26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Welosipedli we Atly Gezelenç Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Welosipedli we Atly Gezelenç Etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly we agtygy bilen irki sport maşklary ýerine ýetirip, ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz şahsy göreldesi bilen sportuň adamyň durmuşynda eýeleýän möhüm ornuny, tutanýerliligiň, ýokary guramaçylyklylygyň hem-de maksada okgunlylygyň belent nusgasyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bedenterbiýe hereketini ösdürmäge umumymilli häsiýet berip, halkymyzyň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy, raýatlarymyzyň beden we ruhy sagdynlygy, ruhy taýdan baý nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladany döwletimiziň esasy wezipeleriniň hataryna çykardy.

Sport gujur-gaýraty, çydamlylygy, sagdynlygy, täze belent sepgitlere tarap okgunly öňe gitmegi alamatlandyrýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin sporty we ýokary netijeler sportuny ösdürmek, ilatymyzy, aýratyn hem ýaşlary hem-de çagalary bedenterbiýe bilen meşgullanmaga giňden çekmek boýunça maksatnamalaýyn çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakynlary bilen irki sport maşkyna çykyp, sportuň nesilleri jebisleşdirýändigini, belent sepgitlere ruhlandyrýandygyny hem-de saglygyňy berkidýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport maşklaryny ýerine ýetirenden soň, ogly we agtygy bilen welosiped sürmek bilen meşgullandy.

Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň milli welosiped mekdebini dikeltmäge hem-de ony häzirki zamanyň derejesine çykarmaga uly üns bermegi netijesinde, sportuň bu görnüşiniň ösüşine kuwwatly itergi berildi. Welotrek ýaryşlary şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Paýtagtymyzda bina edilen, Merkezi Aziýadaky iň iri Olimpiýa şäherjiginde halkara ölçeglerine kybap gelýän ajaýyp welotrek guruldy. Halkara bilermenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde dünýä möçberindäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik bar.

Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde welotrekde synag ýaryşlary geçirildi, olaryň netijeleri boýunça welosiped ýaryşy boýunça milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi döredildi. Biziň milli ýygyndymyz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda medallar ugrunda göreşer.

…Döwlet Baştutanymyzyň welosipedli gezelenjiniň ugry paýtagtymyzyň eteginden geçdi. Baharyň şu günlerinde bu ýerler ýaşyl öwsüp, ajaýyp güllere beslendi. Ýylyň şu paslynda Köpetdagyň eteklerinde özboluşly gözellik emele geldi.

Milli Liderimiz ekologiýa we daşky gurşawy goramak meselelerine möhüm ähmiýet berýär, munuň özi ilatymyzyň sagdynlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiz her ýyl geçirilýän bag ekmek çäresine badalga berip, bu möhüm işiň giň gerime eýe bolmagyny üpjün etdi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde tokaýlar, seýilgähler hem-de seýilbaglar döredilýär, şäherleriň we obalaryň töwereginde ýaşyl zolaklar kemala gelýär. Olar howanyň jana şypaly bolmagyny üpjün edýär, ilatly ýerleri jöwzadan we tozanly ýelden goraýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň we ekologiýanyň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny belleýär. Milli Liderimiz şahsyýetiň we jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegine, ösüp gelýän nesilde ekologiýa babatda örän jogapkärli dünýägaraýşy kemala getirmäge, ynsanyň ruhy dünýäsiniň tebigat bilen aýrylmaz baglanyşygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýän toplumlaýyn syýasaty durmuşa geçirýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýär. Tebigaty goramak, ýer, suw hem-de biologiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, tebigatyň bioköpdürlüligini aýawly saklamak, tebigata aýawly garamak, şeýle hem ilata ekologiýa taýdan bilim bermek — bularyň ählisi sport-sagaldyş ulgamy bilen birlikde döwletimiziň ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrýan çäreleriniň toplumyna girýär.

Şunuň netijesinde işjeň dynç almagyň orny ep-esli ýokarlandy. Adamlaryň barha köpüsi dynç almagyň has işjeň görnüşini seçip alýar. Munuň özi bolsa güýjüňi çalt dikeltmäge hem-de saglygyňy berkitmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly Serdar we agtygy Kerimguly bilen bilelikde welosiped sürüp baryşlaryna Köpetdagyň etegindäki ajaýyp künjekleriň birinde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna bardylar we ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdylar.

Milli Liderimiziň agtygy ýurdumyzda bedew baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimize atşynaslaryň adyndan sowgat berlen Gujurly atly bedewi meýdança çykardy. Ajaýyp bedewe hormatly Prezidentimiziň ogly Serdar atlandy. Ol ajaýyp bedewde meýdançanyň içinde birnäçe öwrüm etdi.

Milli Liderimiz ogluna at çapmagyň, onuň üstünde oturmagyň aýratynlyklary, çapyksuwarlyk hünäriniň özboluşlylygy we her bir çapyksuwaryň berjaý etmeli wezipeleri barada gürrüň berdi.

At çapmak boýunça atasyndan tälim alan we çapyksuwarlygyň inçe syrlaryny ezberlik bilen özleşdiren Kerimguly hem bedewiň jylawyny tutmagyň usullary, at çapylýan pursadynda ýerine ýetirmeli usullaryň aýratynlyklary barada gürrüň berdi.

Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan, ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň ösdürilmegine ähmiýet berýän we ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki abraýynyň mundan beýläk-de belende galmagy ugrunda zerur tagallalary edýän döwlet Baştutanymyz perzendiniň at münmek ýaly asylly ýörelgelere bolan höwesine guwandy. Bellenilişi ýaly, ata üçin perzentleriniň halkymyzyň asylly däplerine hormat goýýandygyny, olaryň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etmäge bolan ukyplaryny synlamak aňyrbaş bagt hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Adylhan, Serdar Gujurly, Kerimguly bolsa Miras atly bedewlere atlanyp, üç bolup gezelenç etdiler.

