19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Kerki Howa Menzili: Işler Gyzgalaňly Barýar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan şu ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan il-ýurt bähbitli binalaryň, desgalaryň onlarçasy ulanylmaga berler. Şolaryň arasynda Kerki şäheriniň günorta-günbatar künjeginde gurulýan howa menzili aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň paýtagtyny gündogar künjek bilen baglanyşdyrjak bu howa menzili örän çalt depginler bilen ösüp-özgerip barýan sebitiň öňünde täze mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan — Owganystan demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý halkara awtoulag ýolunyň başlanýan ýeri hasaplanýan bu sebit beýleki döwletler üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin-de, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» ýerli howa gatnawlarynyň täze ugurlaryny açyp, howa menzillerini gurmak we öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bellenilýär.
Kerki howa menzili 1947-nji ýylda açylyp, tä 2004-nji ýylyň dekabr aýyna çenli hereket edipdi. Aşgabat — Kerki aralygyna gatnaýan şol wagtky «Ýak-40» uçarlarynyň uçuş möhleti tamamlanandan soňra, bu gatnaw togtadylýar we uçar menziliniň işi-de bes edilýär. Sebäbi Kerkiniň şol döwürdäki uçar menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy-da, ini-de häzirki zaman uçarlaryna niýetlenmändi.
Täze howa menziliniň uçuş-gonuş zolagy ähli görnüşdäki uçarlary kabul edip we ugradyp bilýär. Sagatda 100 ýolagça hyzmat etjek howa menzilinde ýolagçylar üçin-de, işgärler üçin-de ähli amatlyklar döredilipdir. Umumy meýdany 1730 inedördül metr bolan ýolagçylar terminalynda garbanyşhana, «Tiz kömek» gullugy, kassalar, ýolagçylary bellige alyş nokatlary, ýük bölümi, gazet-žurnal we sowgatlyk önümler satylýan dükanlar göz öňüne tutulypdyr. Ýolagçylar terminalynda ýörite wideogözegçilik ulgamy oturdylyp, onda ähli bölümleriň işi, ýolagçylara hyzmat edilişi we beýlekiler howpsuzlyk gullugy tarapyndan gözegçilikde saklanar.
— Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda gurulýan her bir binanyň milli öwüşgine baý bolmalydygyny nygtaýar. Şundan ugur alyp, biz häzir howa menziliniň baş binasynyň daşyny bezeg plitalary bilen örtmek işine girişdik. Uçjak bolup, ganatyny gerip duran ak guwy ýatladýan baş binanyň öňünde milli öwüşginli bezegleri köpräk ulanmakçy. Beýikligi 28,8 metre ýetýän dispetçer gullugynyň diňi-de haly gölleri bilen bezeler. Esasy gurluşyk işlerini tamamladyk. Indi diňe daşary ýurtlardan getirilip, binada ornaşdyryljak enjamlary gurnamak işi galdy — diýip, «Gündogdy» hususy gurluşyk kärhanasynyň baş inženeri Gylyçmyrat Ataýew gürrüň berýär.
Hawa, 200 gektar meýdanda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Howa menzili üçin zerur kömekçi desgalaryň-da birnäçesi guruldy. Elektrik toguny paýlaýjy kuwwatly desga olaryň ählisini elektrik togy bilen üpjün eder. Daş-töweregi bezeg agaçlary, güller bilen örtülmeli ajaýyp bina şu ýylyň baharynda görküne geler.
Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna gabatlanyp ulanylmaga beriljek desga Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ýerli howa gatnawlarynyň binalarynyň üstüni ýene-de bir täze howa menzili bilen ýetirer. Bu bolsa agentligiň ýolagçy gatnatmak baradaky görkezijileriniň ýokarlanmagyny üpjün eder. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan işler, goý, ýurdumyzyň abraý-mertebesini mundan-da zyýada etsin!
Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Palestina Döwletiniň Ilçisi Ynanç Hatlarynyň Nusgasyny Gowşurdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi