15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol uluglary pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de ýükleri daşamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine däne, sement we mineral önümleri daşamak üçin niýetlenen 300 sany ýöriteleşdirilen ýük wagonyny satyn almak barada Beýik Britaniýanyň “Stock Plaza LLR” kompaniýasy bilen şernamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.

* * *

Garaşsyz Türkmenistanda gazanylýan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, amala aşyrylýan özgertmeler, ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän möhüm syýasy, durmuş-ykdysady we medeni wakalar, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işler barada teleradioýaýlymlarda birilýän gepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak, täzelikleriň halkymyza, dünýä jemgyýetçiligine öz wagtynda we täsirli ýetirilmegini üpjün etmek, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradioýaýlymlarynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň:

“Watan” teleradioýaýlymyny “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymynyň düzümine goşup, ony “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň “Watan” radioýaýlymy;

“Çar tarapdan” radioýaýlymyny “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň düzümine goşup, ony “Ýaşlyk” teleradioýaýlymynyň “Çar tarapdan” radioýaýlymy;

“Miras” radioýaýlymyny “Miras” teleýaýlymynyň düzümine goşup, ony “Miras” teleradioýaýlymynyň “Miras” radioýaýlymy;

“Owaz” radioýaýlymyny “Türkmen owazy” teleýaýlymynyň düzümine goşup, ony “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň “Owaz” radioýaýlymy diýip atlandyrmak bellenildi.

Şeýle hem resminama bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň gurluşy tassyklanyldy. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, binagärlik, gurluşyk we himiýa tehnologiýasy boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen döwlet binagärlik—gurluşyk institutyny döretmek hakynda” 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran 6080-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň gurluşy tassyklanyldy. Instituty 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyndan işe girizmek bellenildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Tertipnamasyny Institut bilen bilelikde işläp taýýarlamak we tassyklamak, ýapylan Türkmen politehniki institutynyň hünärlerini 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna geçirmek, Institutyň hünärleri boýunça okuw meýilnamalaryny bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek tabşyryldy. Ýapylan Türkmen politehniki institutynyň binalaryny, desgalaryny ähli emläkleri bilen bilelikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek bellenildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagy Boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň derejesinit has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmen döwlet nebit we gaz institutyny döretmek hakynda” 2012-nji ýylyň 25-nji maýynda çykaran 6081-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň gurluşy tassyklanyldy. Instituty 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyndan işe girizmek bellenildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligine Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň Tertipnamasyny Institut bilen bilelikde işläp taýýarlamak we tassyklamak, ýapylan Türkmen politehniki institutynyň hünärlerini (şol sanda, Balkanabat bölümi bilen bilelikde) 2012-nji ýylyň 1-nji iýulyndan Türkmen döwlet nebit we gaz institutyna geçirmek, institutyň hünärleri boýunça okuw meýilnamalaryny bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlaryna tassyklamak üçin bermek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyşygyna agza döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, işewürler toparlarynyň özara peýdaly aragatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmäge ýardam bermek, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyşygyna agza döwletleriň ykdysadyýetde gazanan üstünliklerini görkezmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, degişli ministrlikler hem-de pudak edaralary Senagatçylyr we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde Aşgabat şäherinde 2012-nji ýylyň 20-nji sentýabry-10-njy oktýabry aralygynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyşygyna agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasyny geçirmäge borçly edildi.Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Türkmenistanyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyşygyna agza döwletleriň, beýleki gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň degişli edara görnüşli taraplary bilen halkara ýarmarkasyny geçirmek boýunça şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşyşygyna agza döwletlerde öndürilýän halkyň sarp edýän harytlarynyň halkara ýarmarkasyny geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklanyldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilatymyzy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, hemmetaraplaýyn ösen nesli kemala getirmek, hünärli hem-de halkara derejeli ussat türgenleri we ýygyndy toparlary taýýarlamak üçin amatly şertleri döretmek, milli sportumyzy ösdürmek we dünýä derejesine ýetirmek, ýurdumyzda halkara hem-de sebit derejesindäki ýaryşlaryň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine 3 tapgyrdan ybarat bolan Olimpiýa şäherjiginiň ikinji tapgyrynyň binalar we desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada “Polimeks Inşaat Taahhüt we Sanaýi Tijäret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň maý aýynda başlamak hem-de binalar we desgalar toplumyny 2015-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň” esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe syýahatçylygy we sporty ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasy” we şu maksatnamany amala aşyrmagyň meýilnamasy, “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamasy” we şu maksatnamany amala aşyrmagyň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komiteti, ministrlikler we pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we jemgyýetçilik guramalary şu Maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

* * *

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alyp, “Býujet ulgamy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamaalryny öz wagtynda taýýarlmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe ministrligine hem-de Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramak hem-de olary 2012-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek, taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2012-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermek tabşyryldy. Türkmenistanyň 2013-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak üçin, Türkmenistanyň Maliýe ministrligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi bilen bilelikde hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge hem-de onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, nebitgaz toplumynda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bu taslamalar boýunça gözegçiligi güýçlendirmek hem-de “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agenligine nebitgaz toplumynda daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan taslamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek tabşyryldy. Şeýle hem resminama bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agenligi hakyndaky Düzgünnama we şu agentligiň gurluşy tassyklanyldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Wengriýanyň Arasynda Hyzmatdaşlygy Ösdürmek Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşylar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Bilelikdäki Mejlisi

syrach