19.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Innowasiýa: Türkmenbaşydaky NGIZ Toplumynda Nebit Koksundan Grafit Alyndy

Innowasiýa: Türkmenbaşydaky NGIZ Toplumynda Nebit Koksundan Grafit Alyndy

7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmeginiň şu ýylyň birinji ýarymynyň jemine bagyşlanan çykyşynda ýakyn geljek üçin anyk wezipeleri kesgitledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ähli pudaklary ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryny goýmaly we täze tehnologiýalary önümçilige giňden ornaşdyrmaly. Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň hem-de daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň, döwrebap senagat desgalaryny we iş orunlaryny döretmegiň we bu işe ýerli telekeçileri çekmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet düzümleriniň we hususy bölümleriň hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň ýokarlanmagynda, ykdysadyýetiň ösüşiň innowasiýa ýoluna geçmeginde, senagat pudagynyň täze ugurlarynyň emele getirilmeginiň höweslendirilmeginiň hasabyna bu pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynda esasy orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasyna laýyklykda ösüşiň şeýle ugurlarynyň toplumy maýa goýum işjeňliginiň emele gelmegini şertlendirýär, ol geljegi uly taslamalary öz içine alýar. Munuň özi işewürlik meýilnamasy hem-de maýa goýumlar babatynda synagdan üstünlikli geçirilen we bu işlere hil taýdan baha berilmegine we seljerilmegine ýardam berýär.

Ol teklipleriň biri emeli grafit önümçiliginde ýurdumyzyň dünýä bazaryna çykmagy bilen baglanyşyklydyr, soňky wagtda sarp edýän pudaklarda önümçiligiň möçberleriniň artdyrylmagy hem-de hödürlenýän möçberleriniň çäklidigi bilen baglylykda bu önüme isleg barha artýar. Alternatiw energiýa çeşmelerine geçiş döwründe tebigy grafitiň ulanylyşynyň artyşy ýaly, litiý-ion akkumulýatorlarynyň öndürilmeginde ulanylýan sintetiki grafite-de talap artýar.

Grafit we ondan alynýan önümler nebit-gaz, atom, metallurgiýa, himiýa, kosmos pudaklarynda işjeň ulanylýar. Oňa bolan isleg bu önümiň Türkmenistanda öndürilmegi, onuň dünýä bazarynda ýetmezçilik etmegi — daşary bazarlarda ýurdumyzyň ornuny berkidýär.

“Ülke” hususy kärhanasynyň we Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynyň hünärmenleri täsin synag geçirdiler.

Türkmen ykdysadyýetini senagatlaşdyrmak babatynda okgunly ösüş innowasiýa taslamasynyň netijesidir — ýurdumyzda ilkinji gezek emeli grafit öndürildi.

Telekeçileriň we Türkmenbaşydaky NGIZT-niň işgärleriniň bilelikdäki tagallalary bilen synag pejinde emeli grafit öndürildi. Barlaglary geçirmek üçin grafitleşdirmegiň netijeli usuly peýdalanyldy – bu usul işlenilýän önümi iň ýokary ýylylyga çenli gyzdyrýan elektrik togunyň ulanylmagydyr. Bu tehnologiýa 1896-njy ýylda A.Açeson (ABŞ) tarapyndan oýlanyp tapyldy we ondan häzirki güne çenli dünýäde peýdalanylýar.

Köp energiýa talap edýän tehnologiýalar ulgamynda tejribe-synag barlaglaryny geçirýän hususy kärhananyň inžener-tehniki işgärleriniň öňünde şeýle maksat goýuldy: ýerli nebit koksundan emeli grafit almagyň mümkinçiliklerini anyklamak tabşyryldy.

