20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
YLYM

Kitaplar üçin köşk.

Balkanabatda sebitiň kitaphanasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ak mermere beslenjek, obserwatoriýaly alty gatly bu binanyň gurluşyk işlerini onuň ýokarky gatynda gurluşygy ýurduň “Gündogdy” hususy kärhanasy alyp barýar. Bu täze bina nebitçiler şäheriniň merkezinde ýerleşýän “Nebitçi” myhmanhanasynyň, keselleri anyklaýyş merkeziniň, drama teatrynyň, Bagt köşgüniň we Merkezi medeni we dynç alyş seýilgähiniň binagärlik toplumynyň üstüni ýetirer 

Düzümine naharhana, lukmançylyk nokady, kitap dükany, gerek bolan kömekçi jaýlar we inženerçilik kommunikasion gurluşlary girýän bu kitaphana toplumy 12 müň 150 inedördül metr meýdany eýeleýär. Bagçylyk-seýilgäh toplumy bilen bilelikde umumy 30 müň inedördül meýdany eýelär. Ýaprakly we pürli baglaryň ekilmegi netijesinde döreýän “gök zolak” tomus möwsüminde bu ýerde degişli salkyn mikroklimaty döreder. 

Bir wgtyň özünde okyjylaryň 600-si kitaphananyň hyzmatyndan peýdalanyp biler. Degişli kataloglar we kartotekalar hem kagyz görnüşinde, hem elektron görnüşinde olaryň ygtyýarynda bolar. Kitaphananyň ýagty we giň okalga zallarynda okyjylar üçin aňrybaş oňaýlyklar dörediler. Okyjylar bu ýere çagalary bilen hem gelip bilerler – uly ýaşlylar gerek bolan kitaplar bilen işleýänçäler çagalar ýörite zallarda özlerini gyzyklandyrýan oýunlarý oýnap bilerler. 

Şeýle hem 70 orunlyk internet zaly okyjylaryň ygtyýarynda bolar. Ol hem, edil terjime merkezi, gollanmalary çapa taýýarlamak bölümi ýaly, welaýatyň beýleki kitaphanalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamaga, öňdebaryjy tejribäni ýaýratmaga şert döreder, özboluşly ykjam usuly merkezine öwrüler. Kitaplaryň täze köşgüniň gurluşy we işi Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine degişli bolan merkezi kitaphanalarda bütewi elektron kitaphana toruny döretmek hakynda” ýörite Kararynyň öňde goýan wezipelerine doly laýyk gelýär. 

Düzümine elektron görnüşdäki kitaplary girýän kitap gaznasynyň ählisi dünýäniň kitaphanalarynyň köpüsinde ulanylýan täze uniwersal dokuz belgili bölüme bölünýär. 

Häzirki wagtda kitaphananyň alty gaty hem ak mermere beslenendir, onuň içinde bolasa bezeg we beýleki işler güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Degişli makalalar

Energetika institutynyň Talyplary Metallary Işläp Taýýarlamagyň Täze Tehnologiýalaryny Öwrenýärler

Kämillikden Üstünlige

Üstünlige Ýetmekden Ozalky Bir Ädim

turkmenhabargullugy