21.9 C
Aşkabat
28.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Ýurdumyzda Geçirilýän Ýaryşlaryň Sany Artdy

Ýurdumyzda Geçirilýän Ýaryşlaryň Sany Artdy

Paýtagtymyzyň Gyşky oýunlar sport toplumynda 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de 2005-2008-nji ýyllarda doglan çagalaryň arasynda hokkeý boýunça Aşgabadyň ilkinji açyk birinjiligine badalga berildi. Ýaryşa sekiz topar gatnaşýar. Olar birnäçe tapgyrdan ybarat aýlaw görnüşdäki ýaryşda ýarym ýylyň dowamynda baýraklar ugrunda göreşerler.

Täsirli açylyş dabarasynyň barşynda hokkeýçileriň we köpsanly tomaşaçylaryň öňünde Sport baradaky döwlet komitetiniň paýtagtymyzdaky sport mekdebiniň buzda figuralaýyn typmak bilen meşgullanýan türgenleri çykyş etdiler. Karina Mowsesýanyň şägirtleriniň ýerine ýetirmegindäki buzuň üstündäki tanslar ýaryş gidýän wagty, duşuşyklaryň arakesmesinde hem bolýar. «Gerçekleriň oýny» hasaplanýan hokkeý bilen meşgullanýan ýaşajyk türgenler hem biri-biriniň gujur-gaýratyny synap gördüler. Iki tapgyrdan soň garaşylyşy ýaly toparlaryň üçüsi– «Şir», «Oguzhan» we «Galkan» toparlary öňe saýlandylar. Hünärmenleriň pikiri boýunça altyn medal ugrunda göreş esasan şu üç toparyň arasynda gider.

Körpeje hokkeýçileriň ençemesiniň ilkinji gezek gatnaşyp görýän bu ýaryşynyň esasy maksady ýaşlary sport bilen meşgullanmaga köpçülikleýin çekmekden hem-de täze hokkeý toparlaryny döretmekden ybarat bolup durýar. Ýeri gelende bellesek, buz üstünde oýnalýan bu oýun soňky döwürde türkmen ýaşlarynyň arasynda gitdigiçe meşhurlyk gazanýar. Mysal üçin, diňe ýokarda agzalan paýtagtymyzyň toparlarynyň düzümine 300-e golaý türgen girýär. Ýakyn geljekde bolsa Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherinde sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanmak isleýän ýaşlary toparlara kabul edip başlarlar. Bu ýerde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap buzly sport desgasynyň gurluşygy alnyp barylýar.

Ýaryşyň netijesi boýunça halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmak üçin milli ýygyndymyzyň deslapky düzümi tassyklanar. Milli ýygyndymyz halkara ýaryşlarynyň birnäçesine, şol sanda Russiýada geçirilýän ýetginjekleriň arasynda uly meşhurlyk gazanan «Altyn şaýba» ýaryşyna hem gatnaşar.

Häzirlikçe bolsa Türkmenistanyň hokkeý boýunça erkekler ýygyndy topary özleri üçin ilkinji Aziýa oýunlaryna gatnaşmaga taýýarlanýar. Sekizinji gyşky Aziýa oýunlary 2017-nji ýylyň fewralynda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçer. Aziadanyň öňüsyrasynda türgenlerimiz iň gowy buzly meýdançalaryň biri hökmünde tanalýan Minsk şäheriniň (Belarus) «Çižowka-arena» hokkeý meýdançasynda halkara okuw-türgenleşiklerini geçmegi göz öňünde tutýarlar. Bu ýerde 2014-nji ýylda hokkeý boýunça dünýä çempionaty, şu ýylyň ýaz aýynda bolsa ýetginjekleriň arasynda dünýä çempionaty geçirildi. Mundan başga hem milli ýygyndy toparymyz Halkara hokkeý federasiýasynyň guramagynda aprel aýynda Kuweýtde geçjek «Çagyryş kubogy» ugrundaky ýaryşa gatnaşar. Bu ýaryşyň topardaky oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Filippinleriň, Omanyň, Kataryň, Kuweýtiň, Hindistanyň hem-de Hytaýyň Ýörite dolandyryş etraby bolan Makaonyň milli ýygyndy toparlary bilen güýç synanyşjakdygy eýýämden mälimdir.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Kerwensaraýlar Yslam Dini Ýaýramazdan Has Öň Peýda Bolupdyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke Atçylyk Toplumynda Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy

Türkmen Türgenleri IV Yslam Raýdaşlyk Oýunlaryna Gatnaşmak Üçin Baku Şäherine Geldiler