15.01.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

«Iň Gowy Teleoperator» Bäsleşigi Jemlenildi

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komiteti we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň bilelikde yglan eden «Iň gowy teleoperator» atly bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ösüşlerini beýan edýän birnäçe wideoşekilleri hödürlenildi. Oňa Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň telestudiýasynyň başlygy, maýor Şamyrat Orazmyradow we Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Eziz Nuryýew dagylar gatnaşdylar. Netijede, wideoşekilleri taýýarlamakda ýokary çeperçiligi, döredijiligi we aýratyn ussatlygy bilen tapawutlanan harby gullukçylar «Iň gowy teleoperator» bäsleşiginde 2-nji orna mynasyp boldular. Biz hem harby gullukçylarymyza buýsanmak bilen, geljekde hem öz hünärleri boýunça uly üstünlikler gazanmaklaryny arzuw edýäris!

milligosun.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Karateçileriniň Goşa Ýeňşi

syrach

Halkara Nowruz Güni Mynasybetli Dabaralar Fotosuratlary

Pan Gi Mun Aşgabatda Geçiriljek Ulag Ulgamy Boýunça Halkara Maslahatyna Gatnaşar

turkmenhabargullugy