18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Küşt we Şaşka Boýunça Bäsleşikler

Golaýda «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň gurmagynda Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň arasynda küşt we şaşka boýunça ýaryş geçirildi. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçirilen bu ýaryş Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirlen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi.

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde küşt boýunça erkekleriň arasynda «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Täçmyrat Berdiýew I orna, «Halkbank» Döwlet täjirçilik bankynyň işgäri Seýitnazar Annaseýidow II orna, «Senagat» Täjirçilik bankynyň işgäri Myrat Nyýazberdiýew bolsa III orna eýe boldy.

Zenanlaryň arasynda küşt boýunça geçirilen ýaryşyň jemi boýunça «Türkmenistan» Döwlet ösüş bankynyň işgäri Närtäç Annakowa I orna, «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Güljahan Atbaşyýewa II orna, «Türkmen-Türk» Paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Jeren Muhammedowa bolsa III orna mynasyp boldy.

Erkekleriň arasynda çekeleşikli geçen şaşka ýaryşynyň jeminde bolsa Türkmenistanyň «Halkbank» Paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Orazmyrat Hemraýew I orna, «Rysgal» Paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Baýram Hemraýew II orna, «Senagat» Paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Merdan Gaýypow III orna mynasyp bolup, ýeňişini baýram etdi.

Zenanlaryň arasynda şaşka boýunça geçirilen ýaryşda «Halkbank» Paýdarlar täjirçilik bankynyň işgäri Hesel Araliýewa I orna, «Senagat» Paýdarlar täjirçilik Bankynyň işgäri Gülälek Annataganowa II orna, «Senagat» Paýdarlar Täjirçilik bankynyň işgäri Bägül Durdyýew bolsa III orna eýe boldy.

Ýaryşda baýrakly orna mynasyp bolan bank işgärlerine «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

Ýazbike ÖWEZOWA,

Aşgabat şäheriniň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirlen küşt we şaşka mekdebiniň mugallymy.

Çeşme: msy.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Prezidentleri Garlykda Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumy Açdylar

Birža Täzelikleri

Türkmenistan Sebitiň Geljegi Üçin Täze Ýollary Çekýär