21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Sungatda bahar waspy.

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp sergi açyldy. Muzeýiň sergi zallarynyň birini bezeýän surat eserleri bu ýere gelenlere ajaýyp bahar duýgylaryny paýlaýar.

Bu sergide surat, grafika işleriniň, şeýle hem şekillendiriş sungatynyň keramika ussatlarynyň eserleriniň onlarçasy görkezildi. Türkmen zenan suratkeşleri Maral Annanurowanyň we Aýbibi Amangylyjowanyň döreden eserlerine sergide esasy orun berildi.

Maral Annanurowanyň ýagty, mažor gammasy esasynda döreden eserleri çuňňur duýga we mana eýedir. Suratkeş aýaýyp suratyň üsti bilen ýylyň bu ajaýyp gülleýän pursatyna – tebigatyň janlanýan we gülleýän döwrüne bolan çyn söýgüsini beýan edýär.

Suratkeşiň 4 suratdan ybarat bolan «Aýdymlaryň aýdymy» atly eserler tapgyry has hem täsindir. Ussadyň döredijilik garaýsy boýinça döreden eseri Älemiň 4 alamatyny – ody, suwy, ýeli we topragy beýan edýär. Ýerde ýaşaýşyň başlangyjy hökmünde alamatlandyrylýan ene mukaddesligi zenan keşbinde tebigat bilen sazlaşykly görkezilýär.

Türkmen suratkeşleriniň halypalarynyň biri bolan Ýakup Annanurowyň gyzy Maral kakasynyň sungata bolan söýgüsini we sarpasyny özüne siňdirmegi başarypdyr. Maralyň şygyrýet bilen hem meşgullanýandygy onuň surat eserlerine aýratyn öwüşgün çaýýar.

Serginiň beýleki bölüminde suratkeş Aýbibi Amangylyjowanyň eserleri görkezilýär. Onuň eserlerinde milli äheňdäki bezeg usullary ulanylypdyr. Milli däp-dessurlar bu suratkeşiň häli-şindi ýüzlenýän temasydyr. Aýbibi öz suratlarynda mähriban eneleri, gelinleri, gyzlary milli lybaslarda şekillendirýär. Onuň eserleriniň gahrymanlary türkmenleriň ata-babalaryndan biziň günlerimize gelip ýeten näzik senedi bolan şaý-sep bezeglerinde şekillendirilipdir. Bu suratkeşiň özi hem döredijilik we gözellik bilen gurşalan täsin eserleriň dünýä inýän zergärçilik maşgalasynda önüp ösdi. Suratkeş öz eserlerinde türkmen halkynyň durmuşyndaky her bir baýramçylyk pursaty buýsanç duýgusy bilen suratlandyrýar.

Sergidäki eserleriň aglaba köpüsi enelige bagyşlanandyr. Ine, täsin ýalkym saçýan ýyldyzlar bilen bezelen älemiň dury – mawy örtük bilen ýapylan asmanyň astynda ene öz bäbejigini ýuwaşjadan hüwdileýär. Ine, ala-daňdanyň ýagtysy bilen oýanan ene we çaga biri-birini gujaklap, nämedir bir täsin zat barada gürleşýärler.

Suratkeşiň beýleki köp sanly işleri hem maşgala täze gelniň gelmegi bilen ýerine ýetirilýän milli däp-dessurlara bagyşlanandyr. Ussadyň “gelini garşylamak” diýen eseri hem şu tema bagyşlanandyr. Onda reňkleriň köp dürli öwüşgüni, perä çalym edýän gözel geliniň ýalpyldap göz gamaşdyryjy bezegleri görkezilýär.

Sergide şeýle hem keramikadan ýasalan güldanlar, küýzejikler zenan gözelligini alamatlandyrýan adam sudurlary şekillendirilýär. Olaryň awtorlaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Solmaz Muhammedowa, Maral Ataýewa, şeýle hem Zinaida Şulženko, Lýudmila Sawelýewa we beýlekiler bar.

Sergi mart aýynyň ortasyna çenli dowam eder. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Elektroenergetikasynyň Eksport Kuwwaty Artýar

Azerbaýjanda 9-njy oktýabrda prezident saýlawy geçirler.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Permana Gol Çekdi