23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Günorta Gaz Geçelgesi» Gaz Iberijileriniň Diwersifikasiýasyny Goldaýar

Hazar sebitinden Türkiýä we Ýewropa tebigy gaz ibermäge gönükdirilen «Günorta gaz geçelgesine» gaz iberijileriniň diwersifikasiýasy zerur. Bu barada 20-nji fewralda Bakuda geçiriljek «Günorta gaz geçelgesi» boýunça bäşinji konsultatiw geňeşiniň jemleýji jarnamasynyň taslamasynda bellenilýär.

Jarnamanyň taslamasy ýanwar aýynda ÝB-niň Energetika iş topary tarapyndan oňlanyldy we häzir gutarnykly ylalaşmak üçin 28 döwletiň hemişelik wekillerine iberildi. «Biz «Günorta gaz geçelgesini» ulanmakda Ýewropa we beýleki döwletlere gaz ibermekligi mundan beýläk hem diwersifikasiýalaşdyrmak üçin mümkin bolan täze iberijileriň gyzyklanmalaryny goldaýarys we bu ugurdaky gepleşiklere ýardam edýäris» diýlip resminamada aýdylýar.

«GGG» boýunça Azerbaýjandan Günorta Ýewropa, hususan-da, Italiýa ilkinji tebigy gaz 2020-nji ýylda garaşylýar. Ýöne ýewropalylar iberijileri diwersifikasiýalaşdyrmak isleýärler. Şonuň üçin hem öz gaz bazarlaryna Azerbaýjandan daşgary beýleki çeşmeleri çekmek üçin hem Ýewropa Bileleşigi taslamalary öňe sürýär.

Ýewropa Bileleşigi, eger-de iberiji nähilidir bir sebäplere görä, gaz iberip bilmese ýa-da ony ýeterlik derejede ibermese gazyň beýleki çeşmelerinden peýdalanmak mümkinçiligini almak isleýär. Şonuň üçin hem Ýewropa Bileleşigi «GGG» boýunça almak mümkin bolan tebigy gazyň täze çeşmelerini gözlemegini dowam edýär.

«Mawy ýangyjy» mümkin bolan iberijileriň hatarynda Brýussel tebigy gaza örän baý bolan we uzakda ýerleşmedik — Hazar deňziniň garşy tarapynda Türkmenistany görýär. Onuň «GGG» goşulmagy üçin Hazar deňziniň düýbi boýunça 300 kilometrlik gaz geçiriji gurmaly.

Garaşylyşy ýaly, «Günorta gaz geçelgesi» boýunça bäşinji konsultatiw geňeşde Ýewropa Komissiýasyny býujet we adam serişdeleri boýunça komissar Gýunter Ettinger wekillik eder. Ol Energetika bileleşigi üçin jogapkär bolan wise-prezident Maroş Şewfçowiçi çalşar. M.Şewçowiç 1-nji fewraldan wezipesinden aýryldy we Slowakiýanyň prezidentligine dalaşgär boldy, diýip ORIENT habar berýär. Duşuşyga Albaniýanyň, Azerbaýjanyň, Bolgariýanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Gresiýanyň, Italiýanyň, türkiýäniň we ABŞ-nyň wekilleri gatnaşar. Şeýle hem Bosniýa we Gersogowina, Wengriýa, Rumyniýa, San-Marino, Serbiýa, Horwatiýa, Çernogoriýa we Türkmenistan ýaly täze döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagyna hem garaşylýar.

oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Daşary Ýurt Raýatlaryny Hasaba Almak Üçin Talap Edilýän Resminamalar

Nebit Gymmatlaýar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach