27.9 C
Aşkabat
15.06.2025
YLYM

Köýtendagyň tebigy baýlyklaryny öwrenmek üçin halkara ylmy ekspedisiýasy işläp başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän halkara ylmy ekspedisiýasyny Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, Türkmenistanyň UNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň Sekretariýaty, ýurdumyzyň Tebigaty goramak ministrligi, Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Lebap welaýatynyň häkimligi guraýarlar.

Ekspedisiýanyň düzüminde-8 döwletden—ABŞ-dan, Kanadadan, Beýik Britaniýadan, Italiýadan, Ispaniýadan, Finlýandiýadan, Russiýadan alymlaryň 50-den gowragy we olaryň türkmen kärdeşleri, şeýle hem habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Oňa gatnaşyjylaryň hatarynda ajaýyp tebigy ýerleri gorap saklamagy üpjün etmek boýunça ýöriteleşýän paleontologlar, mineraloglar, speleologlar, botanikler we zoologlar, ekologlar, şeýle hem UNESKO-nyň wekilleri bar, olar Köýtendagyň gözelligine baha bererler.

Köýtendag düýpli öwrenilýän we barlanylýan ýer, wekilçilikli halkara maslahatynda alymlaryň ara alyp maslahatlaşjak we pikir alyşjak mowzugy bolar.

Ýurdumyzda ilkinji gezek şeýle uly möçberli halkara ylmy ekspedisiýasynyň bu ýerde guralmagy tötänden däldir. Bu ekspedisiýanyň maksady bolsa bu ulgamda daşary ýurt we türkmen alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdan, Türkmenistanyň tebigy keşbini, köp görnüşli ösümlik we haýwanat dünýäsini, biziň ýurdumyzyň ajaýyp tebigy hem-de etnografiki ýerlerini öwrenmekden ybaratdyr.

Bu ýerde, hakykatdan hem, ajaýyp özboluşly tebigy ýerler jemlenendir, olaryň hatarynda onlarça million ýyl mundan ozal dinozawrlaryň galdyran aýak yzlary, baý içki bezegi, ýerastyndaky täsin ýaşaýjylar – Köýtendag kör goles balygy, kinniwanja balyk bilen karst gowaklarynyň dünýäde iň uzyn ulgamy bar, şol balyjaklaryň ýüze çykarylmagy öz wagtynda ylym üçin hakyky açyş bolupdy we düýpli öwrenilmäge mynasypdyr.

Türkmenistanda iň beýik daglar, iň çuň süýji suwly köl, bejeriş häsiýetli kükürtli-wodorodly çeşmeler, gözelligi boýunça ajaýyp Umbar şaglawugy, ýüzlerçe metr beýiklikdäki kert gaýaly ägirt uly daglar, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bu ajaýyplyklaryň üstüni ýetirýär. Ýerli özboluşly medeni we etnografiki miras hem gyzyklanma döredýär. Rowaýatlara baý bolan Kyrkgyz gowagy onuň aýdyň mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köýtendagyň ajaýyp özboluşly tebigy gözelligine bagyşlanan halkara ylmy maslahatyny geçirmek barada geçen ýylyň güýzünde tebigatyň bu özboluşly künjegine baryp göreninden soň Türkmenabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň barşynda tabşyryk beripdi.

Ýakynda, 21-nji maýda bolan göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda bolsa milletiň Lideri bu ylmy maslahatyň welaýaty halkara syýahatçylygynyň iri merkezleriniň birine öwürmäge, Köýtendagyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsini, özboluşly tebigy gözelligini hem-de gadymy döwrüň haýran galdyrýan ýadygärliklerini giňden wagyz etmäge ýardam eder diýip aýratyn nygtady.

Köýtendaga barýan ýoluň özi daşary ýurtly ekspedisiýa gatnaşyjylara ýurdumyzyň ak mermere beslenen paýtagty, onuň ajaýyp binagärlik toplumlary, baý we özboluşly medeni-mirasa eýe, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýoly bilen ynamly hem-de okgunly gadam urýan ýurt bolan Türkmenistanyň iri welaýatlarynyň biri, ýagny Lebap welaýaty bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik berdi.

Türkmenabadyň howa menzilinde dabaraly garşylanandan soň halkara ylmy ekspedisiýa gatnaşyjylar ýol ugrunda soňky ýyllarda täzelenen welaýat merkeziniň binagärlik, şähergurluşyk keşbine haýran galdylar. Gurlan we gurulýan ak mermere örtülen binalar, abadanlaşdyrylan häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlary, köp sanly medeni we bilim merkezleri göwnüňi galkyndyrýar, howa menzilinde myhmanlary hormatly ýaşulular asyrlaryň dowamynda türkmen halkyna mahsus bolan myhmansöýerlik bilen garşyladylar. Döredijilik toparlarynyň dürli öwüşginli milli lybaslarda ýerine ýetiren horeografiki çykyşlary, özüne çekiji mukamlar myhmanlara uly täsir etdi, aýdym-sazlardan berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň beýik üstünlikleri bilen türkmen halkynyň ruhubelentligi, Watanymyzyň abadançylygy we gülläp ösmegi barada ýadawsyz alada edýänligi üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk öz beýanyny tapdy.

