24.6 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýal-Gyzlary Halkara Zenanlar Güni Bilen Gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aýal-Gyzlary Halkara Zenanlar Güni Bilen Gutlady

Döwlet Baştutanymyzyň gutlagynda enelere, gelin-gyzlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp, mukaddeslik hökmünde nesilden-nesle geçip gelýän milli däbidir diýlip aýdylýar. Halk dessanlarymyz, altyna gaplaýmaly nakyllardyr atalar sözleri, hüwdülerdir monjugatdylar, ajaýyp toy aýdymlary, milli şaý-sepler Watana, il-güne, mukaddes ojagyna wepaly, zähmetsöýer gelin-gyzlarymyzyň abraý-mertebesiniň hemişe belent tutulýandygyna şaýatlyk edýär.

Bellenilişi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadynyň pugtalandyrylmagynda, gazanýan beýik ýeňişlerimizde mähriban gelin-gyzlarymyzyň mynasyp paýy bar. Milletimiziň buýsanjy we mertebesi bolan zenanlar bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda, aýratyn hem, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda, in kämil we çylşyrymly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik kärhanalarynda milli we döwlet maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda netijeli zähmet çekýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýal-gyzlaryň ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni durmuş kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýandyklaryny belläp, olara durmuş kepillikleri, maşgala abadançylygy, bagtly enelik we çagalyk, zenanlarymyzyň kanuny bähbitlerini we hukuklaryny goramak ugrunda döwlet derejesindäki alada edilýändigini, bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelemäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň jemgyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýändigini nygtady.

Ýurdumyzyň zenanlaryny ajaýyp baýramy bilen gutlap, döwlet Baştutanymyz olara “Goý, halkymyzyň ýürek guwanjy, maşgala daýanjy hem-de mertebesi bolan mähriban enelerimiziň we gelin-gyzlarymyzyň güler ýüzleri elmydama bahar ýaly nurana bolsun!” diýip arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasynda Wideokonferensiýa Görnüşinde Geçirilen Geňeşmeler

turkmenhabargullugy

Kikboksing Boýunça Türkmen Türgenleri Rigada Halkara Ýaryşynda Üstünlikli Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Halkara Gepleşikleri Ykdysady Ösüşiň Möhüm Bölegi