04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň 2019-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň we aýry-aýry ministrleriň hasabatlary diňlenildi. Mejlisiň barşynda ýerine ýetirilen işlere baha berildi, şu ýylda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi hem-de ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredildi.

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer geçen ýylda döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşiniň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ähli pudaklarda ýokary görkezijileri üpjün etdi. Esasy makroykdysady görkezijiler, ozaly bilen, jemi içerki önümçiligiň durnukly ösüş depgini munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň aýry-aýry ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary boýunça hasabat maglumatlarynyň jemlenilendigini hem-de seljerme işleriniň geçirilendigi barada hem habar berildi.

Wise-premýer ýurdumyzyň sebitlerinde önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy hakynda hasabat berip, 2019-njy ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň möçberiniň 35,8 milliard manada barabar bolandygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hökümetiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, onuň gurluşyny üýtgetmek baradadaky çözgüdiň kabul edilendigini belledi. Döwlet Baştutanymyz G.Myradowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyp, degişli resminama gol çekdi.

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça hasabat berip, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda durnukly ösüşiň saklanýandygy barada aýtdy.

Şu ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,6 göterim, çykdajy bölegi bolsa 99,9 göterim ýerine ýetirildi.

2019-njy ýylyň dowamynda balans toparlarynyň 90 mejlisi, şol sanda sebitleriň balans toparlarynyň 84 mejlisi geçirildi.

Ministr “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş-şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde gurluşyk we durkuny täzelemek işleri göz öňünde tutulan 242 desganyň 11-sinde gurluşyk işleri tamamlandy, 108-sinde gurluşyk-gurnama işleri dowam edýär.

Şeýle hem degişli Konsepsiýada kesgitlenilen wezipelere laýyklykda, sanly ykdysadyýeti we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp,
B.Bazarowy başga işe geçmegi sebäpli, maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz degişli resminama gol çekip, maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine E.Annamuhammedowy belläp, ony maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda degişli Permana gol çekdi.

Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy S.Welbegow 2019-njy ýylda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bellenilen tabşyryklary ýerine ýetirişi hakynda hasabat berdi.

Hususan-da, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde, önümleriň köp görnüşleriniň öndürilýän mukdary artdy.

Geçen ýylda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginde ýokary netijeler gazanyldy. Umuman alanyňda, önümçiligiň düzüminde önümleriň 65,3 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Statistika baradaky döwlet komitetiniň öňünde goýlan anyk wezipelere ünsi çekdi. Milli Liderimiz ähli ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmeginiň, maglumatlaryň täze çeşmeleriniň peýda bolmagynyň hem-de dessin we ýokary hilli statistika maglumatlaryna zerurlygyň degişli düzümiň öňünde täze wezipeleri goýýandygyny belledi.

Soňra Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýew 2019-njy ýylda ýolbaşçylyk edýän edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işler, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Habar berlişi ýaly, 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende, geçen ýyl ýurdumyzyň banklary tarapyndan berlen karzlaryň umumy möçberi 9,7 göterim, döwlete degişli bolmadyk ulgama berlen karzlaryň möçberi 28,3 göterim, hususy önüm öndürijilere berlen karzlaryň möçberi 11,3 göterim ýokarlandy. Şunda maliýeleşdirilen taslamalaryň hasabyna döredilen iş orunlarynyň sany 15 844-e deň boldy.

Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, uzakmöhletleýin karz bermek boýunça işler dowam edýär. Şeýle hem geçen ýyl ornaşdyrylan bank hyzmatlarynyň täze görnüşleri barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi üçin Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe käýinç yglan etdi.

Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow ilatly ýerleri elektrik energiýasy, gaz hem-de suw bilen üpjün etmek boýunça ministrlikleriň we pudak edaralarynyň alyp baran işlerine geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, bu barlaglaryň netijelerini düýpli seljermek hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek boýunça degişli çäreleri görmek barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz G. Müşşikowy Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine hem-de Daşoguz welaýaty boýunça jogapkär edip belläp, ony Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen wise-premýere ýüzlenip, maliýe-ykdysadyýet toplumynyň ähli ýolbaşçylarynyň wezipesiniň, ozaly bilen, pudaklary depginli ösdürmegiň, olara sanly ulgamy ornaşdyrmagyň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ykdysadyýetimiziň ýokary depginli durnukly ösüşini saklamakdan ybaratdygyny nygtady.

Şonuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamasynyň ýerine ýetirilişini aýratyn gözegçilikde saklamagyň hem-de içerki bazary ösdürmegiň we onuň eksport harytlaryna baglylygyny azaltmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz şu ýyl ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ençeme ugurlaryna köp möçberde maýa goýumlaryny goýup başlamalydygymyzy aýtdy. Esasy pudaklary tehnologik taýdan döwrebap ýagdaýa getirmek üçin milliardlarça manat serişdäni goýbermelidiris.

Bular bolsa ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmak we kompýuter tehnikasy, gurluşyk senagaty, deňiz we demir ýol ulaglary, oba hojalygy hem-de energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalar bolup durýar.

Biz ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerine goýulýan maýa goýumlaryny hem artdyrmaly. Ykdysadyýetiň gurluşyny kämilleşdirmegi, ýaş, täze ýolbaşçy işgärleri taýýarlamagy dowam etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolsa, ozalkysy ýaly, puluň hümmetsizligini kesgitlenen derejede saklamakdan, pul toplumyny düzgünleşdirmek we oňa gözegçilik etmek esasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini pul serişdeleriniň zerur mukdary bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2025-nji ýyla çenli döwür üçin täze Milli maksatnamasyny taýýarlap, şu maksat bilen mümkin boldugyça köpräk maýa goýumlaryny gönükdirmeli.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, sebitleri ösdürmegiň strategiýasynyň islendik döwletiň durnukly ösüşiniň möhüm bölegidigini belledi.
Bu mesele çäkleriň tebigy-serişde mümkinçiligi we ony yzygiderli ösdürmek, demografiýa hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligi, durmuşynyň derejesi we hili ýaly örän möhüm ýagdaýlary öz içine alýar.

Biz döwlet syýasatymyzda işçi güýjüni netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini çözmek boýunça çärelere hem uly üns bermelidiris. Raýatlarymyzyň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmagy üçin şertleri döretmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen wise-premýere işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy wezipesine D.Durdylyýewi belläp, ony şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini habar berdi. Döwlet Baştutanymyz täze jogapkärli wezipede oňa üstünlikleri arzuw edip, degişli Permana gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe şolar tarapyndan önümçilik meýilnamasy 123,3 göterim ýerine ýetirildi.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmek boýunça 140,3 göterim ösüş gazanyldy.

Hasabat döwründe “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünleri öndürmekde 152,2 göterim ösüş gazanyldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 107,6 göterim üpjün edildi.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmakda – 100,5 göterime deň boldy.

Bu görkeziji “Türkmensenagat” agentligi boýunça – 104,9 göterime, “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça – 129,2 göterime, “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça – 103,9 göterime, “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça – 101,3 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça – 185,9 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça – 105,9 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işleriň geçirilýändigini belledi. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin, senagat toplumyny ulag we aragatnaşyk toplumyndan aýyrmak kararyna gelnendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulag we kommunikasiýa toplumy hem-de gurluşyk we senagat toplumy döredilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçysy wezipesine belläp, onuň bu ugurdan tejribeli hünärmendigini aýtdy.

Siziň üstüňize ähli ulag we kommunikasiýa agentlikleriniň işine gözegçilik etmek boýunça uly hem-de jogapkärli wezipe ýüklenilýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Sowatly işgärleri saýlap almak hem-de Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu işi goldamak üçin 10 million amerikan dollary möçberde serişde berýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem B.Öwezowa wise-premýer P.Agamyradow bilen bilelikde, Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlara başlamagy hem-de ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde mugallymlaryň taýýarlanylyşyny güýçlendirmegi tabşyrdy.

Demir we awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek işlerini hem dowam etmek, zerur bolan maýa goýumlaryny tapyp, howa menzilleriniň gurluşygyny alyp barmak, aragatnaşyk serişdelerini ösdürmek, ähli ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlap, halkara sertifikatlaryny almak zerurdyr diýip, milli Liderimiz nygtady. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny doly güýjünde işletmegiň, ulag logistika merkezlerini gurmagyň üstünde işlemegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Öwezowa beýleki wise-premýerler bilen bilelikde işläp, bu ugurda edilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemlerine bagyşlanan mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz häzirki döwürde sanly tehnologiýalaryň bütin dünýäde uly orny eýeleýändigini, döwlet dolandyryşyny gowulandyrmaga, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýändigini ähli ýolbaşçylara duýdurdy.

Täze tehnologiýalar ykdysadyýetiň adaty pudaklaryny özgerdýär, işewürligi amatly alyp barmaga we ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, ähli ýerde işgärleri okatmak we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagy ýola goýmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Eger kim kompýuter bilen işlemegi başarmasa, onda ol ýolbaşçy bolup bilmez. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, wise-premýer P.Agamyradowa ýarym ýylyň jemleri boýunça Döwlet gullugy akademiýasynda ähli ýolbaşçylar we olaryň orunbasarlary üçin kompýuter tehnikasy boýunça synaglary guramagy, onuň netijesi barada soňra hasabat bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi dowam edip, ata Watanymyzy oba hojalyk ýurdundan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça uly işleriň başlanandygyny belledi. Mähriban halkymyzyň ýaşaýyş – durmuşyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, giň gerimli maksatnamalar kabul edildi.

Uly şäherçeleriň, edara ediş merkezleriniň we şäherleriň gurluşygy amala aşyrylýar. Bu işleriň ählisi ýokary guramaçylygy, gurluşyk işlerini başarjaň dolandyrmagy we gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän möçberlerini düýpli artdyrmagy talap edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk we senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Ş.Durdylyýewi belläp, ony Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesinden boşatmak kararyna gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiz degişli resminama gol çekip, wise-premýeriň gurluşyk, senagat, gurluşyk materiallary, energetika pudaklarynda, “Türkmenhimiýa» döwlet konserninde hem-de Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işlere gözegçilik etjekdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz S.Selimowy gurluşyk we binagärlik ministri wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz T.Dürhanowy hem senagat we kommunikasiýa ministri wezipesinden boşadyp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesine belledi we degişli Permana gol çekdi. .

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk we binagärlik ministri wezipesine R.Gandymowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligini döretmek hakyndaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz senagat we gurluşyk önümçiligi ministri wezipesine S.Berdimuhamedowy belläp, ony Ahal welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli gurluşyklary zerur serişdeler bilen üpjün etmek üçin gurluşyk materiallary pudagynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän dürli görnüşli önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Bu wezipäni çözmegi işläp gelýän kärhanalary döwrebap ýagdaýa getirmegiň we täze zawodlary işe girizmegiň hasabyna üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, 2020-nji ýylda täze kärhanalary gurmagyň maksatnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz bu maksatnama serediljekdigini we zerurlygyna görä tassyklanyljakdygyny aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow 2019-njy ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda gurluşyk we energetika toplumlarynyň, jemagat hojalygynyň hem-de şäher häkimliginiň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem 2020-nji ýylda ýurdumyzda desgalary işe girizmegiň maýa goýum maksatnamasy barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirilip, 124,4 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 105,3 göterime barabar bolup, meýilnama 100,3 göterim ýerine ýetirildi.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 95,1 göterim derejede ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, energetika toplumyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Bu ugurda öňde uly wezipeler durýar. Munuň özi ýurdumyzyň elektrik energetikasyny sanly ulgama geçirmekdir we ösdürmekdir, täze elektrik stansiýalaryny gurmakdyr hem-de olaryň işläp gelýänlerini döwrebap ýagdaýa getirmekdir. Ýurdumyzy elektrikleşdirmegi tamamlamakdan we goňşy ýurtlara iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Türkmenistan–Owganystan–Pakistan» halkara elektrik geçiriji ulgamynyň taslamasyny tamamlamak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz şol maksatlar üçin ýakynda Energetika ministrliginde ýörite Halkara elektroenergetika taslamalary müdirliginiň döredilendigini aýtdy.

Energetika pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýetiň berilýändigini ýene-de bir gezek belläp, hormatly Prezidentimiz bu işi has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, şeýle hem baý tejribesini we guramaçylyk başarnygyny nazara alyp, Ç.Purçekowy energetika ministri wezipesine bellemek hem-de ony Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmak barada karara gelendigini aýtdy.

Milli Liderimiz wezipä täze bellenilen energetika ministrine işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ş.Durdylyýewe, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, häkimlere we beýleki ýolbaşçylara ýüzlenip, 2020-nji ýyl üçin gurluşyk maksatnamasyna ünsi çekdi hem-de maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça düýpli maýa goýumlarynyň möçberiniň 40 milliard manada golaýlaýandygyny belledi. Bu bolsa, zawod-fabrikleriň, hassahanalaryň, saglyk merkezleriniň we öýleriniň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, mekdepleriň, medeniýet öýleriniň, dolandyryş merkezleriniň, täze şäherçeleriňdir ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem-de durkuny täzelemegi öz içine alýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ş.Durdylyýewe senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak, aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda gurmak meselesini berk gözegçilikde saklamagy, munuň aýratyn-da gurluşygyň hiline degişlidigini tabşyrdy.

Ata Watanymyzy senagatlaşdyrmak, ykdysadyýetimizi çalt depginler bilen ösdürmek we mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak işi sanly ulgama geçmek, häzirki zaman tehnikalaryny we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek esasynda amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimlerine ýüzlenip, köçeleriň, seýilbaglaryň we seýilgähleriň hemişe arassa saklanylmagyna, yşyklandyrylyşyna hem-de tertip-düzgüniň berjaý edilişine aýratyn üns berilmelidigini talap edip, bu desgalary saklamak we ulanmak üçin hususy kompaniýalara berilse ýa-da maşgala potratçylygy görnüşinde ulanylsa, maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Ş.Durdylyýewe häkimler bilen bilelikde iň ýakyn wagtda bu barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, «Türkmenabat – Aşgabat –Türkmenbaşy» ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyny hem örän möhüm gurluşyklaryň birine degişli edilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigi barada aýdyp, şu şöhratly senäni geljekki nesillerimiz ýatlar ýaly özboluşly desga arkaly ebedileşdirmek barada teklibi öňe sürdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iň belent ýerde, meýdançalary bolan 300 metrlik diňi gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi hem-de Ş.Durdylyýewe ýakyn wagtda onuň taslamasyny taýýarlap, gurmak üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.
Bu desganyň gurluşygy ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna çenli tamamlanmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýyl üçin maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky karara gol çekip, bu maksatnamany amala aşyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça hasabat döwründe söwda dolanyşygynyň umumy möçberi 21,2 göterim artdy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça geçen ýylda birža söwdalarynyň jemi 251-si geçirilip, 31 müň 56 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 44,6 göterim artdy.

Söwda-senagat edarasy boýunça 2019-njy ýylda ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberi 48,6 göterim artdy.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalary boýunça geçen ýylyň dowamynda, 2018-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende, senagat önümleri 41,5 göterim, oba hojalyk hem-de azyk önümleri 28 göterim köp öndürildi.

Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda öndürilen azyk harytlarynyň daşary ýurtlara iberilen möçberi 66,2 göterim, azyk däl we senagat harytlarynyň möçberi 11,2 göterim artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, haryt dolanyşygyny ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlary daşary bazarlara çykarmak boýunça çäreler bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň täze düzümlerini döretmek baradaky çözgüdini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyz bolan ajaýyp halylarymyzyň möhümdigini we gymmatlygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzda halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin, «Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmek kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdan baý tejribesini nazara alyp, Döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine O.Işangulyýewany belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz öz önümlerimizi eksport etmek işini gowulandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrligini we «Türkmenhaly» döwlet birleşigini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän toplumyna bermek kararyna gelendigini habar berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli resminamalara gol çekip, wise-premýerden hem-de ýurdumyzyň söwda toplumynyň ýolbaşçylaryndan döwrebap pudak düzümini döretmek boýunça işleriň depginini peseltmezligi talap etdi. Aşgabatda hem-de welaýatlarda täze söwda merkezlerini we uly dükanlary gurmak, dokma hem-de haly önümlerimiziň eksport edilýän möçberlerini artdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagy dowam etmegiň wajypdygyny nygtap, bu goldawyň pudagyň ösüşini höweslendirmegiň giň çärelerini we usullaryny öz içine aljakdygyny belledi. Milli Liderimiz şu ýyl «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» atly şygar bilen söwdany ösdürmek boýunça birnäçe halkara maslahatlarynyň guraljakdygyny aýtdy we şolaryň çäklerinde beýleki döwletleriň gatnaşmagynda söwda sergilerini guramagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz harytlarymyzyň eksportuny artdyrmak we şolary giňden tanyşdyrmak üçin beýleki döwletlerde bilelikdäki söwda edaralaryny we öýlerini döretmegiň wajypdygyny belledi.

Biz halkara syýahatçylyk ulgamyny hem mundan beýläk-de ösdürmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şu maksat bilen, täze syýahatçylyk ugurlaryny taýýarlamak hem-de olary zerur hyzmatlar bilen üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzda öndürilýän ähli önümleriň «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» diýen haryt nyşanynyň bolmalydygyny, Diýarymyzda geçirilýän ähli banketleriň we baýramçylyk kabul edişlikleriniň diňe öz milli önümlerimiz bilen üpjün edilmelidigini nygtady. Biz indi geçirýän çärelerimizi ýurdumyzda öndürilen ähli zerur azyk önümleri bilen üpjün edip bilýän ösüş derejesine ýetdik diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti gaz kondensaty bilen, tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, şeýle hem nebit önümlerini we “mawy ýangyjy” eksport etmek, maýalary özleşdirmek babatda gazanylan netijeler babatda habar berildi.

Nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 100,8 göterim, benzin öndürmek boýunça – 100 göterim, dizel ýangyjy boýunça – 101 göterim, suwuklandyrylan gaz boýunça – 102,8 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, wise-premýeriň alyp barýan işinden nägiledigini aýtdy hem-de wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, oňa berk käýinç yglan etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýewe soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç yglan etdi we degişli Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary J.Orazowy şol konserniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden we «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz döwlet konserniniň başlygy wezipesine G.Baýgeldiýewi belläp, ony şol edaranyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy. Hormatly Prezidentimiz oňa işinde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminama gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Meredowa hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň görkezijileriniň pesliginiň esasy sebäpleriniň täze açylan ýataklary özleşdirmegiň haýal depginler bilen alnyp barylýandygyny hem-de önüm bermeýän guýularda düýpli abatlaýyş işleriniň ýeterlik derejede geçirilmän, şol işleriň netijeliliginiň pes bolmagyndadygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz pudagyň kärhanalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmagyň we maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň möhümdigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda geçen ýyl alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçen ýyl “Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda iri çäreleriň birnäçesi geçirildi. Şolaryň hatarynda ylmy-amaly maslahatlar, festiwallar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, sahnalaşdyrylan çykyşlar, aýdym-sazly dabaralar bar.

Aşgabatda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy, IV Wena baly we türkmen-awstriýa bilelikdäki “Galkynyş” simfoniki orkestriniň konserti, “Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty” atly III halkara festiwaly guraldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň gözegçilik edýän düzümleriniň gowşak işleýändigini belledi.

Ýakynda biz «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygyny wezipesinden boşatdyk diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de wezipe borçlaryny talabaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewe soňky gezek duýdurmak bilen, berk käýinç yglan etmek barada çözgüdiň kabul edilendigi hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, “Türkmenistan” gazetiniň baş redaktory K.Rejepowa berk käýinç yglan etdi.

Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin wise-premýer B.Abdyýewa berk käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilimiň ähli basgançaklarynyň elektron maglumat goruny okuw-usuly, terbiýeçilik ähmiýetli täze maglumatlar bilen baýlaşdyrmak, bitewi bilim toruny döretmek boýunça işler dowam etdirildi.

Hasabatyň dowamynda ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Saglygy goraýyş ulgamyna sanly tehnologiýalary, elektron resminama dolanyşygyny we telelukmançylyk hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow P.Agamyradowa ýüzlenip, sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewiň hem-de bilim ministri M.Geldinyýazowyň alyp barýan işlerine nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda sportuň kuwwatly maddy-enjamlaýyn binýady döredildi, sagdyn durmuş kadalarynyň ileri tutulýan ugur bolup durýandygy yglan edildi. Ýöne, sport desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçilik edilmeýär. Şoňa görä-de, käbir desgalar taslamadan çykylyp, tabşyrylmaly möhletleri bozulyp gurulýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu meselelere Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hem gowşak gözegçilik edýändigini belledi.

Şoňa görä-de, milli Liderimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, bilim we sport desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa käýinç yglan etdi.

Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewe hem sport desgalarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin käýinç yglan edildi.

Şeýle hem wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky bilim edaralarynyň gurluşygynyň alnyp barlyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin, bilim ministri M.Geldinyýazowa käýinç yglan edildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek hem-de 2019-njy ýylda DIM tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda mähriban Watanymyz giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna üýtgewsiz eýerip, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde netijeli, dostlukly gatnaşyklary ösdürýär.

Hasabat döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň hem-de birnäçe daşary döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Türkmenistana bolan saparlarynyň netijeleri munuň şeýledigini tassyklaýar. Abraýly sebit we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli berkidilýär.

Geçen ýyl Hökümetara toparlaryň mejlisleriniň hem-de bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň birnäçesi geçirildi. Biziň ýurdumyzyň hem-de beýleki döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hem-de medeni- ynsanperwer gatnaşyklaryny berkitmekde we giňeltmekde şol çärelere ähmiýetli orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Bitarap Watanymyzyň döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklady. Şol strategiýa parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, “açyk gapylar” hem-de deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp, sebitde we dünýäde abadançylygyň hem-de durnukly ösüşiň maksatlaryna kybap gelýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň şu ýyla meýilleşdirilen daşary ýurt saparlarynyň, şeýle hem eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara häsiýetli ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça 2019-njy ýylda Mejlisiň alyp baran işleriniň netijeleri barada maglumat berdi. Geçen döwrüň içinde kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyna laýyklykda, maslahatlaryň dördüsi geçirilip, şolarda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 65-si, Mejlisiň Kararlarynyň 42-si kabul edildi.

