34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Lebap kärhanasynyň durkuny düýpli täzelemek boýunça işlerine garaşylýar.

„Lebap“ paýdarlar jemgyýetiniň kärhanasynda giň möçberli düýpli durkuny täzeleme işleri geçiriler. Türkmenistanyň azyk senagaty assosiasiýasy bu babatda degişli bäsleşik yglan etdi.

Durkuny täzelemek bilen senagat kärhanasynyň kuwwatlylygy ep-esli artar. Gaýtadan işlenilen önümiň ýyllyk möçberi 4800 tonna süýt we 210 tonna et önümlerine barabar bolar. Şohlat önümleriniň ençeme täze görnüşleriniň şeýle-de turşumtyk süýt içgileriň, gaýmak, peýnir, pasterizirlenen süýt, dorag, mesge ýagy ýaly önümleriň hasabyna önümleriň görnüşleri hem köpeler. Kärhanada önüm gaplamanyň täze tehnologiýalary ornaşdyrylar.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän açyk görnüşli „Lebap“ paýdarlar jemgyýeti 1975-nji ýylda süýdi gaüýtadan işläp, süýt-gatyk önümlerini öndürýän kärhana indi öz kuwwatyny ep-esli artdyryp biler. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Prezidentimiziň wideoşekilli iş maslahatyndaky çykyşy.

syrach

2014-nji ýylda dünýäniň ilaty.

syrach