Munuň üçin Owadandepedäki metallurgiýa zawodynda 5000A-dan ýokary tokda işlemäge hem-de ony peje geçirmäge ukyply ýörite transformator peýdalanyldy. Şeýle hem “Açeson pejiniň” synag maksatly gurluşy işlenip taýýarlanyldy, ol kärhananyň bölüminde gönüden-göni nebit koksunyň howasyz şertlerde gyzgynlygyň üç müň gradusa çenli ýanmak mümkinçiligini döredýär. Hut şu tehnologiýanyň kömegi arkaly nebit koksuny ýakyp, ondan emeli grafit almak başartdy.

Bu tejribäni taýýarlamak üçin taslamany düzüjilere köpýyllyk nazaryýet taýýarlygy hem-de bir ýyldan gowrak iş geçirmek zerur boldy. Olaryň metallurgiýa zawodynda guran pilot gurnamasy geçen ýylyň ahyrynda ilkinji önümi berdi. Barlaghana hasaplamalarynyň beren maglumatlaryna görä, önümleriň peçden alnan nusgalary, fiziki aýratynlyklary — agramy, elektroenergiýa garşylyk görkezmegi, himiki düzümi, rentgen düzüminiň barlagy – emeli grafitiň ýokary derejede arassadygyny doly tassyklady. Bulardan başga-da, etalon elektrodlary bilen deňeşdirme geçirilende Türkmenbaşydaky NGIZT-niň nebit koksundan taýýarlanýan emeli grafitiň arassalygyna güwä geçdi.

“Ülke” HK-nyň hünärmenleri maglumatlary seljerdiler we degişli hasaplamalary geçirdiler: grafit öndürilýän wagty sarp edilen energiýanyň möçberi, önümçiligiň dowamynda energiýanyň ýitgisi, desganyň peýdaly işiniň netijesi, pejiň işleýiş gyzgynlygy we beýlekiler. Bu aýratynlyklar Türkmenistanyň kärhanalarynda “Açeson peçlerinde” grafit we grafit önümlerini işläp taýýarlamakdaky netijelilige baha bermäge mümkinçilik berdi. Şeýle hem zawodda gurnalan pejiň aýratynlyklary barada barlag geçirildi. Ýygnalan maglumatlaryň jemi boýunça diňe bir agzalýan önümi däl-de, gurluşyň daşky gurşawyň hem arassalygyna düýpli täsir edýändigi anyklanyldy.

Bellemeli zatlaryň ýene biri hem koksdan grafitlenýän bu emeli grafitleriň ýangyna çydamlylygy, ýyladyş ulgamlaryny gurnamakda giňden peýdalanylyp bilinýändigidir. Ýurdumyzyň çäkleriniň bu peçleri taýýarlamak üçin zerur bolan tebigy serişdelere baýlygy hasaba alnanda, ýerli senagat, şol sanda telekeçiler tarapyndan dürli görnüşli ýylylygy sarp edýän gurnamalaryň önümçiligini aýry-aýrylykda özleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar.

Şeýlelik-de, ylmy taslamanyň durmuşa ukyplylygy hem-de düşewüntliligi, onuň amala aşyrylmagynyň mümkindigi we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň strategiki maksatlaryna laýyk gelýändigi äşgärdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginden geljek peýdalaryň hatarynda gymmat bahaly grafit önümleriniň daşary ýurtlardan getirilmegine çykdajylary azaltmagy, ýerli ýokary tehnologiýaly önümleriň görnüşlerini artdyrmakdan gelýän goşmaça girdejileri, harytlary ýerlemegiň täze bazarlaryna çykylmagyny we işewürligiň geriminiň giňeldilmegini bellemek bolar.

Synag tejribesini geçiren hünärmenler, degişli ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýa-da paýdarlar jemgyýetleri bilen bilelikde Türkmenistanda innowasion önümi bolan emeli grafitiň önümçilik mümkinçiliklerinden ugur alyp, tehniki-täjirçilik teklibini taýýarladylar.