Ýurdumyzda iki palataly kanun çykaryjy ulgama geçmek bilen baglanyşykly işler dowam etdirilýär. Şonuň bilen baglylykda, “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynyň düýp mazmunyny hem-de maksatlaryny halk köpçüligine ýetirmek üçin syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we döwlet häkimiýet edaralary bilen bilelikde degişli wagyz hem-de düşündiriş işleri alnyp barylýar.

Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň hem-de kanunçykaryjylygyň dünýä tejribesini öwrenmegiň, halkara guramalarynyň wekilhanalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde, Mejlisde birnäçe daşary ýurtlaryň diplomatlary, wekiliýetleri bilen duşuşyklar geçirilip, daşary döwletlere iş saparlarynyň 30-sy amala aşyryldy.

Deputatlar maglumat, wagyz-nesihat hem-de düşündiriş işlerini geçirmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň mümkinçiliklerini işjeň peýdalandylar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisiniň 2020-nji ýyl üçin kanun çykaryjylyk işiniň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň meselelerine geçip, ýolbaşçylary wezipä bellemäge degişli birnäçe guramaçylyk çözgütleri barada aýtdy.

Milli Liderimiz Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary J. Sedekowy bu edaranyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşatdy.

Döwlet Baştutanymyz G.Baýjanowy Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölümçe müdiri wezipesinden boşatdy.

Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine ozal Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinde işlän Ý.Gurbanow bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimi wezipesine Ý.Gylyjowy belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Lebap welaýatynyň häkimi bolup işlän T.Atahallyýew Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz Ş.Amangeldiýewi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesine belläp, ony Ministrler Kabinetiniň bölüm müdiri wezipesinden boşatdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze bellenen ýolbaşçylara işlerinde üstünlikleri arzuw edip, degişli resminamalara gol çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowa sebitde çig maldan taýýar önüme çenli bolan ähli işleri öz içine alýan döwrebap dokma toplumynyň gurluşygy boýunça teklibi taýýarlamagy we onuň önümçilik ulgamlaryny içgin öwrenmegi tabşyrdy. Munuň özi welaýatyň ykdysadyýetiniň önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2019-njy ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri, oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilişi, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 108,9 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 108,3 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 115,9 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 107,6 göterime barabar boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 116,2 göterim ýerine ýetirildi.

Oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri çekmek maksady bilen, dürli oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek üçin ýörite ýer gaznalary döredilýär.

Bu işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzda bugdaýyň, pagtanyň, gök-bakja, miwe, maldarçylyk we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga, döwrebap önümçilik kärhanalaryny, maldarçylyk toplumlaryny, ýyladyşhanalary döretmäge, oba hojalygynda döwletiň tutýan ornuny azaltmaga we azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga, oba hojalygynda bazar gatnaşyklaryny we işewürligi ösdürmek üçin oňaýly şertleri döretmäge mümkinçilik berýär.

Şu günler bugdaý meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de gowaçanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de gurallaryny abatlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda pile önümçiligini kämilleşdirmek maksady bilen, ýüpekçilik kärhanalaryny oba hojalyk toplumyna bermek kararyna gelnendigini aýtdy. Şeýle hem şu ýyl pile öndürmegiň möçberi tassyklanyldy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanda pile önümçiligini kämilleşdirmek hakyndaky” hem-de “2020-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky” Kararlara gol çekip, bu resminamalaryň ýerine ýetirilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer E.Orazgeldiýewe, häkimlere we Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, oba hojalygynda käbir kemçilikleriň bardygyna ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, her welaýatda häzire çenli nusgalyk oba hojalyk kärhanasy döredilenok. Şeýle kärhanalar bize ýer gaznasyny gowy peýdalanmagyň we oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullaryny görkezerdi.

Bugdaý öndürmek bilen bagly ýagdaý hem öwerlik däl. Munuň özi dökün hem-de suw ýeterlik bolsa-da, köp ýerlerde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeýändigini görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we bu ugurda ylmy-barlag institutlaryň işini güýçlendirmegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hünärmenleri taýýarlamak meseleleri ozal hem gozgalypdy. Oba hojalyk uniwersiteti bilen instituty her ýyl oba hojalyk hünärmenlerini taýýarlaýar. Ýöne, olar ýokary mekdebi gutaransoň, esasan, beýleki pudaklarda işleýärler diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu ulgama gözegçiligi ýola goýmak barada görkezmeleri berdi.

Obasenagat toplumynyň ýolbaşçylaryna suw we salgyt salmak, gowaçanyň hasyllylygyny artdyrmak, ýer kadastryny taýýarlamak meseleleriniň üstünde hem işlemek tabşyryldy.

Soňra döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, geçen ýylda edilen işleriň jemlerini häsiýetlendirip, içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan meseleleri barada durup geçdi hem-de ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri kesgitledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, dünýä ykdysadyýetinde ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy sebäpli ýüze çykan käbir meseleler geosyýasatda we ykdysadyýetde dartgynlylygy artdyrmagyna garamazdan, mähriban halkymyzyň tutanýerli zähmeti netijesinde «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda uly üstünlikler gazanyldy.

