24.9 C
Aşkabat
23.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Kakajan Aşyrow Sahnada Çehowyň Wodewilini Goýdy

Ýurdumyzyň Baş drama teatrynda Anton Pawlowiç Çehowyň wodewili boýunça goýlan “Deň etmän, duş etmez” oýnunyň ilkinji görkezilişi body.

Çehowa mahsus degişmä ýugrulan sahna eserinde welaýaty dworýanyň mülkdar goňşusynyň gyzyna sawçylyga barşy barada gürrüň berilýär. Ol iki tarapa-da bähbitli, şol sebäplem söz aýdyjylyk ýeňil bolaýmaly ýaly. Ýöne ýigit bilen gyz ölemen jedelçi bolsa, gyzyň kakasam olardan peslär ýaly däl. Jedel ula gidip, iki gezek dagy toý “goýbolsuna” çenli ýetiberýär. 

Türkmenistanyň halk artisti režissýor Kakajan Aşyrowyň özboluşly tilsimleri bilen bir aktly sahna eseri uzaga çekdirilmändir, onda wakalar häzirki döwrüň tomaşaçylarynyň halaýan çalt depgininde beýan edilýär. 

Eseriň ýordumyny birneme janlandyrmak üçin ilkibaşda Kakajan Aşyrow oýnuň gahrymanlaryny tomaşaçylar bilen tanyşdyrýan sahna goşupdyr. Ol oýna üýtgeşik röwüş beripdir: sahna öý lybasly mülk eýesi Stepan Stepanowiç Çubukow çykýar, onuň yzysüre ýönekeýje eşigi bilen sada daýhan gyzyna meňzeýän Natalýa Stepanowna atylyp gelýär. Goňşularynyň öýüniň ýanynda duran paýtuna gözi düşendenem dworýan lybasyny geýmek üçin zymdyrlyp gidýär. 

Çehow Iwan Wasilýewiç Lomowy etli-ganly adam keşbinde şekillendiren bolsa, oýunda ýaşyny kesgitläp bolmaýan agajet, üýtgeşik adam keşbinde beýan edilýär. Ol tomaşaçylara özüni üýtgeşigräge-de tanyşdyrýar-da, öý eýesiniň otagyna tarap ugraýar, ony Stepan Stepanowiç gadyrly garşy alýar, birsalymdan bezemen geýnen Natalýa Stepanowna-da bu ýere gelýär. Režissýor kän bir göze ilmeýän şunuň ýaly ýönekeýje zatlarda welaýaty dworýanlara mahsus häsiýetleri görýär. 

K. Aşyrow jemleýji sahnany-da özüçe beýan edýär. Çehowyň wodewili gudaçylyk bilen tamamlanýan bolsa, oýnuň ahyry toý bilen gutarýar. Şahçyralarda we şemdanlarda şemler ýakylyp, bezemen geýnen myhmanlar wals edýärler. Eýwanda dünýewi gürrüňe gyzypdyrlar. Bar zat toýa mahsus usulda berlipdir. 

Oýnuň başy we ahyry Çehowyň eseriniň ýordumyna sazlaşykly utgaşyp, oýna özboluşlylyk berýär.

Saz bezegini ýerine ýetiren Serdar Ataýewiň wodewil wakasynyň dartgynly özenini bezän işini, şeýle hem Türkmenistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Maksat Amangylyjowyň sahna bezegini belläsim gelýär. 

Stepan Stepanyçyň keşbini döreden Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgeldi Durdyýew gahrymanyny zehinli janlandyrypdyr. Batyr Çaryýewiň ýerine ýetiren Lomowy birneme hyýaly ýaly görünýär, bu bolsa oýna gülküli äheň berýär. Ýaş artist Dilşat Meläýewa sada dworýan gyzyň keşbini has gowy açyp görkezýär. 

Oýny şowhunly el çarpmalar bilen kabul eden tomaşaçylar Çehowyň wodewilini ussatlarça sahnalaşdyran Kakajan Aşyrowyň bu şowly oýnundan soň ýene tanymal rus ýazyjysynyň beýleki eserlerini-de goýmagyna umyt bildiren bolsa gerek…

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi (Türkmenistan Awiakompaniýasy Hakynda)

turkmenhabargullugy

7-nji Tapgyryň Çäginde “Köpetdag” “Merwden” Üstün Çykdy

Prezidentimiz milli emeli hemranyň Dolandyryş merkezine baryp gördi.

syrach