27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Indi Demir Ýol Peteklerini Poçta Bölümlerinden Hem Satyn Alyp Bolýar

“Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy kompaniýasy paýtagyň ilaty üçin hyzmatyň täze görnüşini girizdi. Şu ýyldan Aşgabadyň aragatnaşyk bölümlerinden ähli ugurlar boýunça demir ýol ulaglaryna petek alyp bolýar.

Petekler Parahat-1 etrapçasynda 57-nji öýde ýerleşýän 17-nji, Magtymguly şaýolunyň 144-nji öýündäki 20-nji we B. Annanow köçesiniň 35-nji jaýyndaky 35-nji poçta bölümlerinde satylýar. Häzirki wagtda bu hyzmaty welaýatlarda ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Geçen ýyly ahyrynda “Türkmenpoçta” DPAK www.turkmenpost.gov.tm saýtynda ugradylýan zatlary poçta bölümlerine eltmek üçin çapar çagyrmak hyzmatyny ornaşdyrdy. Netijede hatlary we posylkalary ýurduň islendik nokadyna, şeýle hem dünýä ýurtlarynyň 190-syna ibermäge mümkinçilik döredi. Mundan başga-da, saýta girýänler internet arkaly zat satyn almak, nagt däl töleg geçirmek bilen harytlary öýüňe getirtmek hyzmatlaryndan peýdalanyp bilerler.

tdh.gov.tm

Degişli makalalar

Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň guburlaryna zyýarat

syrach

Ahalda Täze Çagalar Sagaldyş we Dynç Alyş Merkezi Guruldy

syrach

12-nji Fewralda Geçiriljek Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Saýlawlara Dalaşgärleri Bellige Almak Tamamlandy