Telekeçiler emeli grafit we grafit önümleriniň önümçiligi boýunça 3D derejeli ýokary tehnologiýaly zawodyň işewürlik-meýilnamasyny işläp taýýarladylar, onda grafit elektrodlaryň, grafit bloklaryň, çalgylaryň, ýangyna çydamly we beýleki önümleriň ýylda 40 tonnasyny öndürmäge mümkinçilik bolar. Türkmen ykdysadyýeti üçin bu innowasion önüminiň çig mal bazasy hökmünde ýerli çig mal – Türkmenbaşydaky NGIZT-de aşa gyzdyrylan nebit koksy ulanyp bilner we elektroenergiýany, ep-esli beýleki energiýany köp harç edýän önümçilikde ýitgileriň azaldylmagyna, onuň netijeli ulanylmagyna, şeýle hem ýokary goşmaça bahanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berer.

Emeli grafitiň örän peýdaly önümdigini bellemek gerek. Onuň elektrogeçirijiligi; ýokary gyzgynlyk geçirijiligi; daşky gurşawa we ýokary gyzgynlyga durnuklylygy; çalgy mümkinçiligi we antifiksiýa aýratynlyklary himiki inertliligi ondan alynýan önümleri ylmyň we tehnikanyň köp ugurlarynda uly islege eýe bolmagyny şertlendirýär.

Grafit elektrodlarynyň kömegi arkaly iş ýerlerindäki enjamlaryň elektrohimiki işlerini ýerine ýetirmek üçin elektrik energiýasyny geçirilýär. Uglegrafit elektrodlary alýumin, himiýa, polat erediş we beýleki senagat pudaklarynda peýdalanylýar.
Grafit Gün batareýalarynyň we suwuk kristal displeýleriň önümçiliginde, zergärçilik önümlerinde, nanotehnologiýa we beýleki önümçiliklerde ulanylýar. Şeýle hem bu önüm täze, ýakynda dörän tehnologiýa işlerinde, hususan-da biolukmançylykda, mikroçipleri taýýarlamakda, ýagtylyk diod tehnikasynda peýdalanylýar. Bu pudaklar bütin dünýäde çalt depgin bilen ösýär we bu hem grafite bolan islegiň yzygiderli artjakdygyny alamatlandyrýar.

Grafitiň uglerod elementlerini düzýändigine görä, ýurdumyzyň metallurgiýasynda tehnologiýa meýilleriniň täze görnüşlerini özleşdirmek boýunça tejribe-synag işleriniň dowam etdirilmegi üçin mümkinçilikler açylýar. Häzirki wagtda “Ülke” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň ygtyýar bermeginde ýene bir synagy geçirmäge taýýarlyk görýär, onuň maksady köýen demirleri, metallurgiýa tozanlaryny gaýtadan dikeltmek aýratynlyklaryna baha bermekdir. Synagyň dowamynda “öýjükli demir” diýlip atlandyrylýan önümi almak, “Türkmendemirönümleri” döwlet kärhanasynda grafiti peýdalanmagyň täze ugurlaryny ornaşdyrmak, şeýle hem ekologiýa meseleleriniň çözgüdini tapmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň metallurglary üçin düýpden täze önüm bolan öýjükli demre dünýäniň gara metallar bazarynda uly isleg bildirilýär. Metallurgiýa tozanyny gaýtadan peýdalanmak howa zyňylýan zyňyndylar bilen bagly meseläniň oňyn çözülendigini aňladýar.

Biziň ýurdumyzda emeli grafitiň ulanylyşy hakda aýdylanda bolsa onuň häzirki we geljekki ykdysady ýagdaýyna üns bermek zerurdyr. Häzirki wagtda Türkmenistanda, bir tarapdan, nebit koksy eksport edilýän bolsa, ikinji tarapdan, metallurgiýa pudagyny ösdürmek bilen bir hatarda nebit koksundan alynýan grafit önümleri daşyndan getirilýär. Şonuň üçin hem grafit önümlerini öndürýän zawodyň gurulmagynyň ýurdumyza nähili uly ykdysady peýda berjekdigi düşnüklidir.

