19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Konserwatoriýanyň Talyplary Bagşyçylyk Sungatynyň Syrlaryny Öwrenýärler

26-njy noýabrda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda “Beýik Ýüpek ýolunyň owazlary” atly konsert boldy, oňa “Bagşy” kafedrasynyň uly mugallymy Garýagdy Saryýew we talyplar Agaýusup Jumadurdyýew bilen Öwezgeldi Amanow gatnaşdylar.

Olar milli aýdym-saz sungatynyň tanymal wekilleri — Nobat bagşynyň, Oraz Salyryň, Gurt Ýakubowyň, Agamyrat Ýagmyrowyň, Ödenyýaz Nobatowyň, Satlyk Saryýewiň we başga-da ençeme ussat bagşylaryň aýdymlaryny aýtdylar.

Türkmenleriň köp asyrlyk aýdym-saz ýörelgelerini özünde jemlän bagşylaryň sungatyna hemme döwürde-de ilimizde aýratyn hormat-sarpa goýlupdyr. Bagşylar özboluşly ýoly we labyzly owazlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanypdyrlar. Dessançy bagşylaryň kyssalary halk ruhuny beýan edipdir.

Her ýyl “Bagşy” kafedrasyna ýaşlaryň onlarçasy okuwa girýär. Talyplar tejribeli halypalardan halk aýdym-sazlarynyň inçe syrlaryny öwrenýärler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Orta Asyr Arheologiýa Ýadygärlikleriniň Elektron Kartasy Döredildi

Türkmenistan-Rowaçlygyň Watany

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Deňizde Ýüzüş Ulgamynda Hyzmatdaşlygyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy