29.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Küşt Boýunça Halkara Ýaryşda Gazanylan Kümüş Medal

Küşt Boýunça Halkara Ýaryşda Gazanylan Kümüş Medal

Çehiýanyň bu şäherinde on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşa badalga berildi. “rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy.

Ýaryş şweýsar usuly boýunça ýedi tapgyrda geçirildi. J.Öwezdurdyýewa mümkin bolan ýedi utukdan alty utuk toplamagy başardy. Bu bolsa oňa hormat münberinde ikinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Zenanlar toparynda ýaryşa 48 küştçiniň gatnaşandygy bellärliklidir.

Türkmenistanyň ýygyndy topary nusgawy ýaryşlarda çykyş eder. Onda bir oýna bir ýarym sagat “arassa” wagt berilýär hem-de her göçülen göçümden soňra wagta 30 sekunt goşulýar. Halkara ýaryş 4-nji marta tamlandy.

Degişli makalalar

Ýeşilköý 2001 Kollejinde Nowruz Baýramy Mynasybetli Medeni Çäre Geçirildi

turkmenhabargullugy

Brent Kysymly Nebitiň Barreliniň Bahasy 2016-njy Ýylyň 30-njy Noýabryndan Bäri Birinji Gezek 51 Dollardan Aşak Düşdi

Türkmen Dizaýneri Şalar Rahymow Toý-Dabaralar Üçin Eşikleri Görkezdi