Geçen ýyl biz bellän ähli meýilnamalarymyzy diýen ýaly amala aşyrmagy başardyk. Üýtgewsiz ýörelgelerimizi, Garaşsyzlygymyzy hem-de Bitaraplygymyzy, parahatçylygy we demokratiýany özünde jemleýän kanunlary işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek babatdaky işleri dowam etdik. Konstitusiýamyzy üýtgetmek bilen bagly ýokary derejedäki kanun çykaryjy häkimiýeti üýtgedip gurmak – iki palataly Parlamenti döretmek işine başladyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz milli ykdysadyýetde gazanylan üstünlikler barada aýdyp, ýokary ösüş depgininiň saklanyp galandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Jemi içerki önümiň ösüşi geçen ýyl 6,3 göterime, şol sanda senagat pudagynda 4,1, söwdada 14,2, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,1 göterime barabar boldy. Önümleriň eksporty 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 4,6 göterim ösdi hem-de 9 milliard manatdan hem artdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 11 müň täze iş orny döredildi, puluň hümmetsizlenmegini bellenen çäklerde saklamak başartdy, ata Watanymyzyň kuwwatyny we bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň ýolunda täze ädimler ädildi, milli ykdysadyýetimiziň esasy ulgamlary we pudaklary depginli ösýär.

Bulardan başga-da, ähli pudaklarda diýen ýaly önüm öndürmegiň möçberleri artdy. Täze, ýokary tehnologiýaly kärhanalar işe girizilip, eziz Diýarymyzy agrar ýurtdan senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça uly işler edildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanagatlanma bilen belledi.

Göz öňünde tutulan maksatnamalaryň çäklerinde gurluşyk pudagyna 35 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlary goýuldy. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 1 müň 704 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar ulanmaga berildi.

Milli Liderimiz oba hojalygynda gazanylan üstünlikler barada aýdyp, başarjaň daýhanlarymyzyň we mülkdarlarymyzyň hem oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy başarandyklaryny belledi. Olar 1 million 700 müň tonna golaý guşgursak bugdaý, 1 million tonnadan hem köp pagta taýýarlap, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etdiler.

Kabul edilen döwlet maksatnamalarymyzy amala aşyrmagyň barşynda şäherlerimiziň we obalarymyzyň, tutuş ýurdumyzyň keşbi tanalmaz ýaly özgerýär. Oba milli maksatnamasyna laýyklykda ähli üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Geçen ýyl biz meýdany 1,5 million inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, şol sanda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny ulanmaga berdik. Netijede, müňlerçe maşgalalar jaý toýlaryny toýladylar.

Ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde hem täze tapgyr başlandy. Köp sanly çagalar baglary gurulýar, iň kämil tehnikalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýokary okuw mekdepleri, saglygy goraýyş, medeniýet we sport edaralary açylýar. Iň esasy zat bolsa, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanyp, ertirki güne ynamy artýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Jemgyýetimizde demokratiýa we aç-açanlyk ýagdaýy barha giňden ykrar edilýär, ähli ugurlary giňelýär.

Biz ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tarap üýtgedip gurmagy dowam edýäris. Şunuň bilen birlikde, hususy eýeçiligiň ornuny düýpli ýokarlandyrmaga, hususy eýeçiligi we hususy telekeçiligi ösdürmegiň ýolundaky päsgelçilikleri hem-de çäklendirmeleri aýryp, ykdysadyýetde döwletiň ornuny azaltmaga tarap ugur alyndy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şu ýyl üçin sazlaşykly, gowy býujetiň kabul edilendigini, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberiniň ýene-de ýokarlandyrylandygyna aýratyn üns berildi.

Garaşsyzlygymyzyň, howpsuzlygymyzyň we asuda durmuşymyzyň kepili bolan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranmak ukyby barha pugtalanýar.

Dünýäde parahatçylyk söýüji, netijeli daşary syýasaty alyp barýan Bitarap döwletimiziň halkara bileleşigindäki at-abraýy hem yzygiderli ýokarlanýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda hem-de Araly
halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmegini, Birleşen
Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) işjeň gatnaşmagyny, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň 11 sany ýöriteleşdirilen guramasyna agza saýlanmagyny biziň diplomatiýamyzyň üstünligi hasaplap bolar.

Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylyk ýagdaýyny döretmäge hem-de hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly goşandyny goşdy we goşmagyny dowam edýär. Bularyň ählisi biziň dünýädäki ornumyzy berkitmäge, Garaşsyz döwletimiziň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga ýardam berdi diýip, milli Liderimiz nygtady.

Umuman, geçen ýyly häsiýetlendirmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onuň abadançylykly ýyl bolup, köp sanly möhüm wakalara hem-de üstünliklere beslenip, taryhda we halkymyzyň hakydasynda hemişelik galjakdygyny ynamly aýtdy. Sebäbi, 2019-njy ýylda «Türkmenistan–rowaçlygyň Watany» diýen şygar bilen ýurdumyzyň örän köp tebigy baýlyklaryny peýdalanmak, ykdysady we milletimizi ruhy-medeni taýdan gülledip ösdürmek mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça ägirt uly işler bitirildi.

Biziň gazanan ähli üstünliklerimiz we ýeten sepgitlerimiz diňe alyp barýan syýasatymyzy halkymyzyň giňden goldamagy, durmuşymyzy gowulandyrmak boýunça geçirýän özgertmelerimize işjeň gatnaşmagy netijesinde mümkin boldy diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Garaşsyz döwletimiziň gazanan uly üstünliklerine öz zähmeti bilen ýardam edenleriň ählisine, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna hem-de ýönekeý zähmetkeşlere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny dowam edip, her ýylyň belli bir şygar boýunça geçirilýändigini belledi. Şu ýyl üçin şygarymyzy «Türkmenistan– Bitaraplygyň mekany» diýip kesgitledik. Bu sözler uly many-mazmuny özünde jemleýär. Bu sözler watançylyk ruhumyzy ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalary we maksatnamalary amala aşyrmaga, ykdysady kuwwatymyzy berkitmäge, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga ýardam bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Munuň özi biziň ählimize aýratyn jogapkärçilik hem ýükleýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we şu şygary iş ýüzünde amala aşyrmak üçin örän köp we tutanýerli zähmet çekmegiň zerur bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, şu ýyl ähli ýolbaşçylaryň esasy wezipeleri: ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini gowulandyrmakdan, girdejilerini artdyrmakdan, täze iş orunlaryny döretmekden we maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň ösüşini, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmagy, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerini çözmekde ýerli häkimiýetleriň ornuny ýokarlandyrmagy kanunçylyk taýdan üpjün etmekden başga-da, Garaşsyz döwletimiziň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly taýýarlyk çärelerini hem ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny aýtdy we Mejlisiň öňünde durýan wezipelere biraz soňrak, deputatlar bilen duşuşykda has jikme-jik serediljekdigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada durup geçip, wise-premýeriň, daşary işler ministri R.Meredowyň ünsüni ýurdumyzyň diplomatik korpusynyň wezipelerine çekdi. Häzirki döwürde ähli diplomatik korpusymyz döwletimiziň bähbitlerini yzygiderli gorap, dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we berkitmek boýunça tutanýerli işlemelidir.