Döwletimiz gymmat bahaly dürli görnüşli tebigy serişdelere örän baýdyr. Meselem, diňe bir Garabogaz aýlagynda “Mendeleýewiň tablisasyndaky” ähli elementler bardyr. Grafit önümleri bolsa elektroliz usuly arkaly duz erginini toplumlaýyn gaýtadan işlemek ýoly bilen olary almak üçin zerur “gural” bolup durýar. Munuň özi olaryň örän uly isleg bildirilýän önümlerdigini aňladýar. Şoňa görä-de, bu önümi öndürip biljek zawodyň gurulmagy ýurdumyzyň mineral serişdeleriniň özleşdirilişini çaltlandyrmaga ýardam eder.

Ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň ýakyn geljekdäki ugurlary ylmy taýdan çemeleşmek we önümçiligiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, himiki serişdeleri arassa görnüşinde almak esasynda çig mal gorlaryny giňden işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Bu ugur ýörite grafit önümlerini tehnologiýanyň synag ýoly bilen seçilip alynmagyny, soňra önümçilige ornaşdyrylmagyny hem göz öňünde tutýar. Munuň özi grafit önümleri we oda çydamly serişdeler ýaly çykdajyly düzümleri daşyndan getirmek zerur bolýanlygy üçin öň düşewüntsiz hasaplanan önümçilikleriň hem tehnologik kadalaryna gaýtadan seretmäge hem delil bolar.

Ýurdumyzyň çägindäki iri nebit gorlary olardan dünýä bazarynda düşewüntli bolan nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek üçin hem oňyn şertleri döredýär. Şonuň üçin hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen täze tehnologik desgalary gurmak Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimdir. Ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak onuň möhüm ugurlarynyň biridir.

Häzirki wagtda uglewodorod serişdelerinden taýýarlanylýan, ýurdumyzda ozal öndürilmeýän önümleriň täze görnüşlerini, hususan-da, iňňe görnüşli nebit koksuny almagyň taslamalary işlenilip taýýarlanylýar. Ösen ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň möhüm pudaklarynda uly isleg bildirilýän bu önüm dünýä bazarynda örän girdejili hasaplanylýar. Ol nebiti gaýtadan işlemek ýoly bilen alynýan grafit elektrodlaryny taýýarlamakda peýdalanylýan gymmat bahaly önümdir.

Türkmenistanda senagat pudagynyň yzygiderli ösdürilmegi bilen iňňe görnüşli koksuň önümçiligini guramagyň, koksdan grafiti gaýtadan işläp almagyň we grafit önümlerini çykaryp başlamagyň bähbitlidigine üns bermek zerurdyr. Bu mümkinçilikleriň bardygyny “Ülke” hususy kärhanasynyň şowly synaglary aýdyň görkezýär.

Öňdebaryjy grafit tehnologiýasynyň özleşdirilmegi bilen türkmen döwletiniň emeli grafitiň we grafit önümleriniň ähli görnüşleriniň dünýä bazarynda ygtybarly orun eýelemegine mümkinçiligi bar. Munuň özi ýurdumyza goşmaça maliýe serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün eder.

2016-njy ýylda bu harydy iberýän ýurtlaryň hataryna Hytaý (dünýä importynyň 13,6 göterimi), Malaýziýa (12 göterimi), Koreýa Respublikasy (10,8 göterimi) we soňra barha azalýan möçberlerde Ýaponiýa, ABŞ, Germaniýa, Fransiýa, Hindistan, Braziliýa, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlar girdi.

Ýurdumyzyň senagatynda bu düýpgöter täze pudagyň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmak, diýarymyzyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berjek gaýtadan işleýän pudaklaryň kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmäge ýardam berer.

Degişli makalalar

Bildiriş

turkmenhabargullugy

ANSAT we Mi-17-1W Lukmançylyk Dikuçarlary Barada

Tejen Derýasynyň Üstünden Geçýän Awtomobil Köprüsi Ulanylmaga Berildi