34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Hünärmenleri bileleşip taýýarlaýarys.

Eýýäm üç ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen Belarus respublikasyň ylalaşygy esasynda Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk mehanizasiýasy bölüminiň üçünji ýyl talyplary Minsk traktor zawodynda tomusky önümçilik tejribeligini geçýärler. 

Oba hojalyk mehanizasiýasy fakultetiniň oba hojalyk maşynlary kafedrasynyň dosenti Negmatulla Hudaýberdiýewiň bellemigine görä, talyplar bu önümçilik tejribeliginiň çäklerinde zawodyň işiniň gidişiniň ähli önümçilik tapgyrlaryna gatnaşarlar. Olar- demir guýýan, demirçilik senedi, mehano-işläp taýýarlaýjy, termo- kebşirleýji, gorag örtüji we ýygnaýjy tapgyrlardyr. Bu ýerde geçirilýän tejribe sapaklary talyplaryň uniwersitetde alan bilimleriniň üstüni doldurýarlar. 

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda Minsk traktor zawodynyň sekiz müň traktory işledilýär. 1946-njy ýylda döredilen bu kärhana traktorlaryň 100 görnüşini we hemme howa we ulanşyyň şertlerine gabat gelýän 200-den gowrak ýygnalyş görnüşlerini çykarýar. Ýurdumyzyň ýokary oba hojalyk mekdebiniň Minskiniň traktor zawody bilen hyzmatdaşlygy döwletimiziň oba hojalygy üçin ökde hünärmenleri taýýarlamaklyga ýardam berýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 


Degişli makalalar

Türkmenistanda Ekologik Howpsuzlyk Hakynda Kanun Güýje Girdi

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Türkmen Maldarlary Ot-Iým Taýýarlamak Boýunça Ýyllyk Meýilnamany Ýerine Ýetirdiler