19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Jiu-Jitsu Boýunça Geçirilen Ýaryşlaryň Final Gününde Zenanlar Ýygyndy Topary Ähli Derejeli Medallara Mynasyp Boldular

Jiu-Jitsu Boýunça Geçirilen Ýaryşlaryň Final Gününde Zenanlar Ýygyndy Topary Ähli Derejeli Medallara Mynasyp Boldular

Jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlaryň jemleýji gününde biziň zenan türgenlerimiz V Aziadanyň ähli derejeli medallaryna mynasyp boldular.

Şu gün “Ne-waza” görnüşi boýunça medallar ugrundaky ýaryşlar dowam etdi.
70 kilogramdan ýokary bolan agram derejede zenanlaryň arasynda geçirilen final bäsleşigi tutuşlygyna türkmen türgenlerine degişli boldy. Onuň dowamynda Aýsoltan Garçowowa Sabina Agajanowadan üstün çykyp, altyn medal eýeledi. S.Agajanowa bolsa kümüş medala mynasyp boldy.

Jiu-jitsunyň “Ne-waza” görnüşiniň bürünç medal ugrundaky iki bäsleşiginde hem türkmen türgenleri saýlandylar. Netijede hormat münberiniň üçünji basgançagyna 49 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Ulýana Nazarowa çykdy.
45 kilogarma çenli agramlyk derejesinde çykyş edýän Dinara Jumadurdyýewa hem bürünç medaly eýeledi.

Şeýlelikde, jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlarda türkmen türgenleri jemi 19 medala – 7 altyn, 7 kümüş we 5 bürünç medaly eýelediler.

Degişli makalalar

Hormatly Ýolagçylar!

BILDIRIŞ

syrach

Türkmen Ýüpekçileri Borçnamalaryny Ýerine Ýetirdiler