15.9 C
Aşkabat
20.05.2024
DURMUŞ

Kebap we Çişlikler.

Kebap
Malyň budundan ýa-da böwregasty etinden alyp, ony tegelek ýa-da dörtburç görnüşde kesişdirmeli. Duzdur burç goşup, pyçagyň ýeňsesi bilen biraz ýenjişdirmeli. Taýyarlanan kebabyň iki ýüzüne-de gyzyp duran ýagda gowurmaly. Onuň her iki bölegi bir gaba ýerleşdirilip, gök sogan, ukropdyr petruşka bilen saçaga getirilýär. Taýyarlamak üçin 800 gr et, 20 gr mesge, duz we burç gerek.

Aşgabat Kebaby
Täze soýlan goýnuň budundan alyp, ony et üweyji maňyndan sogan bilen bile geçirmeli. Duzdur burç hem goşup garyşdyrmaly. Ony heýkelli kebap görnüşindäki ýaly edip, saçda mesgä gowurmaly. Ýene bir saçda sogan gowrup, gowrulan kebaby-da üstüne goýmaly we azrak suw guýup, buguna bişirmeli. Sonňra üstüni basyrmaly. Dogralan gök sogan, ukrop we ýaly tamdyr çöregi bilen saçaga äberilse, kebab işdalije iýler. Taýyarlamak üçin 700 gr et, 100 gr sogan, 30 gr mesge, duz we burç gerek.

Heýkelli Kebap
Ýokary sortly etiň budundan we guýruk tarapyndan almaly, ony çapyşdyrmaly. Soňra ona mesge bilen maýda dogralan sogan goşmaly. Ýarym taýyar farşa ýumurtgany garyşdyrmaly, duzdur burçyny hem unutmaly däl. Massany el bilen öwüp pugtalandyrmaly. Taýyar farşy kebap syhyna 8-10 sm uzynlykda düzmeli hem-de közüň üstňnde bişirmeli. Taýyar bolansoň, ukrop, sogan, sirke sepişdirip, saçaga geçirmeli. Taýyarlamak üçin 2,2 kg goýun eti, 200 gr sogan, 8 sany ýumurtga, 500 gr gök sogan, 50 gr ukrop bilen mesge, duz we burç gerek.

Gapyrga Çişligi

Dowaryn etiniň gapyrgalaryny 2-3 bölege bölip duzdur burç sepmeli. Oňa mayýa dogralan sogany, turşurak nar suwuny, lawr ýapragyny atyp hemmesini mazaly garyşdyryp goýmaly. 6-8 sag. duransoň, ony sazak közüniň üstünde bişirmeli. Taýyar bolan çişligiň üstünde maýda dogralan gök sogan, ukrop petruşka sepip saçaga eltäýmeli. Taýyarlamak üçin 1 goýnuň gapyrgasy, 1 kg sogan, 500 gr nar, duz, burç, 1 bogyn ukrop, petruşka, gök sogan gerek.

Böwrek Çişligi
Dowaryn böwreklerini inedordul görnişde kesişdirmeli. Dogralan sogany, ukropdyr petruşkany goşup, 1-2 sany nary-da maýdalap garyşdyrmaly. Duzdyr burçuny sepip, 1-2 sg-lap goýmaly. Soňra olary çişlik syhlaryndan geçirip, sazak közünde bişirmeli. Çişlik maýda dogralan gök sogan, ukrop we petruşka bilen saçaga eltilýär. Taýyarlamak üçin 6-7 böwrek, 3-4 düýp sogan, ukrop, petruşka, duz we burç gerek.

Bagyr Çişligi
Edil böwrek çişliginiň bişirilişi ýalydyr. Taýyarlamak üçin1 kg-dan bagyr bilen sogan, ukrop, petruşka, duz we burç gerek.

Çopan Çişligi

Goýun etiniň çylka ýerinden alyp, ony her bölegi 25-30 gr-a barabar bolar ýaly bolüşdirmeli. Sogany tegelekläp kesip, ukropy dograp, duzdur burç bilen garyşdyrmaly. Soňra hemmesini garyp, majum etmeli. Ony syrçaly gapda 10-15 graduslyk jayda 4-5 sagat goýmaly. Kebap ojar ya sazak közünde bişirilýär. Taýyarlamak üçin 1,8 kg et, 150 gr sogan, gök sogan, ukrop, duz we burç gerek.

 

Degişli makalalar

Тürkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň Bellenen Möhletleri Gulluk Eden Harby Gullukçylary Harby Gullukdan Boşadyldylar

turkmenhabargullugy

Suren Kýarunsyň Kwartetiniň “Güýz jazy” Diýlip Atlandyrylýan Täze Programmasy Aşgabadyň Saz Muşdaklaryna Görkezildi

turkmenhabargullugy

Halkara Zenanlar Güni Mynasybetli Dabaralar

turkmenhabargullugy