Hökümetiň Baştutanynyň orunbasaryna, DIM-iň ýolbaşçysyna şu ýyl amala aşyryljak saparlaryň, halkara duşuşyklarynyň we maslahatlarynyň maksatnamasyny hem işläp taýýarlamak, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly baýramy bilen bagly çärelere gowy taýýarlyk görmek hem-de olary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowa we nebitgaz toplumynyň ähli ýolbaşçylaryna ýüzlenip, nebitgaz pudagyny ösdürmek we döwrebap ýagdaýa getirmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işleýän innowasion önümçilikleri emele getirmek we onuň eksport mümkinçiliklerini
diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle hem energiýa serişdelerini ibermegiň köp görnüşli turba geçiriji ulgamyny döretmek ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belledi.

Ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etmek, uglewodorod çig malyny gözlemek, çykarmak, gaýtadan işlemek we täze ýataklary özleşdirmek boýunça taslamalary amala aşyrmak, türkmen energiýa serişdelerini täze turbageçirijiler arkaly eksporta ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna energetika howpsuzlygyny üpjün etmek gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem «Türkmenistan – Owganystan –Pakistan–Hindistan» gaz geçirijisiniň strategik taýdan möhüm taslamasynyň gurluşygyny hem işjeň alyp barmagyň, gazy gaýtadan işleýän täze zawodlary gurmak, suwuklandyrylan gazyň öndürilýän möçberlerini we eksportyny artdyrmak boýunça işleri hem dowam etmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny ösdürmek meseleleri barada durup geçip, Hökümetiň Baştutanynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimleriniň, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni däne we pagta ýygymy möwsümleriniň ýetip gelýändigine çekdi.

Şu ýyl ekologiýa, seleksiýa işinde innowasion tehnologiýalary giňden peýdalanmaga, ösümlikleri we mallary goramagyň çärelerini kabul etmäge hem-de ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak işlerine köp möçberde maýa goýumlary goýulýar.

Oba hojalygynda sanly ulgamy ornaşdyrmak, zyýan çekýän daýhan birleşiklerini kärendä, mülkdarçylyga, ýerleri daýhanlara uzak möhletleýin kärendä bermek işlerini dowam etmek zerurdyr.

Şäherlerimizi we obalarymyzy, oba hojalyk pudagyny suw bilen doly üpjün etmek üçin, suw desgalaryny, akabalary, suw göterijileri abatlamagyň hem-de gurmagyň zerurdygy öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerini hem giňden alyp barmak wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu ýyl ýurdumyzda ýene-de bir baýramyň belleniljekdigini aýtdy. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl 10 ýyl dolýar. Bu baýramçylyga hem gowy taýýarlyk görmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz assosiasiýanyň halkara agzalarynyň gatnaşmagynda onuň mejlisini geçirmegiň we mynasyp atçylary sylaglar bilen sylaglamagyň möhümdigini nygtady.

Şunuň bilen bir hatarda, muzeýlerimiziň we kitaphanalarymyzyň täze tapyndylar bilen üstüni ýetirmek, baýramçylyk çärelerini Lebap welaýatyndaky aýlawda geçirmek barada görkezmeler berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary B.Öwezowa we Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, gözegçilik edýän toplumlarynyň pudaklarynyň gurluşyny kämilleşdirmek boýunça ähli guramaçylyk işlerini ýakyn wagtda tamamlamagy, sowatly we başarjaň işgärleri saýlap alyp, çaltrak işe başlamagy tabşyrdy.

Wise-premýer P.Agamyradowa, bilim, saglygy goraýyş we ylym ulgamlarynyň ýolbaşçylaryna ýaşlarymyzy taýýarlamak we okatmak babatda görkezmeler berildi. Olar ýurdumyzy ösüşiň sanly esasda täze belentliklerine çykarmaga gönüden-göni gatnaşmalydyr.

Şu maksatnamanyň doly durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetini ýokary depginde ösdürmelidir, raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmalydyr. Şoňa görä-de, bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamlarynda geçirilýän özgertmeleri çaltlandyrmak, bu meselede ylmy we ýokary bilimi birleşdirmek işini güýçlendirmek, hünärmenleri taýýarlamagyň täze ulgamyny ösdürmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy barlag guramalarynyň işewürlik bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi üçin, bu ugurlaryň başarjaň işgärlerini telekeçilige giňden çekmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ylmy ösdürmegiň täze ugurlary, şol sanda robot tehnikasy, sanly tehnologiýalar we beýleki ugurlar üçin amatly şertleri döretmegiň, mekdepleriň 10–11-nji synplarynyň okuwçylarynyň okuwyň ugurlaryny saýlap almak mümkinçiligine seretmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Halkara standartlaryna uýgunlaşdyrmak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerimizi höweslendirmek çärelerini geçirmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşulmak wezipesini goýmak möhümdir.

Lukmançylyk hyzmatlarynyň ýokary derejede bolmagy, medeniýetiň, saglygyň we sportuň ýaşaýşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi üçin, durmuş taýdan hem, ykdysady babatda hem, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry bolmalydyr we bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ilatyň saglygyny goramagyň milli ulgamyny döretmegi dowam etmegi gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezdi. Bu ulgam rejeli iýmitlenmegi, ýaramaz endiklerden gaça durmagy, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyrmagy we mekdebe çenli bilimden başlap, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy göz öňünde tutýar.

Şu ýyl biz ýurdumyzda ylmy ösdürmäge aýratyn üns bermelidiris. Akademiki institutlaryň maddy- enjamlaýyn binýadyny berkitmelidiris. Ylmy barlaghanalary häzirki döwrüň enjamlary, ýörite abzallar bilen üpjün etmelidiris. Munuň özi ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatyny artdyrmaga ýardam berer diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlarymyzy özüne köpçülikleýin çekmegi göz öňünde tutýan milli sportumyzy we bedenterbiýäni mundan beýläk-de ösdürmegiň wajypdygyny aýdyp, şu maksat bilen, iň täze, has kämil usullary we tehnologiýalary, ylmyň hem-de tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmagyň möhümdigini nygtady.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýyl ýurdumyzda medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň öňünde döredijilik hem-de hünär taýdan ösmek üçin giň mümkinçilikleriň açyljakdygyny belledi. «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» atly şygarymyz bize ykdysadyýetiň hem, syýasatyň hem, taryhyň hem köp ugurlary boýunça giň şertleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, teleýaýlymlaryň programmalaryny, teatr repertuarlaryny giňeltmek we täzelemek, muzeýleriň ekspozisiýalarynyň üstüni doldurmak hem-de dürli çeper sergileri guramak boýunça uly işleri geçirmek zerurdyr. Bitaraplygymyzyň we Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylyklaryna bagyşlap siz teleýaýlymlar üçin gyzykly we täsirli gepleşikleri taýýarlamaly. Teatrlarda merdana halkymyzy şöhratlandyrýan täze sahna eserlerini goýmaly, joşgunly aýdym-sazlary goýbermeli diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz teleradioýaýlymlarda berilýän habarlaryň köp we ýokary hilli bolmagyna uly üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Bu eserler jemgyýetimizde bolup geçýän oňyn özgerтmeleri beýan etmelidir. Ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini, ýylyň şygaryna laýyklykda, giňden wagyz etmelidir.

Biziň ýurdumyz bilen sebitiň hem-de dünýäniň dürli döwletleriniň arasynda medeni gatnaşyklary berkitmek boýunça işleri hem dowam etmek, döwletimiziň Bitaraplygyny giňden dünýä ýaýmak, zehinli sungat işgärlerini ýüze çykaryp, dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmak, dürli ýurtlardan bolan medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda Medeniýet ministrliginde we beýleki edaralarda ýetmezçilik edýän ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagy ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi.

Görşüňiz ýaly, şu ýyl üçin maksatnamany ýerine ýetirmek örän köp zähmeti talap edýär. Ata Watanymyzy üstünlikli ösdürmek üçin bize täze taslamalar, täze pikirler we dolandyryş çözgütleri zerur bolup durýar. Şoňa görä-de, köp başlangyçlar bilen çykyş etmek, işjeň zähmet çekmek wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

“Biz geljekde hem beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň özümizde öndürilýän möçberini artdyrmalydyrys. Ýurdumyzyň egsilmez tebigy baýlyklaryny özleşdirip, ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmalydyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz şanly seneleri, ýagny Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramyny ýokary derejede bellemek meselesi barada durup geçip, döwletimizi berkitmek üçin möhüm bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýubileýini geçirmäge, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyny belläp geçmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň jemlerini jemlemek bilen, ata Watanymyzyň özümize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, parahatçylygy, howpsuzlygy, durmuş-ykdysady ösüşi gazanmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de gowulandyrmak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny kanagatlanmak bilen belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň başynda 2019-njy ýylyň jemleri boýunça welaýatlarda durmuş, ykdysady hem-de medeni taýdan ähli görkezijiler babatda iň ýokary netijeleri gazanan etraplary we etrap hukukly şäherleri kesgitlemek maksady bilen bäsleşigiň yglan edilendigini aýtdy.

Ýakynda ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylygynda ýörite topar bu bäsleşigiň jemlerini jemledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hasabat bermek üçin Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy G.Ataýewa söz berdi.

Bellenilişi ýaly, ýörite topar tarapyndan her welaýat boýunça hödürlenen görkezijiler seljerildi. Şonuň netijesinde, ýurdumyzyň iň ýokary netije gazanan etraby kesgitlenildi. 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby ýeňiji boldy.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkimligini bir million amerikan dollary möçberde pul baýragy bilen sylaglamak, şeýle hem 2020-nji ýylda täze bäsleşigi yglan etmek baradaky Buýruklara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň jemini jemläp, hemmelere berk jan saglygyny we uly üstünlikleri, mähriban halkymyza bolsa, abadançylyk arzuw etdi.

Degişli makalalar

Milli Liderimiz Möhüm Desgalardaky Işleriň Ýagdaýy Bilen Tanyşdy we Atçylyk Toplumlaryna Baryp Gördi

turkmenhabargullugy

Кöp Soralýan Soraglar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Daşoguz Welaýatynyň Durmuş-Ykdysady Taýdan Ösdürilişine Bagyşlanan Iş Maslahatyny Geçirdi