlar we pudaklar üçin ýokary derejeli hünärmenleri, şeýle hem ýaş alymlary taýýarlamaga aýratyn üns bermeli. Siziň bilşiňiz ýaly, tomus möwsümi hem golaýlap gelýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli dynç alyş we sagaldyş merkezlerini möwsüme doly taýýar etmeli. 

A.Ýazmyradow, welaýatlaryň häkimleri we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary! Ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri yzygiderli dowam etmeli. Pudagyň ekerançylyk ýerlerini suw bilen üpjün etmek meselesine aýratyn üns bermeli. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary oba hojalygyna giňden ornaşdyrmaly. Bulardan başga-da, siziň öňüňizde ýene-de iki sany örän möhüm wezipe dur: 

1) gowaça ekişini talaba laýyk geçirmek; 
2) ýetişdirilen galla hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak siziň öňüňizde duran möhüm wezipedir. 

Gowaça ekişini bellenen möhletlerde we ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Gowaça ideg etmek boýunça agrotehniki çäreleri bellenen möhletlerde we ýokary derejede geçirmek üçin oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme doly taýýar etmeli. Biz aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň baýramyny dabaraly belläp geçeris. Bu baýram ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli wakadyr. Şoňa görä-de, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmeli. Bu baýrama bagyşlanan halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmeli. 

S.Satlykow, ulag we aragatnaşyk toplumynyň ýolbaşçylary! Demir ýollary gurmak we olaryň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Amyderýanyň üstünden geçýän köprüleri, täze howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli. Pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça geçirilýän işlere aýratyn üns bermeli. Öýjükli aragatnaşyk ulgamlaryny, telewideniýäni ösdürmek, kompýuter tehnologiýalaryny, Internet ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmaly. 

M.Artykow we maýa goýum-gurluşyk toplumynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri! Ýurdumyzda kabul edilen gurluşyk maksatnamasynyň öňküsi ýaly örän giň gerimlidigini bellemek isleýärin. Biz täze şäherleri we şäherçeleri gurduk, olary mundan beýläk-de gurmagy dowam ederis. Beýleki ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde şäherçeleri, binalary we desgalary, aýratyn hem durmuş maksatly desgalary ýokary hilli gurup, bellenen möhletlerde ulanmaga bermek siziň esasy wezipäňizdir. Bu işe hususy telekeçileri hem giňden çekmeli. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny özümizde öndürilýän gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini has-da güýçlendirmeli. Energetika pudagynyň öňünde hem möhüm wezipeler durýar. Pudagyň işgärleri gazturbinaly elektrik stansiýalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak we täze elektrik stansiýalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmeli. Täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmaga aýratyn üns bermeli. Tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam etmeli. 

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 

Biz ýekşenbe güni ýurdumyzda «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramyny dabaraly belläp geçeris. Mukaddes suw ýaşaýşyň we bolçulygyň gözbaşy hasaplanýar. Suw tebigata jan berýär, giň sähralary gülzarlyga, bereket mekanyna öwürýär. Şonuň üçin hem, ata-babalarymyz suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňäpdirler. 

Merdana pederlerimiziň asylly ýörelgelerinden ugur alyp, mähriban halkymyz häzirki döwürde hem suwy aýawly saklap, ondan tygşytly peýdalanyp gelýär. Suwdan netijeli peýdalanmak maksady bilen, suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, ylmyň gazananlary we öňdebaryjy tejribeler suw hojalygynda giňden ulanylýar. Döwrüň iri desgalarynyň biri bolan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy hem güýçli depginler bilen alnyp barylýar. 

Ekerançylyk ýerlerindäki zeý suwlarynyň bu köle ýygnalyp başlanyna köp wagt geçmedik hem bolsa, ýerasty suwlarynyň derejesi peselýär. Netijede, ýerleriň melioratiw ýagdaýy barha gowulanýar, topragyň hasyllylygy has-da ýokarlanýar. Garagum çölüniň ösümlik we haýwanat dünýäsi barha baýlaşýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň gülläp ösýändigi, bagy-bossanlyga öwrülýändigi ýurdumyzda suwuň netijeli ulanylýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, suw hojalyk pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de giň gerimli işleri amala aşyrarys! 

Hormatly adamlar! 

Ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi bolan derýalarymyzyň, çeşme-çaýlarymyzyň suwy hemişe bol bolsun! Her bir öýe rysgal-döwlet, topragymyza bereket getirsin! 

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 

Sizi we siziň üstüňiz bilen ýurdumyzyň ähli halkyny berkarar Watanymyzda giňden we dabaraly bellenýän «Suw damjasy ‒ altyn dänesi» baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Men size we mähriban halkyma berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň ähli işgärlerine bolsa, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin! 

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! 
Hormatly adamlar! 

Şunuň bilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirip gutarýarys. Men size berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Sag boluň!

Degişli makalalar

Watana Wepaly Bolmak-Ata-Babalarymyzyň Mukaddes Wesýeti

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşdy

syrach

Eýranyň prezidentligi üçin saýlaw tapgyry başlady.

syrach