Ýewropanyň köp ýurtlarynda atçylyk sporty naýbaşy görnüşleriň biri hasaplanylýar. Ýöne, ol biziň üçin sportuň gadymdan gelýän halk görnüşidir. Türkmenlerde daýhanlaryň hem, esgerleriň hem bütin durmuşy bedew bilen aýrylmaz baglanyşykly bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda köp oýunlar we bäsleşikler peýda boldy. Olaryň barşynda çapyksuwaryň ussatlygy, başarjaňlygy, güýç-kuwwaty, gaýduwsyzlygy synagdan geçirildi. Ýaşaýyş-durmuşyň hiliniň has ösmegi we kämilleşmegi atçylyk sportuna gyzyklanmanyň has-da artmagyny şertlendirdi.

Türkmenistanda atçylyk sporty döwletimiz we hut milli Liderimiz tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň atçylygyny döwrebaplaşdyrmaga, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini, şol sanda konkury ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen konkur Aziada — 2017-niň ýaryşlarynyň maksatnamasyna girizildi.

At asyrlar boýy «behişdi bedewlerine” buýsanýan türkmen halkynyň wepaly dosty, hemişelik hemrasy bolupdyr. Ata-babalarymyz halk döredijiliginiň aýdym, dessan, rowaýat, atalar sözi ýaly genji-hazynasyny nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Olarda, köplenç halatda, adam mertebesiniň özboluşly terezisi bolup hyzmat edýän bedew atyň keşbi, oňa türkmenleriň garaýşy köp mazmunly görnüşde, örän täsirli hem giňden suratlandyrylypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimguly atasyndan at çapmagyň inçe tilsimlerini, aýratynlyklaryny birkemsiz öwrenip, çapyksuwarlykda özüni synap gördi. Ol özüniň ýaşdygyna garamazdan, bedewlere erjellik bilen erk etmegi başaryp, ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda geçirilýän at çapyşyklaryna gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. Soňky döwürde bolsa Kerimguly at seýislemek işi bilen meşgullanyp başlady. Ol özüniň atasynyň atşynaslyk mekdebini geçip, bedew seýislemegiň usullaryny birkemsiz ele aldy.

Şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň baýramynyň giňden bellenilen günlerinde döwlet Baştutanymyz Kerimgulynyň seýislän Miras atly bedewde halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen at çapyşygyna gatnaşyp, ýeňiji boldy. Munuň özi peder-perzent mekdebiniň asylly ýörelgeleriniň we türkmen atçylygynyň iň gowy däpleriniň yzygiderli dowam edýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Şol baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümleriniň adyndan milli Liderimize Adylhan atly owadan bedew sowgat berildi. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň agtygy bu ajaýyp bedewi seýislemek bilen meşgul bolup, ony sport ýeňişlerine taýýarlaýar.

Şu gün bolsa Kerimguly özüniň seýislän Adylhan atly bedewini çapuw ýodasyna çykarmaga ak pata bermegi atasyndan haýyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Adylhana atlanyp, onuň seýislenilişine oňyn baha berip, bedew bilen birnäçe öwrüm etdi we ony çapuw ýodasyna tarap ugrukdyrdy we bedewi öz erkine goýberdi.

Atçylyk sporty dünýäde sportuň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup durýar. Ol eldekileşdirilen ilkinji atyň hem-de ilkinji çapyksuwaryň peýda bolmagy bilen ösüp başlapdyr. Alymlaryň belleýşi ýaly, munuň özi hut şu ýerde, Ahalyň dag etegindäki jülgesinde bolup geçipdir. Ahalteke bedewleriniň tohumynyň ady hem hut şu künjegiň ady bilen baglanyşdyrylypdyr.

Elbetde, şol döwürlerde ýaryşlar geçirilmändir — at adama ähli kynçylyklary ýeňip geçmäge, azatlyk ugrunda göreşmäge, ýeri özleşdirmäge, şäherleri gurmaga ýardam edipdir. Ýöne, kem-kemden türkmenleriň durmuşyna baýramçylyk at çapyşyklary hem ornaşyp başlapdyr…

Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty mähriban topragymyzyň çäginden çykyp, bütin dünýä ýaýrady. Häzirki döwürde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen onuň şan-şöhraty has-da artýar we täze belentliklere çykýar.

Her taryhy eýýamyň wagtyň ruhuny şöhlelendirýän nyşanlary bolýar. Ahalteke bedewi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşanyna öwrüldi. Onuň şekili Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda öz beýanyny tapdy. Ýyndam bedew özygtyýarly Watanymyzyň taryhynyň, häzirki döwrüniň we geljeginiň beýanydyr. Bu üç sazlaşykda özüniň mirasyny aýawly saklamagy we oňa sarpa goýmagy, şu günki gününi gurmagy hem-de bedewde ajaýyp geljege tarap ýoly ynamly çekmegi başarýan halkymyzyň beýik ykbaly jemlenýär.

…Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow çapyşygy tamamlanda, hormatly Prezidentimiziň ogly we agtygy bedewiň hersi bir bagyndan tutup, ony idip geldiler. Şu pursat şöhratly pederleriň asylly ýolunyň döwrebap derejede dowam edýändigini we kämilleşdirilýändigini aýdyň görkezýär. Bu parasatly däpler aýawly dowam etdirilip, nesilden-nesle: atadan ogla we agtyga geçirilýär.

Degişli makalalar

Azajyk Derdi Aş Basar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Premýer-Ministrini Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ekologiýa Çäresine we Durmuş Maksatly Desgalaryň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

turkmenhabargullugy