26.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Iň Dürs Penalti Urýanlar: Hazard 1-nji, Ronaldo 3-nji, Messi 9-njy

Ispanlaryň iň meşhur sport neşiri bolan «Marca» gazeti häzirki meşhur futbolçylaryň arasynda penalti geçirmekde iň ökdeleriniň sanawyny mälim etdi. Sanawda «Real Madridiň» belgiýaly ýyldyzy Eden Hazard 1-nji ýeri eýeleýär. Ol şu wagta çenli penaltiden 49 gol geçirip, 7 gezek urgyny dürs urup bilmändir. Başgaça aýdylanda, ol penaltini dürs urmakda 88 göterimlik başarnyk görkezipdir. 2-nji orunda Hazardyň topardaşy Karim Benzema bolup, ol 17 penaltiniň diňe 2-sini takyk urup bilmändir. Ol hem 88 göterimlik başarjaňlyk görkezipdir. 3-nji ýerde-de «Ýuwentusyň» portugaliýaly super ýyldyzy Kristiano Ronaldonyň ady bar. Ol şu wagta çenli ýerine ýetiren 143 penaltisiniň 121-sini dürs, 22-sini nätakyk urupdyr. Başgaça aýtsak, onuň takyk penaltileri 85 göterime deňdir. Başga bir super ýyldyz Lionel Messi 77 göterimlik takyk netije bilen 9-njy orny eýeleýär. Argentinaly futbolçy ýerine ýetiren 115 penalti urgusynyň 89-syny dürs, 26-syny nätakyk ýetiripdir.

Penaltini iň dürs ýerine ýetirýän futbolçylaryň sanawy:

1. Eden Hazard (Real M) – 49 dürs (7 takyk däl, 88 göterimlik netije)

2. Karim Benzema (Real M) – 15 dürs (2 takyk däl, 88 %)

3. Kristiano Ronaldo (Ýuwentus) – 121 dürs (22 takyk däl, 85 %)

4. Harri Keýn (Tottenhem) – 37 dürs (7 takyk däl, 84%)

5. Luis Suares (Barselona) – 40 dürs (9 takyk däl, 82%)

6. Mohamed Salah (Liwerpul) – 13 dürs (3 takyk däl, 81%)

7. Neýmar (PSŽ) – 51 dürs (13 takyk däl, 80%)

8. Serhio Aguero (Man. Siti) – 46 dürs (13 takyk däl, 78%)

9. Lionel Messi (Barselona) – 89 dürs (26 takyk däl, 77%)

10. Antuan Grizmann (Barselona) – 17 dürs (8 takyk däl, 68%)

Çeşme: http://serhetabat-dovletabat.gov.tm/

google de Türkmen sport ve Türkmen habar

Degişli makalalar

Garlygyň Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Ilkinji Önümlerini Içerki we Daşarky Sarp Edijilere Ugratdy

Türkmenistanyň Ýygyndy Topary Birinji Orunda

syrach

Aşgabatda “Aziada-2017-niň Tagamlary” Atly Sergi Geçirildi

turkmenhabargullugy