01.12.2025
TEHNOLOGİÝA

Hytaý-Ýewropa demir ýol liniýasynyñ Gazagystandaky bölümi açyldy

Hytaý-Ýewropa demir ýol liniýasynyñ Gazagystandaky bölümi açyldy.

Hytaýy, Gazagystany, Russiýany, Belarussiýany, Polşany we Germaniýany biri-biri bilen birleşdirjek demir ýol liniýasynyñ Gazagystanyñ üstünden geçýän bölümi resmi taýdan açyldy.

6 ýurduñ demir ýol pudagynda iş alyp barýan firmalarynyñ arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan demir ýol liniýasynyñ sebitde ykdysady, söwda we medeni gatnaşyklaryñ ösmegine goşant goşmagyna garaşylýar.

Hytaý Halk Respublikasynyñ günorta günbatarynda ýerleşýän Çunstin şäherinden başlaýan demir ýol liniýasy nobaty bilen Gazagystany, Russiýany, Belarusiýany we Polşany geçip Germaniýanyñ Duisburg şäherine barar. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Ýurdumyzda Öýler we Senagat Binalary Üçin LED-lampalaryň Iki Milliona Golaýy Öndürildi

Hususy Kärhananyň Gazbeton Bloklary Eksporta Ugradylýar

Elektron maglumatlar ulgamy boýunça halkara tejribe.

syrach