Ekspedisiýa gatnaşyjylar gönüden-göni barlag geçiriljek sebite ýörite otluda geldiler, olar bilen Kelif stansiýasynda bolan duşuşyk hem ajaýyp, ýatda galýan baýramçylyga öwrüldi, alymlary garşylamak üçin uly-kiçi hemmeler, ýagny hormatly ýaşulular, okuwçylar, döredijilik işgärleri we zähmetkeşler toparlarynyň wekilleri, golaýdaky şäherçeleriň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandy.

Ekspedisiýanyň esasy gonalgasy Köýtendagyň owadan ýerleriniň biri bolan Köýten obasynda ýerleşdi. Bu ýer ajaýyp tebigy ýerleriniň birnäçesi—çuňlugy 80 metre ýetýän Ketdeköli, täsin unabi jülgesi bilen meşhurdyr. Şol ýerden Köýtendagyň dürli künjeklerine meýilleşdirilen ekspedision ýörişleriniň ählisi amala aşyrylar.

Ekspedisiýanyň giň maksatnamasy meýdandaky ylmy barlaglary geçirmegi göz öňünde tutýar. Her gün olaryň netijeleri “tegelek stoluň” başyndaky ýygnanyşyklaryň çäklerinde jemlener, şol ýerde has ähmiýetli we möhüm meselelere bagyşlanan ylmy ara alyp maslahatlaşma ýaýbaňlanar.

Şeýle meseleleriň hatarynda Köýten jülgesinde Milli geologiýa seýilgähi döredilen mahaly halkara hyzmatdaşlygynyň geljegi we ony geologiýa seýilgähleriniň dünýä ulgamyna goşmak, UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin Köýtendag goraghanasynyň maglumatlaryny taýýarlamak bar. Köýtendagyň tebigy we medeni baýlyklaryny öwrenmek hem-de welaýatda syýahatçylygy ösdürmek üçin halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň ähmiýetine hem-de geljegine hem garalar.

Ekspedisiýa gatnaşyjylar dinozawrlaryň meşhur aýak yzlaryny goýan ýerlerinde barlaglary geçirerler, Hojapil dag obasynyň eteklerindäki ajaýyp ýerleri jikme-jik öwrenerler. Kap-Kotan gowagy hem alymlaryň barlag geçirýän ýerleriniň hataryna girer. Onuň ýerasty geçelgeleriniň ulgamynyň uzynlygy 50 kilometrden geçýär. Şeýle hem Daraýdere jülgesiniň tebigy dünýäsi öwreniler, ol dag gerişleriniň arasynda iň çuň we uzyn jülgedir, onuň adynyň “jülgeleriň jülgesi” diýlip terjime edilmegi ýöne ýerden däldir.

Ekspedisiýanyň maksatnamasynda Köýtendag döwlet goraghanasynyň ýyrtyjy haýwanlar saklanylýan we ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde hem ylmy işleri geçirmek göz öňünde tutuldy, şol ýerlerde welaýata mahsus haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň seýrek duş gelýän we gymmatly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär hem-de saklanylýar.

Şeýlelikde, maslahata gatnaşyjylar şu gün badalga alan ekspedisiýanyň çäklerinde Köýtendagyň ajaýyp ýerlerini gözleri bilen görüp, olara mynasyp baha bermek, bu barada öz makalalarynda hem-de ylmy işlerinde dünýä bileleşigine habar bermek üçin zerur ylmy barlaglary geçirip bilerler.

Ekspedisiýanyň barşynda toplanan maglumatlar, geçirilen ylmy işleriniň netijeleri “Türkmenistanyň tebigaty: Köýtendagyň açylmadyk täsinlikleri” atly halkara maslahatynyň çäklerinde hem ara alnyp maslahatlaşylar, şol maslahat 28-29-njy maýda Türkmenabatda geçiriler.

Bu ýerde alymlar Türkmenistanyň we UNESKO-nyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryna, gadymy tebigy görnüşlere, gadymy süýrenjileriň galdyran aýak yzlaryna we geologiýa mirasynyň ýadygärlikleri hökmünde olara baha bermäge, şeýle desgalaryň gorag derejesiniň geljegine degişli çykyşlary ederler.

Daşky gurşawyň özboluşly gaznasy bolan gowaklary, Köýtendagyň ýerasty suw ulgamynyň haýwanat dünýäsini öwrenmegiň hem-de gorap saklamagyň ähmiýetine, barlaglaryň taryhyna degişli we beýleki birnäçe möhüm meselelere hem garalar. Bölümleýin mejlisleriň birnäçesiniň barşynda hem pikir alşylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Selmelegi: Müňýyllyklaryň Syry

Gün Urmadan Goranalyň

turkmenhabargullugy

Ornitologlaryň Gözegçiliglindäki Maýsa Atly Gara Depeli Tekejyllyk Türkmenistanda Düşläp Geçdi